GAPLAŇ Haýwanat bagynda demir kapasa, Demir kapasada gaplaň ýatyrdy. Gyzyl gözlerinden akýan damjalar Murtunyň ujunda asylyp durdy. Şäherli adamlar onuň ýanyna Getirdiler daýy, ýeňňelerini, Bu zatlardan bizar bolan janawar Ýatlardy Afrikaň jeňňellerini. Juwan günlerinde gara gijeler Gözleri ot bolup ýanan bu merdan Iripdi, iripdi gelim-gidimden. Onuň dynç alasy gerdi bir meýdan. Diňe agşam duşüp ýapylanda bag, Garrylygyň derdi bersede jepa, Zordan uka batyp, agyr düýşünde Ýene-de giderdi Afrika baka. Süýji-süýji arzuwlardan, hyýaldan Eerninden şepbik suw akar giderdi. Ýaýdan çykan peýkam kimin atylyp, Awuny gan bilen tamam ederdi. Erkindi. batyrdy, Diýseň güýçlüdi. Güýjüniň çeşmesi. egserdei kändi. Kynçylyk. Kynçilyk. Çar ýan kynçylyk Ol kynçylyk üçin dörän haýwandy. Ýöne gijeleňem öz serhedi bar, Şol serhetdi onuň tükenmez derdi. Gözün açdygy bes: juwanlygyndan Ýene gojalygna gaýdyp gelerdi. Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi Adam gözleriniň doňaklygyna, Geň galyp, geň galyp bakardy hemme, Ýesiriň geými dek zolaklaryna. Şol gözleň her biri peýkama dönüp, Başlardy on jiger-bagryn ýakmaga. Ol ýygrylyp, giň görüp öz hamyny, Utanardy şol gözlere bakmaga. Guýrugy ýamzynda. Gulagy salpy. Gözleri ýumukdy. Tutukdy ýüzi. Batyrlygyň ejizlige öwrülşin Görüp, adamlaryň çygjardy gözi. Aňyrda gaplaňam ses-siz aglady. In soňky mertligiň gözýaşa öwrüp, Gaplaň derisinden çykan galpaňy Giň kapasa barýa gysyp-ýuwuryp. Şol günden soň gijemi, ha gündizmi Gaplaň bar wagtyny aglap ötürdi. Şeýdip, ejizligiň başlanan güni, Şol gaplaňiň gaplaňlygy gutardy. |