SAG  BOL,  DURMUŞ...


Sar  bol,  durmuş!

Sag bol   bereniň  üçin.

Şükür,  saçagymda.   kemenok   çörek.

Ýöne  adam

Çörek   bilen   adam   däl,

Oňa   başga-da   kän,

Kän   zatlar   gerek.


Sag   bol,   durmuş!

Sag   bol   bereniň  üçin,

Ýagyşlaryň   üçin,  garlaryň   üçin.

Ýöne   ýagyş,   gara  juda   höwrügip,

Adamyň   hasratdan   ölmegi   mümkin.


Sag  bol,  durmuş!

Sag   bol   bereniň  üçin.

Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň,

Ýöne  ýaryň  saçyn  ýassyk edinip

Ýatmak gylygyna syganok merdiň.


Dahana   sez berdiň   waspyn   diýere,

Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp,

Dost  kyn  gunüň gerek.

Duşmanam   berdiň.

Şat  günümde   aglap  biljek   ajaýyp.


Saglyk berdiň, duýgy  berdiň köňlüme,

Dözdüň   meni   gyşyň   aňzak  ýeline,

Şu  zatlaryň  zşagyndan  çyk diýip,

Iň soňunda  galam  berdiň elime.


Bu  baglaryň göwi,

Egri  hatary,

Gülleriň,  günleriň  müň  hili   reňki

Adamlaryň sary   aýralyklary,

Elwan   duşuşgy — bary   meniňki.


Gije-gündiz galamymy oýnatdym,

Habar  sorap  gülden, ýagyşdan, guşdan

Aşagyndan   çykar  ýaly   däl  eken,

Kän   zat  alan  ekenim   men  durmuşdan.

Ýöne  neçün

Mende  kinäň  bar   ýaly,

Berenlerňi   alýaň   ýuwaş-ýuwaşdan?

Ýa-da  onuň  bolmalysy  şeýlemi?

Eýýäm   aýra   düşdüm   inçs  deň-duşdan.


Atyň eýerinde  tans oýnaýyn,

Ýolbars   deý   böwseýin   oduň  halkasyn,

Köp   zat  berdim   diýip   gynama   meni.

Berenleriň  üçin   taňryýalkasyn.


Pursat ber,  howlukma,

Gyssama   meni,

Älemgoşaryňa  bir  gaş kakaryn,

Önümde ak kagyz.

Elimde   galam.

Menem   bir  gün  bergilemden  çykaryn!