I. Etrek-Gürgen türkmenleri babatda Eỳran, Hywa we   Russiỳa döwletleriniñ ekspansiỳasynyñ güỳçlenmegi.

XVIII-asyryñ 20-nji ỳyllarynda Sefewileriñ dinastiỳasy dargap ugraỳar. Eỳran birnäçe hanlyklara bölünip, tagt we täç ugrundaky göreşler ỳitileşip başlaỳar.

Şol çaknyşyklarda “Tahmaspguly” lakamy berilen owşar türkmenlerinden bolan  Nedirguly Serdar üstün çykyp, 1737-nji M. ylda tagta eỳe bolỳar. Ol köp wagt geçmänkä, bir uly imperiỳa gurnaỳar. Nedir şanyñ alyp baran agresiw syỳasatlary, talañçylykly çozuşlary halk arasynda närazyçylyk we uly gahar-gazap döredỳär.

Türkmenleriñ ilkinji uly gozgalañy Eỳran patyşalygynyñ zulumyna garşy 1743-nji M. ỳylda bolup geçỳär. Muña türkmen taỳpa-tireleriniñ köp bölegi gatnaşỳar. Türkmenleriñ Eỳran şasy Nedire garşy göreş alyp baran uly toparyna Keỳmir Kör meşhur ỳomut serkerdeleri Muhammedaly uşak, Begençaly serdar dagy ỳolbaşçylyk edipdir.

XIX asyryñ ikinji ỳarymynda we XX asyryñ başlarynda türkmen edebiỳaty umuman jemgyỳetçiligiñ syỳasy-medeni şertlerine görä, bütinleỳin şol döwrüñ durmuşynyñ dürli pudaklaryna degişli täsir bilen, halk arasynda ỳörgünleşipdir.

Bu döwürde jemgyỳetiñ urug-taỳpa görnüşi, çarwaçylyk ỳaşaỳşy, milli-syỳasy, taỳdan birigmek we oturymlaşmak prosesi eỳỳäm emele gelipdir. Şeỳle ỳagdaỳ çeper-edebi eserlere hem öz täsirini ỳetiripdir. Edebi dörejilik işi adamyñ ruhy iỳmitiniñ çeşmesine öwrülip başlaỳar. Edebiỳatda realistik tendensianyñ iñ bir äşgär ỳüze çykan alamatlary hökmünde harby-watançylyk mazmundaky eserler döräp ugrapdyr. Gürgen Deştiniñ mest topraklary we Etrek etraplarynyñ süỳji suwly boz meỳdanlary, Hazar deñziniñ bereketli ỳyly şemallary we ỳene-de Güllidagyñ gülli boỳagly ter çemenli ỳaỳlaklary, XIX-XX asyr şahyrlaryñ döredijik ylhamyny ganatlandyryp, olary öz ỳurdunda garaşsyz bolmagy we kesekä bakna bolmasyzlygy ündäpdir. Magtymgulynyñ “Gürgeniñ” atly goşgusy biziñ bu pikirimizi tutuşlygyna tassyklaỳar:

Öñünde belent dag, serinde duman,

Deñizden öser ỳeli Gürgeniñ.

Bulut oỳnap dolsa çaỳlara baran,

Akar boz-bulanyp sili Gürgeniñ.

* * *

Ýigitler tirme-şal guşar biline,

Ýorga münüp, tarlañ alar eline,

Ak göwsüñ biỳr jeren deñiz ỳeline,

Mäleỳän marally çöli Gürgeniñ.

* * *

Magtymguly, ilden-ile aralar,

Hijran tygy bilen bagryn paralar,

Golun sallap maral gabak periler,

Iner olumyndan däli Gürgeniñ.

* * *

Magtymguly Pyragynyñ wasp eden Gürgen derỳasy

Şular ỳaly mysallary Magtymgulynyñ dörejiliginden islendigiñçe getirmek mümkin.

Zeliliniñ “Gürgene gideli”, “Salam Seỳidi”, “Guçan ỳerleri” atly köp sanly goşgulary şol döwür Eỳran türkmenleriniñ umumy ỳaşaỳşy we medeni derejelerini görkezỳär.

Şu ỳerde şeỳle bir aragatnaşyk hakda aỳdylsa örän ỳerlikli bolar. Seỳdnazar-Seỳdiniñ Hywa-Buhara emirleri bilen ylalaşman Etrek-Gürgen etraplaryna pena isläp gaỳdyşy, bu ỳerde oña Zeliliniñ hossar çykyşy edebi çeşmelerden mälimdir.[1] Diỳmek, Demirgazyk Türkmenistanyñ halkynyñ öñdebaryjylary Günorta Türkmenistany ỳagny Etrek-Gürgen türkmenleriniñ arasyny özüne howpsuz hasaplapdyrlar. Muña Zeliliniñ “Nyşan Seỳdi” atly goşgusyna güwä geçỳär:

Hat ỳollamak, unutmazlyk ỳatlaşyp,

Aỳralyk bir dag-düwündir gatlaşyp,

Gürgeniñ boỳunda toỳ-toỳ artlaşyp,

Ýene sürsek bile döwran, Seỳdi.

* * *

Ata-baba geçen jaỳlary görseñ,

Gürgenden nan iỳsem, Etrekde ỳörsem,

Degmeseler, at üstünden bir barsam,

Hiç bolmasa etsem seỳran, Seỳdi.

* * *

Gezer bu Zelili örtenip, bişip,

Bardy niçe aỳrylanlar gowuşyp,

Öten bahar Kese-Arkaçda sataşyp,

Hany etdik ähdi-peỳman, Seỳdi.

   * * *

Ýokarky bentlerden añlanylyşyna görä, şahyryñ öz önüp-ösen ỳurduna bolan söỳgüsi diỳseñ çäksiz.

Zelili “Watanym seni” diỳen goşgusynda özüniñ Eỳran türkmenleriniñ arasynda önüp-ösendigini we ol ỳurda bolan mährini görkezip şeỳle beỳan edỳär:

Ýürek telwas eder, göterler serim,

Köñül arzuw eỳlär, watanym seni,

Etrek-Gürgen, ỳurdum, gezen ỳerlerim,

Köñül arzuw eỳlär, watanym seni!

* * *

Tanytmaz, barabar garyby, baỳy,

Hiç kişi kişiden bolmaz tamaỳy,

Ekseñ gyzyl biter, kemdir jepaỳy,

Köñül arzuw eỳlär, watanym seni!

* * *

Etdiler Ýusupny Müsüre soltan,

Diỳdi: Bolsam ỳegdir bir guly Kengan,

Ýurdundan turmasyn hiç bir musulman,

Köñül arzuw eỳlär, watanym seni …*

* * *

Ýokarky mysal getirilen goşgy bentleri ilerki we gaỳraky Türkmenistanda ỳaşaỳan türkmernleriñ bir watanda ỳaşap, bir howadan dem alandyklaryny görkezỳär.

Zeliliniñ “Degmeseler, at üstünden bir barsam” diỳen setirlerinden mälim bolşuna görä, Seỳdidir Zelili şol döwürdäki daşky güỳçleriñ zulumyna garşy ata çykyp, göreş alyp barypdyrlar. Şol söweşleriñ birinde-de aỳra düşüpdirler. Bu hili ỳagdaỳ has soñraky döwürlere çenli dowam etdi. Onuñ gözbaşy bolsa baryp añyrky asyrlardan gaỳdỳar. Mysal üçin, “1723-nji ỳylda Pỳotr I Bakuwy alỳar. Şol ỳyllardaky Rus-Eỳran şertnamasyna laỳyklykda, Gürgen etraplary hem Ruslaryñ gol astyna geçỳär”.[2]

1816-njy ỳylda Hywa hany Muhammet Rahym Etrek-Gürgen sebitlerine ỳöriş edỳär. 1826-1828-nji ỳyllarda Russiỳa we Eỳran döwletleri biri-biriniñ garşysyna uruş alyp barỳarlar. Türkmen kethudasy Kyỳat han Russiỳanyñ tarapynda durup, Eỳran patyşalygyna garşy hereket edỳär. Ýene-de 1833-nji ỳylda Eỳran feodallary Saragty basyp alỳarlar.

“1836-njy ỳylda Eỳran patyşalygy Etrek-Gürgen Türkmenleriniñ garaşsyzlyk hereketiniñ öñüni almak üçin, Orsỳet patyşalygyndan deñiz üsti bilen kömek bermeklerini soraỳar. Eỳran hökümeti ruslaryñ Hazar deñziniñ Günorta-Gündogar kenarlarynda deñiz bazasyny gurnamaklygyna özleri üçin hemişelik bähbitli bolar diỳip düşünỳärdi. Ruslar bolsa, 1841-nji ỳylda Aşyradany öz gol astyna geçirỳärler. Eỳran patyşalygy Ruslaryñ basypalyjylyk niỳeti bilen Aşyradany alandyklaryna göz ỳetirỳärler. Emma ruslara garşy hiç hili hereket edip bilmän galỳarlar”.[3]

Elbetde, Eỳran patyşalygyna şeỳle garaşylmadyk basypalyjylygyñ gerek bolmaşy ỳaly, Eỳran döwletiniñ hötdesinden gelip, parahat ỳaşap oturan türkmenlere has beter gerek däldi, Şonuñ üçin türkmenler ruslaryñ bu hereketiniñ garşysyna söweşe girişdiler.

Syỳahatçy alym Leỳdi Şeliñ öz “Ýatlama (خاطرات)” atly eserinde ỳazyşy ỳaly: “1851-nji ỳylda türkmenler ruslaryñ däpleri esasyndaky taỳỳarlanan bir mynasyp pursatdan peỳdalanyp, öñünden pylanlaşdyrylan dilleşmeleri bilen olaryñ üstüne çozỳarlar. Ol şeỳle tertipde geçipdir: ỳagny, ruslar 40 günlük agyz beklemeden soñraky uzakly “lent” gününden soñ, agşam baỳramçylyk guraỳarlar.( Hristiỳanlar 40 günlük agyz beklänlerinden soñ, iñ soñky güni “Lent”  güni diỳip atlandyrypdyrlar.). Şol gije ruslar arak-şerap içip, serhoş boluşyp otyrkalar, türkmenler öz gaỳyklary bilen adanyñ kenaryna baryp düşỳärler we olaryñ üstüne hüjüm edỳärler. Ruslar bolsa, gaflatda galỳarlar. Käbirini öldürỳärler, köpüsi ỳaralanỳar. 15 sany aỳal-erkeklerini bolsa, özleri bilen ỳesir edip oba getirỳärler.”[4]

Az sanly ỳarym ỳaragly türkmenler tarapyndan beỳle uly işleriñ ỳerine tirilmegi ruslary örän masgara ỳagdaỳa salỳar.

Şol wagt ruslar bu wakanyñ amala aşyrylmagyny Eỳran  döwletiniñ yardam etmegi bilen bolan mesele hökmünde kabul edỳärler.

Şol waka barada Saỳks şeỳle diỳỳär: “Bu waka boỳunça Orsỳediñ wekili, patyşanyñ doganyny Mazenderanyñ häkimliginden boşadylmagyny talap edỳär. Emir Nizam (Emir käbir) ilki bu islegi adalatsyz hasaplap, oña garşy durỳar. Emma Orsỳediñ bu mesele boỳunça örän berk durmaklygy, Eỳrany bu talaby ỳerine ỳetirmäge mejbur etdi”.[5]

Abdureza Huşang Mahdawy bu waka barada şeỳle beỳan edỳär: “1851-nji ỳylda türkmenler Aşyrada hüjüm edip, ruslaryñ harby merkeziniñ bir bölegini dargadyp, esgerlerden käbirini öldürip, bir toparyny ỳesir alỳarlar. Orsỳet döwleti bu çozuşy patyşanyñ öweỳ dogany Mazenderanyñ häkimi Mähämmet Tagy Mirzanyñ türkmenleri azdyrmagy bilen bolan waka hökmünde kabul edỳär we bu meselede Eỳrany jogapkär hasaplaỳar. Şol sebäpden onuñ wezipeden boşadylmagyny talap edỳär. Eỳranyñ baş weziri Emir Kebir: “Ruslaryñ güỳçleriniñ Aşyrada gelip ỳetmegi, Eỳran döwletiniñ islegi boỳunça amala aşyrylmady. Bu waka sebäpli, hiç hili jogapkärçiligi boỳun almaỳarys” diỳip jogap berỳär. Emma ruslar bu jogap bilen kanagatlanmaỳar. Şol sebäpli, bu iki döwletiñ aragatnyşygy gowşap ugrap, hatda kesilmek derejesine baryp ỳetipdir.

Emma Emir Kebir Osmanlylaryñ garşysyna ruslaryñ hemaỳat bermegine diỳseñ mätäç bolup, olaryñ arzyny kabul edỳär. Ýöne Aşyradanyñ meselesi çözülmän galỳar. Ruslar Eỳran döwletiniñ garşylyklaryna garamazdan, şol adada galỳarlar. Iñ soñunda Orsỳet patyşalygy ỳykylyp, 1921-nji ỳylyñ 26-njy fewralyndaky Şertnamanyñ esasynda, bu adany Eỳrana bermeklik ykrar edilỳär.”[6]

Türkmenleriñ Rus-Eỳran aragatnaşyklarynda Aşyradanyñ roly barada Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiỳasynyñ akademigi professor M. Annanepesow öz işlerinde doly we dogry taryhy taryhy netijeler çykaryp maglumatlar berỳär:

“1837-nji ỳylda Orsỳet tarapyndan Eỳran döwletiniñ serhedi ykrar edilỳär. Bu serhet Garasuw we Etrek derỳalarynyñ aralygynda ỳaşaỳan türkmenlere garşy Eỳranyñ şa hökümetiniñ ruslar bilen bilelikde jeza çäresini alyp barmaklygyñ guraly bolupdyr.

Bu jeza çäresiniñ esasy maksady türkmenleriñ hamana parslara garşy talañçylyklarynyñ öñüni almak üçindir. Rus döwleti türkmenler bilen şeỳle harby gatnaşyk etmäge maỳyldäldiler, sebäbi türkmenler rus döwletinden Eỳran hökümetine garşy göreşde pena isläpdir. Şonuñ üçin rus döwletiniñ Eỳrana harby kömek bermegi Rus-Türkmen gatnaşyklarynyñ garşylyklaỳyn ỳitileşmegine getirip biljekdi.”[7]

Eỳrandaky iñlis wekilleri Astrabat Mazenderan welaỳatynyñ gubernatorlarynyñ kömegi bilen türkmenleriñ arasynda myş ỳaỳradyp başlapdyrlar. Şol myşlara görä, Eỳran hökümeti tiz ara Astrabat aỳlagyndan ruslary çykarjaklaryna hem-de Aşyrada stansiỳasynda odun we azyk göỳberjekdiklerine söz beripdirler. Şonuñ bilen birlikde, türkmenleriñ orslara ỳüz tutmazlygy üçin türkmen serdarlaryny orslara garşy ỳaraglandyrmaga çalyşypdyrlar.[8]

A.Wamberi Etrek-Gürgen türkmenleriñ arasynda derwiş hökmünde obalara aỳlanypdyrlar. Ol türkmenleriñ arasynda syỳasat bilen baglanşykly gep-gürrüñleri toplapdyr. A.Wamberi türkmenleri Aşyradadaky orslaryñ garşysyna öjükdirmek isläpdir …[9]

XIX asyrda Aşyrada-da deñiz stansiỳasy uly syỳasy-ykdysady ösüşe eỳe bolupdyr. Türkmenler her gün diỳen ỳaly orslar bilen ỳakyndan söwda aragatnaşyklaryny gurnapdyrlar. Olar Orsỳediñ türkmenlere hemaỳat etjekdiklerine göz ỳetirip ugrapdyrlar. Netijede aldawa salynyp ỳören türkmen balykçylary aldawlykdan halas edilipdir. Deñiz garakçylarynyñ tarapyndan bolỳan talañçylyklaryñ öñi alnypdyr. Ors täjirleri söwda-da monopoliỳalygy gazanmak isläpdirler.[10]

Olar demir önümlerini getirip söwda edipdirler, sebäbi türkmenler demir önümlerine köp isleg bildiripdirler …

Günbatar-günorta, ỳagny Etrek-Gürgen türkmenleri ine, şeỳle wakalaryñ jümmüşinde önüp-ösüpdirler. Bu türkmenler ỳokardakylar ỳaly ỳaman-ỳagşy wakalary başlaryndan geçirmekleri bilen, bu taryhy hadysalaryñ täsirini öz edebi we medeni miraslaryna siñdiripdirler.

Ruhy medeniỳetiñ gönezligi bolup durỳan şeỳle syỳasy wakalar şol döwürde Türkmenistanyñ terretoriỳasynda beỳleki ỳerlerde-de az bolmandyr.

Ýolötende gozgolañ turzan taỳpalaryñ üstüne Rahymguly han 1844-nji ỳylda goşun çekip gelỳär. 1853-1854-nji ỳyllardan söỳün hanyñ (Huseỳin) ỳolbaşçylygynda Eỳran goşuny Mara süsdürilip gerỳär. 1853-nji ỳylda Horasanyñ Gajarlardan bolan dikmesi Fereỳdun Mürze Ahaltekeleriñ üstüne ỳöriş edỳär. 1855-nji ỳylda Eỳranyñ harby ỳolbaşçysy Fereỳdun Mürzäniñ baştutanlygyndaky goşun Saragty, Maryny eỳeleỳärler. Nurberdi Hanyñ ỳolbaşçylgyndaky teke we ỳomut türkmenleri 1858-nji ỳylda Japarguly hanyñ ỳolbaşçylygyndaky Garrygala çozan Eỳran goşunyny kül-peỳkun edỳärler.

1860-njy ỳylda bolsa Hemze Mürzäniñ ỳolbaşçylygynda Saragtyñ üsti bilen gelip, Mara dökülen Eỳran goşunlaryny ol ỳerdäki türkmenler Gowşut hanyñ ỳolbaşçylygynda it masgarasy edip kowỳarlar.[11]-[12]

1856-1861-nji ỳyllarda Eỳran patyşasy Nasretdin şa türkmenleriñ üstüne gödeklik bilen uly harby herekete baş goşupdyr. Bu harby çozuşyñ başlangyjy Horasan welaỳatynyñ häkiminiñ mekirligi bilen taỳyn edilỳär. Türkmen halkynyñ segsen sany aksakgal ỳolbaşçysy Maşatda geçiriljek maslahatada çagyrylyp, olaryñ hemmesi hilegärlik bilen tutulyp zyndana taşlanỳarlar.[13] Şol wakadan soñ Nasretdin şa Mary türkmenleriniñ üstune ỳöriş etmekligi perman berỳär.[14]

Ýokardakylar ỳaly wakalaryñ hemmesi türkmen şahyrlarynyñ döredijiligine täsir edip, kä ỳerde bölekleỳin, kä halatda bitewi häsiỳetde öz beỳanlaryny tapyp, häzirki Eỳran türkmenleriniñ hem edebi gözbaşy bolup hyzmat edỳär.

Her näme-de bolsa, halkyñ wekillleri beỳle eserler bilen tanyşyp, olaryñ halk arasyna ỳaỳramagyna uly rol oỳnapdyrlar. Eỳsem soñky döwürlerde durmuşyñ şertleri dünỳä boỳunça üỳtgäp, Eỳran türkmenleri hem sütemiñ garşysyna göreş alyp barmaga mejbur bolỳarlar. Olaryñ wekilleri bolsa yzarlama sezewar edilỳär.

*1950-nji ỳyllardan soñ Eỳran Türkmensährasyndan daşary çykan türkmen öngdebaryjylary

1945-nji ỳyldan beỳläk türkmen medeniỳetini ösdürjek öñdebaryjylarynyñ bir topary tutulyp, atylyp, käbirleri Eỳranyñ çäklerinden çykyp, täze guralan Türkmenistan döwletine gaçyp atmaga mejbur bolỳarlar.[15]

Umuman, taryhdan mälim bolşy ỳaly, hemişe-de halkyñ erk-ygtyỳarlygy, azatlygy ugrunda göreşijiler daşky duşmanlar tarapyndan zabra urulyp, pytyradylypdyr. Mysal üçin, Magtymguly Pyragynyñ aỳdyşy ỳaly:

Gafyllykda duşman aldy daşymyz

Dagatdy her ỳana deñi-duşumyz,

Bäş ỳylda bir kitap ỳazan işimiz,

Gyzylbaşlar alyp dagan eỳledi. …

Daşary ỳurtda ỳaşaỳan Eỳran türkmenleriniñ şahyry Han. O. Parahat ak goşgy formasynda şeỳle bir ỳagdaỳlary şeỳle suratlandyrỳar:

… Şol günler,

1362-nji ỳyllar,

Gara zulum,

Ganat gerip abanan çagy,

ỳalançy dinçylar,

Kesdiler toprakdan azatlyk bagy.

Tutulan tutuldy,

Gaçan “gutuldy”,

Halk ỳolunda kesgit sözlän atyldy.

Jüỳjeli towugy çaỳ kakan ỳaly,

Çaşdylar ỳoldaşlar mar çykan ỳaly,

Bir ỳowuz gijede abanan howp,

Tutdylar,

Dañdylar,

Basdylar-kowup …

Ýene-de “Kaỳdadyr?” atly goşgusynda bu ỳowuz günleri beỳan edip, ol şeỳle ỳazỳar:

Yşky ỳada saldy watan beski hijran eỳleỳip,

Gara tümlük aỳra saldy, jany weỳran eỳleỳip,

Dogan-ỳaran, dost-gardaşy, taru-maran eỳleỳip,

Ganym gabap, tora saldy, ỳurdy reỳgan eỳleỳip,

Mar çykan dek çaşdy bu gün, ỳar-u-dustan kaỳdadyr?

Emma halkyñ özünde syỳasy guramaçylygyñ kähalatlarda bütinleỳ bolmazlygy, käte gowşak bolmagy edebiỳatda ideỳa göreşleriniñ birnäçe ỳagdaỳda öçügsi hem-de haỳal-ỳagal bolmagyna-da şertler döredipdir. Şeỳle ỳagdaỳlardaky edebiỳat halkyñ syỳasy añ-düşünjesine-de özüniñ añrybaş täsirini ỳetirmekden ejiz gelỳär. Munuñ şeỳledigini Eỳran türkmenleriniñ soñky döwür syỳasy-jemgyỳetçilik durmuşy-da aç-açan äşgär edỳär.

Diỳmek, Halkyñ syasy añ-düşünjesiniñ çuñ ösmeginde şol halkyñ ruhy medeniỳetiniñ roly örän ỳokarydyr we galkynyşyna-da aç-açan öz täsirini ỳetirỳändir. ….

* Türkmensähralary

Dowamy bar.....



[1] .Durdyew K., “ XIX-XX asyr.”…/ görk. iş/, 7,8,9 sah.

* Bu barada Seỳdi Hoja bilen Seỳitnazar Seỳdini ỳalñyşmazlyk uçin bir belligi nygtap geçeliñ. Seỳitnazar Seỳdiniñ Etrek-Gürgen etraplaryna sürgün bolşy we Seỳdi Hoja bile bir asyrda ỳaşany uçin bu iki şahyryñ goşgylaryny çalyşỳarlar. Bu meseläni N.A.Meredow ylmy taỳdan çözỳär hem-de ser ediñ “ Taryhy- edebi ykballar”, Geldiew G., Aşgabat- 1990 ỳ.,

[2]. Oraz Ýagmyr, “ Magtymgulynama ”, Aşgabat- 1992 ỳ.,50 sah., 256 sah.

[3]. Begdili Mähämmädreza, “ Torkmänhaỳe Iran ”, enteşarat-e “ Pasargad”, sal-e 1369 ş., motabeg bas al-e 1990 m.

۱۴. بیگدلی محمّدرضا، " ترکمنهای ایران"، انتشارات " پاسارگاد"، سال ۱۳۶۹ ش.، مطابق با سال ۱۹۹۰/ م.

[4]. Leỳdi Şel, “ Haterat”, tärjome-ỳe Hoseỳn-e Äbutorabỳian, enteşarat-e “ Näşr-e now ”,Tehran- sal-e 1362 ş., motabeg ba sal-e 1983 m., säfhat-e 177-178.

۱۵. لیدی شل، " خـاطـرات"، ترجمه حسین ابوتورابیان، انتشارات " نشر نو"، تهران سال ۱۳۶۲ ش.، مطابق با سال ۱۹۸۳/ م.، صفحات ۱۷۷-۱۷۸ .

[5]. Ser Persi Saỳks, “ Taryh-e Iran ”, tärjome-ỳe Fähr-e Dayi, ( jeld-e dovvom), näşr-e “ Donỳaỳe ketab”, Tehran- 1363 ş., motabeg bas al-e 1984 m., säf. 398.

۱۶. سر پرسی سـا یکـس، " تـا ریـخ ا یـرا ن"، ترجمه فخر داعی، ( جلد دوّم)، نشر" دنیای کتاب"، تهران- ۱۳۶۳ ش.، مطابق با سال ۱۹۸۴/ م.، ص. ۳۹۸ .

[6]. Mehdävi Huşäng Ä., “ Taryh-e rävbet-e harejiỳe Iran”, enteşarat “ Ämir käbir”, sal-e 1364 ş., motabeg bas al-e 1985 m., säfhat-e 366- 367.

۱۷. مهد وی هوشنگ ع.، " تاریخ روابط خارجی ایران"، انتشارات " امیر کبیر"، سال ۱۳۶۴ ش.، مطابق با سال ۱۹۸۵ / م.، صفحات ۳۶۶- ۳۶۷ .

[7]. Aннанепесов М., « Укрепление русско – туркменских взаимоотношений в XVIII-XIX вв. », Изд., « Ылым » , А. : 1981 г., с. 229 – 230 .

[8]. Аннанепесов М., / görk. iş/, c. 490 – 491 .

[9]. Şol ỳerde , 242 c.

[10]. Şol ỳerde .

[11]. Şol wakanyñ esasynda Fransỳialy syỳahatçy Kont Do Gobino nowella formasynda roman hekaỳasyny ỳazỳar. Bu eser pars dilinde “ Jäng ba torkmänha جنگ با تـرکمنها ” diỳlen at bilen Türkmenistan YA – nyñ Merkezi kitaphanasynda saklanỳar.

[12]. Durdyew K., “ XIX – XX asyr. ”…     / görk. iş /  , 7 – 8 sah.

[13]. Ser Persi Saỳks, “ taryh-e Iran ”, / görk. iş/, säf. 515.( parsça).

[14]. Kont Do Gobino , “ Jäng ba torkmänha”, näşr-e “ Arman” , Tehran – 1364 ş., säf. 62 .

۲۵. کنت دو گوبینو، " جنگ با تـرکمـنـهـا"، نشر " آرمـان"، تـهـرا ن – سال ۱۳۶۴ ش.، ص. ۶۲ .

[15]. Şol sanda görnükli alymlar : A. Ahundow Gürgenli, Sapar Ahally ( Ensary), Gökleñi, Sapar Hatyby, Osman Ahun, G. Bähelke, B.M.Mudärresi, Nurmuhammet Aşyrpur Meredow, … dagylary ỳatlamak bolỳar.