Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GELEMEN GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

BAGBAN EDEÝIN


Bagbanym bolaý diýseň,

Men seni bagban edeýin.

Täze bagbanym geldi diýp,

Men seni bagban edeýin.


Bu gün şunda baga geldi,

Başdan hekaýatlar kyldy,

Bagban babanyň şägirdi,

Men seni bagban edeýin.


Bir dem şu taýda eglengin,

Gamgyn  köňlümni awlagyn,

Täze çemenler baglagyn,

Men seni bagban edeýin.


Jennetiň misli hüýri sen,

Açylan gülüň biri sen,

Iki gözümniň, nury sen,

Men seni bagban edeýin.


Owazyň meňzär bilbile,

Yşkyňdan düşdüm bu ýola,

Bakjadaky täze güle,

Men seni bagban edeýin.


Seýr aderem bakjalary,

Aşykyň bolarmy ary?

Şasenemiň söwer ýary,

Men seni bagban edeýin.