Säher turup..... Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy, Päkliginde bolup bilsen şonça bol. Sen sanama gara saçyň agyny, Sen sag-aman öreniňe monça bol. Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk, Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol. Şat günleriň köp bolmanna gynanma, Şat günleriň bolanyna monça bol. Goňşyňy gozgama, göçmesin gonşyň, Goý, öçmesin sen ölçerme oduny. Aýaklaryň ätjek ädimin äder, Göreçleriň görer görjek zadyny. Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni, Giňliginde bolup bilseň şonça bol. Bu dünýäne mahsus ähli zatlaryň Senden sowlup geçmeýänne monça bol. Erbet bor bu baglar geçse deňiňden, Bu ýagyşlar seniň uçin ýagmasa. Bagy ikiýana bulanda tupan, Zerur çygy gül ýüzüňe degmese. Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden, Durnalaryň ýyllar kimin hatary. Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň, Çözülen hem çözülmeli m a t a l y . Şoň üçinem syl ýüzüne dünýäni, Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et, Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryn Senden sowlup geçmeýänne şükür et. |