ORAK


Iňrik garaldy-da, ýyldyzlar ýandy,

Hemme zat parahat dem alýar  Indi.


Gündiz bugdaý orlup, joş uran ýer hem,

Gara  şalyn egne atypdyr bu dem.


Gijeler ne gözel söýgüli maýda,

Gökde egri orak  mysaly  Aý-da.


Bugdaý orlan ýere hyrydar bakýar,

Hem  ol  gussa  bilen  şeýle  ah  çekýär.


Düşsedim boşlukdan,  ah,  şol ýere men,

Orardym bugdzýy tä daňdana çen».