Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

GALMADY


Leýli bilen Mejnun ötdi dünýäden,

Olardan at galdy, menden galmady.

Şirin diýip, Perhat ötdi dünýäden,

 Olardan at galdy, menden galmady,


Her kimsäniň yşkyn etdi zyýada,

Ýar-ýar diýip, näler gezdi dünýäde,

Ýusup hem Züleýha etdi uyrada,

Olardan at galdy, mendein galmady.


Keşt edip jahany, dünýäni gezip,

Seýpelmelek ýördi deňizde ýüzüp,

Medhalyn tapmady, umydyn üzüp,

Olardan at galdy, menden galmady.


Kimseler muhupbet şerabyn  içdi,

Ýar üçin baş goýup, bir ýola düşdi,

Şirin diýip, Perhat düňýeden geçdi,

Olardan at galdy, menden galmady.


Gül  bilen Nowruz hem derýada akyp,

 Hijr oduna  jany-jismini ýakyp,

Ýetdiler myrada, derýadan  çykyp,

Olardan at galdy, menden galmady.


Bir niçe aşyklar ýar üçin öldi,

Bir niçeler keňül söýenin aldy,

Her kimiň özüne laýyk at galdy,

Hemmeden at galdy, menden galmaday.


Sizler Garyp hem Şasenem bolar siz,

Bu dünýädn göterip galar siz,

Araňyzda Gülnahaly neýlär siz,

Sizlerden at galdy, menden galmady.