Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DAŞ GALDY

DAŞ GALDY


Maňa ýol bergil seriňden,

Ýa hajary seňgi-hara.

Saňa diýr men bu syrymdan

Sen derdime eýle çäre.


Saňa diýdim üşbu günde,

Ýolum alyp, kylma bende,

Ýar onda aglar, men munda,

Meni ýetir näzli ýara.


Eşit meniň ahy-zarym,

Köňlümden gitsin gubarym,

Saňa berdim ygtyýarym,

Goýma meni intizara.


Yşk derýasy joşar serde,

Çäre tapmanam bu derde,

Bir göwherem garyp ýerde,

Ýetebilmen hyrydara.


Ýol berse daglar başyndan.

Tahyr begiň göz ýaşyndan,

Zöhre gyzyň nalyşyndan,

Bolsa daglar para-para.