KÖNE KART Penjiräň öňünde bir owadan gyz, Ýaryny ýat edip, gam çekýär ýalňyz. Köne kart sakawlap aýlanýar çetde: «Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz, Gam çekme!» Gijäniň içinde goýup kümüş yz, Garagol ýapjagaz akyl ýatyr tiz. Uzakda ikatýok çotuny kakýar; Çypar aý asmandan zemine bakýar. Bu tüýdügiň sesi eşdilýär nirden? ...Bu gije durşuna Rehmet Seýidow. Gyz dessandan gelen gara gaşy ýaý. Ýüzleri diýjekmi aýa ogşaýa! Öňde döwrümizden bir alamat bar: Köne kart sakawlap aýdym aýdýar. Bu garagol ýigit, süýji söz ýigit, Aý dodagy kimin gyzyl gül ýygyp, Gelmez yz ýanyna, aýnany kakmaz, Gyz gussa batypdyr, bu gije ýatmaz. Köne kart sakawlap aýlanýar çetde; «Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz, Gäm çekme!» Erte agşam hemmeler taýyna duşar, Aý Güne, Gün bolsa Aýyna duşar. Emma ýigitleriň arzuwy bu gyz, Penjreden bakar oturar ýalňyz. Uzyn barmaklarda ýadygär ýüzük, Ýigit haýsy köld-e ýörýärkä ýüzüp? Oturşy ýüz gazal, turşy muň gazal, Ak jaýyň içinde aýlanýar gözel Köne kart sakawlap aýlanýar çetde: «Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz, Gam çekme!» Pahyr köne kartyň sesi gyrlypdyr, Emma gyza şol teselli berip dur. Ah, köne kart, ah, köne kart, köne kart, Sen türkana gop bermekçi köne kart. Ýöne düşün ahyr, bu ajaýyp gyz Gam laýyna batyp aglanok heniz. Uzakda ikatýok çotuny kakýar, Çypar aý asmandan zemine bakýar. Nirede gam-gussa, nirde doňaklyk, Bu aý aýdyň gije juda oňatlyk! Gyz ýene tolgunýa, juda tolgunýa, Düşün-ä, şne köne kart, toý güni gelýä. |