Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
BARA  BILMEDIM GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

TÜNI  DERÝA


Alty aýlyk ýoldan gelip, ýol aşyp,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?

Meniň üçin hijr oduga tutaşyp,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?


Takatym ýok munda ýarsyz galmaga,

Ajal gelmez tenden janym almaga,

Şikeste halymdan habar bilmäge,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?


Meniň munda ýokdur ýarsyz kararym,

Hiç kim bilen bolmaz söhbet bararym,

Tirikligim, aýşym-hoşum, mydarym,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?


Meniň ýarym gitdi Halap-Şirwana,

Ygtykat etmedi  ähdi-peýmana,

Indi senden sorag salsam gaýbana,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?


Senem diýr,  pyraka tapmadym hile,

Taňrynyň haky üçin rastyňy söýle,

Ýar bilen ötende, akmazdyň beýle,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?