TOPRAGYM Seniň duzuýa iýdim, nanyň iýdim. Galplygam etmedim, Hudaýa şükür. Käte göge galdym, kä gökden indim, Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şukür. Ilkinji sözümi senden başladym, Duzuňy syladym ýalan ýazmadym. Diňe seniň gyşyň bilen ryşladym, Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym. Ýitirenmi sen goýnuňda ýitirdim, Tapanymam sen goýnuňda tapdym men Sen bolaňson dünýe akyl ýetirdim Onuň ähli peslik, şatlygy bilen. Hol, gaýanyň eteginde oturan Bagyň deňesinden gabytly geçdim. Ýene bir gün, gökden sowulyp dumaw, Şol bagyň düýbünde al şerap içdim. Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen, Sen seretsem, öňki süňňüm ekeni. Çalyşman daş ýurdun gülleri bilen Aýakda yz goýan seniň tikeniň. Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş Ýollaryň ak bolsun. uzaga gitsin, Baky uka batsam bir gazaply gyş, Seň goýnunda ýatmak miýesser etsin! |