Baglaryň üstüne gonanda agşam Baglaryň üstüne gonanda agşam, Gapyňyz kakylsa, açyň edepli. Ol neçün gelipdir? Niçiksi gepli? Ýüregin gaplapdyr niçik gaýgy-gam? Duýarsyňyz: Ýüreginiň üstünden, Bir tukatlyk gödek ädip barýandyr. «Meňki dogry ahyr Adalatly men» Myhman size melul-melul garýandyr. Goldaň şeýle adam gapydan gelse. Ýüregiňizi ele alyp goldaň siz! Ýöne bir ýarasyz daňyly bolsa, Onuň agyrsyna şärik bolmaň siz! |