GOJA B, Kerbabaewe, Ol juda arkaýyn, Äwmän barýardy, Märekäň içinden, ýatladyp toýy. Şemal baga çykyp, saçyn darýardy, Çünki oň boýundan gysgady boýy. Dagyň bir bölegi! Bölegem däl-de, Dagyň özi ýaly parasatlydy. Deňinden geçenler biraz saklanyp, Oňa baka-baka, köňül şatlady. Göge alma atsaň ýere gaçmajak Märekäň içinden äwmän barýardy. Agras, Ynamlydy ädim uruşy, Kä başyny atyp. Kä ýylgyrýardy. Daýaw egni bilen ýol arçaýardy, Çal başyna degip, beýgelýär asman. Paýhasyn özi dek äwmän barýardy, Hemem nämüçindir, elmydam juwan. Näçe materigi, ýurtlara ,sökdi, Tanyş oňa goja dünýän dört çeti. Ýöne göbek gany saňen ülkäni, Ine, şeýdip, Ädim bilen ölçedi. Howlukmady, Äwmän, paýhasly ýördi, Ýol-ýodalaň batgasyndan-gumundan, Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp Göwün açman bir gamgnyň deňinden. Ine, durdy, Şlýapasyn çykardy. Eli bilen gözün günden gorady. Bir ýigdekçe geçýip barýan zenandan: Aýtsaňyzlaň, kim ol? diýip sorady, Zenan guwanç bilen goja seretdi, Tanýandygyn bagt saýyp şo bada. Ähli dilde, Ähli ýurda düşnükli, Örän gysga hemem örän düşnükli Jogap berdi: Kerbaba... |