Gadym goja Arhimed Gadym goja Arhimed, Etdi dünýä merhemet. Ol tüýi agaran arryk gursagyn, Gulaklaryn, kellesin, tirsegin Ýuwmaga derek Emaý bilen suwa çümdi-de çykdy. Çykdy-da, ol bar Ýunana jar çekdi, Adamlary müň alada goýdy ol: “Ewrika! Ewrika! Tapdym” diýdi ol. ...Ol suwlar müň gezek galdy asmana, Müň gezegem indi zemine sary. Adam suwa düşüp geldi heýjana» Ýöne Tapdym!» diýip çykmady bary. Tapmanlary üçin gadym goja dek Bolmaz adamlara günä ýüklemek. Ýöne başga zada geň galmak gerek, (Olar muny nädip, Neneň başarýar?) Suwdan çykyp, «Tapdym!» diýmäge derek , Suwdan rury çykýan jadygöýler bar! Arhimediň taglematy bireýýäm, Sowatly adamlaň baryna aýan. Ýöne adam ogly pekir öwürip, Muň alade guýup birek-biregi, Düşünenok suwdan gury çykýana. Ine şudur Soraglaryň soragy… |