Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
BARA  BILMEDIM GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

GARA GÖZLERIŇ


Ýandyrdy janymy, ýakdy bagrymy,

Sürmeli şol gara gözleriň seniň,

Säherler yzlaýyp, ýollarda ýörsem,

Şekerden şirindir sözleriň seniň.


Yşkym zahyr boldy ulus-ilime,

Şum rakyplar düşdi meniň yoluma,

Gözlerimden akan ganly silime,

Gark olar guba gazlaryň seniň.


Ýarymy çagyrsam, bir bäri bakmaz.

Özgäniň ýagşysy köklüme ýakmaz,

Wepaly ýar ýaryn beýle byrakmaz,

Daşdan gaty eken näzleriň seniň.


Köýünde dolanyp, kähi oýana,

Yşkyňda bolup men däli-diwana,

Garyp aşyk bolmuş näzli juwana,

Öwrülip gelmezmi ýazlaryň, seniň.