GÖZLEG Durmuş misli gözýetin, Gözýetimiň çägi ýok. Men elmydam gözledim. Gözlemegiň çäga ýok. Näçe ýol bar, ýodalar, Beýiklik bar, çuňluk bar Emma ýürek ot alar, Seniň, seniň nemäň bar?, Çagyr meni, gozýetim, Agyr işe baş goşdum. Öz ýodamy gözledim, Öz ýodamdan daş düşdum. Döwýänleri söýmeýän, Göripleri has beter. Diýýärler: «Seň gözleýän ýoluň nirde ahbetin?!» ...Kyn pursatda kimde-kim (Parhsyz goža, gözelmi), Unudyp özge zady Alsa ele gazalmy. Begenjini sözlese, Gynanjyny sözlese, Goşgym bilen gürleşip, Dedeşini gözlese. Özi üçin bir ýerde, Ýatman uzak gijeler, Bilse galýanmy derde, Ylham joşar, güýç alar. Derde goýup, igeläp Göripleriň toparyn, Kyn gününde adamy Men gözlärin taparyn! Diňlär meni şäherler, Diňlär mena obalar. Ine, meniň çuňlugym, Beýikligkm şu bolar! |