Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DURAN  ÝERLERE

DURAN  ÝERLERE


Şükür indi, ýar mekany göründi,

Gözüm düşdi ýarym ýören ýerlere.

Ýaryň bagy, gülüstany göründi,

Gözüm düşdi sonam duran ýerlere.


Babahan jebrinden nalalar çekip,

Gara gözden ýaşyn dür kimin döküp,

Ýaryndan aýrylyp, her ýana bakyp,

Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere.


Köşgünde «ýar!» diýip, zaryn aglagan,

Yşk oduna jiger-bagryn daglagan,

Şu sebäpli pelek bagtym baglagan,

Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.


Ýar onda mysapyr, men ýara bende,

Gözlerim kör bolsun hijran şebinde,

Tahyry uzadyp derýa lebinde,

Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.