Beýik dagyň başyndaky üç agaç —
Düýbi bir bolmasa, çatyp bolmaýar,
Dagda ýatan düýe ýaly daşlary,
Gol bilen göterip atyp bolmaýar.
Kelte diňden bolmaz beýik minara,
Ýaman heleý duşsa bir ýagşy äre —
Başyn kesip, ganyn döküp kenara,
Ýa öldürip, ýa-da satyp bolmaýar.
Il içinde seniň ulalsa,adyň,
Seni ýaman görmez ýakynyň-ýadyň,
Goluňda bolmasa bir gerek zadyň,
«Meniňki» diýip, başyn tutup bolmaýar.
Pakyrlar mal istär, baýlar zer diýer,
Ýekeje eşekliz atym-ner-diýer,
Dünýäge doýmak ýok, ýene ber— diýer,
Keňül maksadyna ýetip bolmaýar.
Her kim elin gerer pany jahana,
Saglykda şypa ber bu şýrin jana,
Bu dünýä bil baglan galar zyýana,
Dünýä dostlugyna bitip bolmaýar.
Magtymguly, pendiň alan bolmasa,
Nesihata gulak salan bolmasa,
Ýigit köňül söýenini almasa,
Dynç alyp, parahat ýatyp bolmaýar.