ILKINJI GAR Ýer nirde? Gök nirde? Bilip bolanok, Baky ilikinji gar ýagýardy ýene. Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok. Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere. Jaýlar, pyýadalar, awtobuslaram Ilkinji gar üçin şadyýandylar. Keýpihonlar näme, sussupeslerem Bary şu gar bilen ýaşaýardylar. Asman altyn açaryny aldyryp, Gar däl, ýyldyz dökýän ýaly bu taýa, ....Paltosynyň ýakasyny galdyryp, Ýigdekçe barýardy wadaly jaýa. Ilknnji söýgüsi ýumşakdan-ýumşak Ilkinji gar bolup inýärdi gökden. Gar onuň ýoluna boljakdy düşek, Ýöne düşeklige ýetişenokdy. Ilki ýeriň, soňn asmanyň zürýade Geçip bilmän ýylylygyň deňinden, Ilkinji gar, pagyş-para erýärdi Ýüzleň, elleň, ýerin ýyly deminden. Bu gar birinji däl.. däldi müňünji. Ol ýyllaň hasabyn undup ýagýardy. Ol kimiň birinji, kimiň ýüzünji, Kimiň bolsa, on ýedinji garydy! Şu gar üçin göwünlermiz ynjaldy, Geçenem, geljegem jem boldy bizde, Dünýede hemme zat ilkinji boldy Garam, Bagtam, Gaýgy-hasrat, hoş söz-de. Maşynlaryň öl köçeden barşyny, Beýik penjireleň akja perdesin, Gögüň dynman elek eläp durşuny, Bagşyň barmak basan şirwan perdesin. Öňler müňläp kişi görenem bolsa, Duýanam bolsa, müňlerçe ýürek, Olary, hut ýaňy dörän mysaly, Görup bilmek gerek ilkinji gezek! Aýlan sen, pyrlan sen, bolmasyn ünjüň, Gyz ädimi bilen düş ýere sary, Öten ýyl ilkinji, Bu ýyl ilkinji, Soň ýene ilkinji müdimi garym. |