SENIŇ ADYŇDA Dünýäň bar derýasy seniň adyňda, Iňrigi, şapagy, ýagyşy, gary, Meniň yhlas eden zatlarmyň bary Seniň adyňda, Seniň adyňda. Ýüzüni öpenim, Tohum sepenim, Bu dünýede ýitirenim, tapanym. Topragym! Gam-gussam seniň adyňda. Sen bolmasats, oňat bordy dogmanym, Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym, Tylla gyryndysy edip ýygnanym Namysym, mertebäm Seniň adyňda. Seniň päk adyňda görki bu dünýäň, Ylaýym sarsmasyn örki bu dünýäň. Dünýäniň mukaddee ähln zadyny Jemländen soň, Seň ajaýyp adyňy Bir ullakan wysal, Uly ynam dek, Doga kimin gaýtalaýan her gezek. |