MÄREKE Öz işine gümra gadym giň jahan Käte gam getirer, käte hemaýat. Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz; «Öýkeni giňär!» diýp.güldi jemagat. Ýýgrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar. Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy! Şonda ol gözelin ikinji sapar Owadan gözlerne duman aýlandy. «Aýu, Tula, begenjiňe aglaýaň!» Diýip, ýomak atyşdylar gelinler. Entek nämäň-nämedigni aňmaýan Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler. Soň ýene aý ötdi.Ötdi köp bahar. Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady, Şonda şol gözelmiz üçünji sapar, Soňky sapar için tutup aglady. Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada. Diýdi, il ýene-de juda sogduryp: «Maşgalada öýke-de bar, kine-de!». Paşmadyk umytlan gizläp ahyny, Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy? Sen aýt, märeke, aýt ahyry, Saňa biperwaýlyk endikmi, kärmi ?. Neçün ýagşylyga ýorýaň agyny? Seniň üçin hemmeje zat gül ýaly. Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny Aglanlaryň oňatmyka ykbaly? Hemme kişi bagtly güne aglanok, Adam diýen gülenogam hesretden. Eý, märeke, hiç düşünip bilemok, Mähirlimiň? Gaharlymyň? Näme sen?. |