SÖÝÜŇ ÇAGAŇYZY Söýüň çagaňyzy! Söýmekden armaň. Säherler oýanyp öpüň bir salym. Eline tutduryp ullakan alma, Pata berip, uzak ýollara salyň! Gorkmaň! Olar näçe daşa gits-de, Gelerler, Eşitse çagyrýanňyzy. Bir dilegim: Şatlyk bilen gussada Oňatlyga ündäň çagalarňyzy! Utanmaň! Gizlemäň .ýüzleriňizi, Dymmaklygy, Ýygralygy owradyn! Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi, Çagaňyza aýtmaklygy öwredin! Ýögsa käte bilýärisem öňünden, Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs: Ilki dymyp, geçip onun deňinden, Soň Tankyt edere adam döredýäs. Ýök! Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu, Islämzok adamyň peselenini. Ýöne ownuk işde unudaýýarys Döwrüň iň agyrly meselelerni. Synlaň çagaňyzy: işe gümramy, Ýa-da onuň edýän işi galatmy, Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar, Siz öz söýgiňizde boluň gazaply. |