Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SEN   ÝETIR

SEN   ÝETIR


Çölde galsam gurt-guş gonar läşime,

Gyrat,  meni Çandybile sen ýetir.

Çöl ýerlerde suwsuzlykda  galmyşam,

Gyrat,  meni Çandybile sen ýetir.


Gyrat,  aýak  galdyr  nalyň kakaýyn,

Dyzdan aşagyňa hyna ýakaýyn,

Agşam iýmiň berip, ertir bakaýyn,

Gyrat,  meni Çandybile sen ýetir.


Çandybile  az   galypmy  aramyz,

Hakyň takdyryna  nedir  çärämiz,

On sekiz ýerimden düşdý  ýaramyz,

Gyrat,   meni  Çandybile sen   ýetir.


Ýyndam ýöräp,  pirim, maňa  ýetewer,

Ýetip,  ýaramyza  melhem  edewer,

Goldaýyban,   Göroglyny  eltewer,

Gyrat,  meni Çandybilte sen ýetir.