ŞÄHER. DYNÇ GÜNI. SÄHER Säher bile şäherime çykýaryn, Ol günden däl, ol ýüzlerden ýap-ýagty. Köçelerem ýagty aýna mysaly. Agşam ýagyş ýagdy. Juda köp ýagdy. Adamlardan hyň berip dur awtobus, Ýegşerilip barýar, çygynyp barýar. Kiosklaň öňi giden märeke. Märeke - gazýete nobata durýar. Açyk penjirede! ikinji gatdan Ýaňlandyrýar bar köçäni „Gözel ýar“. Bir jenanam agşam ýanyna girip, Säher diri ýiten ýigdi gözleýär. Başga biri saçyn döküp egnine Ýençýär gaýgyrman gara roýaly. Näzik dodaklaryn dişläp, ýençýär ol, Weli Muhadowda ary bar ýaly. Bitaý geýen köwşi bilen ýer dyrmap, Fizik professor, aljyraňňy är. Unudyp lektsiýa, seminarlary, Dynç gününi, Dynç gününi diňleýär! Adam sili iki-ýana urunýar, Ýüzlerinde, gözlerinde gussa ýok. Olar juda meňzeş biri-birine, Olar juda biri-birine meňzänok. Oňat adamlary söýýän ýürekden, Bilýän, bu akymda erbetleň baryn. Ýöne oňatlaryň içine garyp, Bu dynç güni men olaram söýýärin. Goý, güňlesin ýurt üstünde bu asyr! Hem diňlesin ýürek bile dynç güni Bu adamlar dynç almagy söýýärler, Bu adamlar gorarlaram dynçlygy! |