KÜTEKLIK Durmuş kämil dälmi? Ýa-da adamlar?! Ýygnaklarda orta atylsa teklip, Ähli ýitilikleň örküne agzy Synan palta bolup urýar küteklik. Haýran galaýmaly! Nirede bolsun, Ol ýitýlik bilen geçir sözüni. Ýok. Küteklik kesip bilmäni üçin,, Ýykyp-ýumrup, ykrar eder özüni. Ol şeýle başarjaň, şeýle bir ussat, Umuman, öňünde durmak juda kyn, Walla, gür tokaýa taşlaýsaň, Şonam Kütekligi bilen çapmagy mümkin. Önde-soňda düşünmeli ahyry! (Muny wagtal-wagtal boýnam alýarys) Ýitiligi ulanmaly wagtymyz Kütekligi aýlap-aýlap salýarys. Ol saňňy dişlerin syrtardyp çala, Haýbat atanynda kötekli güne, Oturanlar duýman elini çarpar Onuň örän ýiti kütekligine. Ol özüniň kütekligin bilmez hiç, Bar bolsa-da şu gürrüň bar tarapda Mundan uran kütek gyljynyň ujy Nämüçindir şaňlar durar arapda. Emma kütekligiň bir täleýin bar: Ol sapyndan sypar gider iru-giç. Ýöne hyjuw bilen kütekligini Ykrar eder ýere düşerne deniç. |