Araz muhammed Şaeri ( ARAM )
Şahyryň çap edilmedik goşgulary.
Araz muhammed şaeri Aram (1933) 1312-nji Şamsi ýylda Kümüş depe-de dogulan. Araz muhammed, orta mektebi, Kümüş depe-de , Bender Türkmen we Kümmet kawus şähirlerinde okap, Mugallamçylyk terbiýe berýän ýörite okuwy( Daneş-sära ) tamamlandan soň, (1955)1334-nji, şamsy ýylda, ilki Mazenderanyň Şähsawar şährinde, soň bolsa Kümmet kawus-da mugallamçylyk edýär.
1336nji şamsy ýylyň Bähman aýynda dostlarynyň kömegi bilen „ Türkmen robagylary “ Din kitapçasyny „ Aram „ Parahat lakamy bilen halk köpçiligine hüdürleýär.
Araz muhammed merkezi hökümetiniň Türkmen halkyna garşy alyp barýan zalym hem ýygrenç , kemsitme siýasatlaryna boýun bolman, şol desläpden, oňa garşy çykyş edip başlaýar.
(1953 )1332-nji şamsy ýylyň 29-nji TIR aýynda , gatnaşan bir siýasy mitiň-de 22 sany Türkmen bilelikde Kümmet kawus ýarakly güýçleri tarapyndan tussak edilip, iki ( 2 ) ýyly zyndan-da we sürgünlikdegeçirýär. Zyndandan çykandan soň köplenç edebi meselelere baş goşup, bir näçe ýakyn dosty bilen klassik şahyrlary tanytmaga synaşýar.
Şahyryň Türkmen robagylary * atly eserinden* kä bir beýitler :
Säher wagty sen hiç barmadyň derýa |
Gördüňmi gögerip, ne aram derýa |
Bildiňmi, suw düýbi, ne gadyr gowga |
Sen ýene bil, men hem şol aram derýa. |
Şahyr mundan başga bir ýaş Türkmen ýigidiň hyýallaryny beýan edýän „ Arzu „ atly destan bilen „ Ata Sözler „ ýygyndasyny çap etdirmek arzwynda bolýar.Emma zalym pelek oňa maý bermän, şahyrymyzy iň diýen çagynda 40 ýaşyň içinde elimizden alýar.Araz muhammed ( 1973) 1352-nji şamsy ýylda , iş ýerinde Kümmet kawus-da ýagty jahandan ötýär.Onuň mazar daşynda öz goşan goşgusyndan şeýle setir gazylypdyr.
Yşk ýoluna jan satanlar, sag bolsun, |
Gam ýolunda daş atanlar, sag bolsun, |
Indi önüp-ösen balalar, bizden, |
„ Aram „ diýip at tutanlar,sag bolsun. |
Şahyryň “ Türkmen robagylary “ kitabçasynda çap edilmedik goşgularyndan kä bir parçalar :
Bu bäş günlik ýaşaýyşda ne hoş geçer ruzegärim, |
Az ömrümiň dört paslynda, ne gyşym belli, ne baharym. |
. |
Ýürek bir mähire eýeleşip, derdi ýatdan çykarmaga, |
Ne aldygyç salgynym bar, ne aý ýüzli bir nigärim. |
. |
Ýaşan mekanynda her kim , mesken gylyp delbend oňa, |
Karar edip tukatmaga, ne mülküm bar, ne dyýarym. |
. |
Ýoldaş somak bir niçäniň, ne öňi belli, ne yzy, |
Arasynda ýaşamaga, ne sabrym bar, ne kararym. |
. |
Ýürek ilki howasyna ýetişmänsoň, osýan eder, |
Tugtatmagyna bir dem ony, ýetişmeýär ehtyýarym. |
. |
Geljeklerden ýürek üzüp, häzir zamana bakmany, |
Geçene hoş bolaýyn diýsem, ýokdur hiç hoş ýädigärim. |
. |
Hoş nagmalar dodaklara bigänedir, bigänedir, |
Ötginli gamly gazallar meniň ýarym, meniň ýarym |
.. |
Oňşuk gitar-imiň çeňi hoş sime, ýegmäni ýetdi, |
Oňşuk digir, men astynda, däne bolup syndy tarym. |
. |
Ne kalbymyň aramy bar, ne köňlümiň janany bar, |
Bir ömrümiň hasylyndan, tenha gam-dyr, her ne barym bar. |
. |
Dostlar başy, kä bosgun, kä jem bolar, |
Wepalary hiç, ýa bolsa kem boldy, |
Emma meni hiç terk etmedik, |
Wepaly ýoldaşym, tenha gam boldy. |
. |
Berdi maňa zäherli jamy dünýä, |
Aldy menden ýagşylyk namy dünýä, |
Şum jam bilen, şol nam bilen, men ýene, |
Mahul öwrüpdirin penjämi dünýä. |
21-nji MEHR 1339
|
* * * * * * * * * *
Eý ýüregim, ne habar sen diwana, |
„ Sylanmak „ diýip oda salypsyň jana, |
Meger bilmeýäňmi, häzir zamana, |
Sylamak manysy , bolup afsana. |
. |
Kimse bildi meni ynsanyň sanyna, |
Kimse goýdy meni şeýtanyň ýanynda, |
Kimse saýdy meni özünden kiçi, |
Kimse mençe bola bilse armanda. |
. |
Oň gözünde peri leştasan men, |
Muň gözünde, bilmeş-hä şeýtan men, |
Hak gözünde, ne peri men, ne şeýtan, |
Belki sizler kemin, dertli ynsan men. |
. |
Bir tenimde meniň, bar iki ynsan, |
Göýä biri perişte, biri şeýtan, |
Biri moti halka, biri azada, |
Köňlüm haýsa moti bolmagyna haýran. |
Ak muhammed görgenly
|