Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

ÝOK MENIŇ


Bir garyş oglandym bakdyň, bejerdiň,

Senden özge howandarym ýok meniň,

Enemiň ornunda gol süýdün berdiň,

Senden özge gam gusarym ýok meniň.


Munda dursam, zerre köňül hoşum ýok,

Munda tolum tutar deňim-duşum ýok,

Senden özge syrym aýdar kişim ýok,

Aglamakdan özge kärim ýok meniň.


Gel, meni sen ýetir Halap-Şirwana,

Munda gözüm düşer ýagşy- ýamana,

Ömrüm gülün berdim bady-hazana,

Könlüm istär dosty-ýarym ýok meniň.


Ýarymyň mazaryna uçup ýeteýin,

Ýar-ýar diýip, bu dünýäden öteýin,

Ömrizaýa ýyldyz kimin bataýyn,

Bu ýerlerde hiç durarym ýok meniň.


Senem aýdar,Garyp saldy-hijrana,

Indi ýol başlagyl Halap-Şirwana,

Şu gün ölsem, rehmim gelmez bu jana,

Tirikligne ygtybarym ýok meniň.