Dr. Hangeldi OWNUK************************ Toronto

C) Durmuşy ündeýän mazmunly eserler.


Bu mazmundaky eserler hakda gürrüň gozgalanda, ilki bilen şu sorag ýüze çykýar: “Ol haýsy durmuşy ündeýär?”.

Halkyň ykbalyny hemme taraplaýyn tümlüge tarap çekýän durmuşymy ýa-da halkyň bähbidini kanagatlandyrýan durmuşymy?

Elbetde, Eýrandaky şertlere garanyňda, halkyň bähbidini goramak  mümkin bolup bilmeýär. Häzirki şertler halkyň ykbalyny barha tümlüge tarap çekýär. Şonuň üçin ony ündeýän we dowam edip duran zulmuň ýüzüne perde çekýän eserler hem reaksiýon režimiň tarapynda durýar.

Halk arasynda owaldan şahyrçylykda-da, bagşyçylykda-da hemişe iki sany topar bolupdyr. Bir topar köşklerdäki hökümrowanlaryň we patyşalaryň gullugynda bolup, köşk şahyry ýa-da han bagşysy bolupdyr. Ikinji topar bolsa halk arasynda ýaşap, onuň ýagşysyna-da, ýamanyna-da deň ýarap, derdini çekişip gelipdir.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny gyzylbaşlar tarapyndan tutulanda, Astrabadyň hany Esen han oňa köşk şahyry bolup hyzmat etse azat boljakdygyny aýdanda, Magtymguly Pyragy onuň bu pikirini inkär edip, köşk şahyry bolmakdan boýun gaçyrýar. Sebäbi ol şahyr kişiniň akyl-paýhasy diňe halkyň gullugynda bolanda, ilhalar eser döredip bolýandygyna dogry düşünýär. Köşk şahyrlarynyň eserleriniň mazmuny hemişe oturan hökümrowany wasp etmekden ybarat bolany üçin, beýle eserler durmuşdan üzňe bolýar.

Häzirki döwürde beýle tipdäki şahyrlar durmuşyň tümlük şertleri we reaksiýon režimler bilen ylalaşyp, olary tankyda çekmekden-ä geçen, gaýtam halk arasynda diýlişi ýaly, olaryň ýüzüni ýuwmagy we alyp barýan zulmunyň üstüni basyrmagy maksat edinýärler. Soňky 30 ýyllykdan bäri beýle mazmunly eserlere Eýran türkmen edebiýatynda azda-kände duş gelse bolýar. 

Şolaryň içinde taryhy ýoýýan taryhy eserlere-de gabat gelse bolýär. Şeýle eserleriň biri-de din wekili Arazmuhammet Sarlynyň “ ترکستان در تاریخ” “Taryhda Türküstan” atly kitabydyr.[4] Bu kitapda Türkmenistanyň taryhynyň XIX asyryň ikinji ýarymy barada dini nukdaýnazardan derňew edilýär.

Ilkinji nobatda bellemeli zat, bu kitabyň häzirki reaksiýon ideýaly buržuaz ideologlaryň goldamagy bilen Eýran türkmenleriniň intelligensiýasy progresiw ideýalaryna garşy gönükdürilip neşir edilmegidir.

Bu kitabyň awtory A. Sarly orta mekdebi gutaryp, Kum şäherindäki medresede okap, dini bilim alandan soň, bu eserini ýazýar. Onda berilýän maglumatlar, umuman pars-arap dillerindäki bar bolan belli çeşmelerden we Ýewropa alymlarynyň pars diline terjime edilen işlerinden ybaratdyr. Mundan-da başga, A. Sarlynyň bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny hem taryhy çeşme görnüşünde ulanýar.

Bu kitabyň doly ady “Taryhda Trküstan we XIX asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ýagdaýy” diýlip atlandyrylýar. Bu iş girişden hem-de üç bölekden ybarat bolup, onda ýigrimi alty çeşmä edebiýat hökmünde salgylanypdyr.

Bu iş barada filologiýa ylymlarynyň kondidaty Aşyrpur Meredow doly tankydy maglumat berýär.[5] Şol tankydy makalanyň pars diline terjimesi günbatar Germaniýada çykýan “Eýran Türkmenistany” (نشریه ترکمنستان ایران) atly pars dilinde çykýan gazetinde hem çap edilýär.[6]

Aşyrpur Meredowyň aýdyşy ýaly, bu kitapda türkmen halkynyň taryhynda geçip duran hakykat gümürtük görkezilip, Eýran garakçylary tarapyndan türkmen halkyna berlen sütemiň üsti basyrylmaga synanyşylýar. Bu kitapda, umuman Buhara emirligi we XIX asyryň ykdysady-jemgyýetçilik hem-de syýasy ýagdaýlary barada gürrüň gozgalýar. Eser ylmy iş bolsa-da, onda ylmy prinsipdäki berilýän faktlar näbelli we gümürtik ýagdaýdadyr. Hakyky faktlaryň üstüni basyrylýar. Okyjynyň pikri öňdebaryjy progressiw pikirleriň garşysyna gönükdirilmäge çalyşýar.

A. Sarlynyň bu işi käbir pars ýazyjylaryň Eýran patyşalygynyň bähbitlerine hyzmat edýän ylmy işlerinden hem iki esse öňe saýlanýar.

Eýranyň meşhur pars ýazyjysy E. jemalzade eserleriniň birinde, XIX asyrda Eýran patyşalygynyň kemçiliklerini dogruçyl görkezip, şeýle ýazýar:

"... هدف از ياد آوری اين مسئله اينستکه سياستهای اشتباه حکومتهای ايـران در پيش گرفتن روشهای ناشايست آزمندی و فساد کارگزاران دولتی، مسبب اينهمه خونريزی و جوروستم، ويـرانی و سايـر ضايـعات بوده است.  اگر حکومت ايـران در قبال ترکمنها سيـاست درستی را در پيـش ميگرفت و با آنان مناسبا ت صادقانه و خدا پسندانه ای برقرار ميکرد بيـگمان ميتوانست آنان را مطيـع و آرام نگه داشته و به منبع سود سرشار نيـز بدل نمايـد. "[7]...


Şunuň ýaly gabat gelinýan metinleriň terjimesi şundan ybarat :

… “   Şeýle meseläni ýatlamakdan maksadymyz ; Olar Eýran hökümetleriniň  goýberen syýasy ýalňyşlyklaryndan peýdalanyp, döwlet emeldarlarynyň öz pis nebisleri üçin, syýasatyň nädogry taraplaryny durmuşa goýberip, dürli gandöküşiklere, jöwür-sütemlere we ähli weýrançylyklara sebäp bolupdyrlar. Eger Eýran hökümeti türkmenleriň öňünde dogry syýasat alyp baran bolsa we olar bilen ýürekdeşlik bilen, hudaýlykly we hudaýpesent gatnaşygy ýola goýan bolsa,  onda, şüwbhesiz türkmenleri aram we bakna saklap, öz kültüm girdejilerine öwürüp bilerdiler. ”…                                                                       

      Emma bu gün türkmen ýazyjysy häzirki zaman bitarap buržuaz alymlarynyň ykrar eden hakykatyna göz ýumýar. Hatda ol Eýran basypalyjylarynyň reaksiýon syýasatlaryny paş etmekden geçen, gedemlik bilen hakykatyň üstüni basyrýar. Ol Magtymguly Pyragynyň:

Gapyllykda duşman aldy daşymyz,

Dagatdy her ýana deňi-duşumyz,

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,

Gyzylbaşlar alyp, reýgan eýledi.[8]

Diýen setirlerindäki “Gyzylbaş” sözüni aýtmakdan hem çekinýär. A. Sarly ýokarky bentdäki “duşman” sözüni hem “basmaçy” manysynda görkezip, basmaçyny hem gyzylbaşlar diýip däl-de, eýsem Magtymgulynyň garşysyna gidýän serhet boýunda ýaşaýan “Türküstanlylar” diýip düşündirýär. Durmuşda şeýle gülkünç zatlara-da gabat gelse bolýar. Emma meseläni beýle çözmek akyldar şahyrymyzyň hakyky mazmunyndaky öňe sürýän aýdyň we belli faktlaryny ýoýmakdan başga hiç zat däldir. Şeýlelikde, A. Sarlynyň pikiri ylmy usul we real gözýetimlerden örän daşda durýar.

Eýran türkmenleriniň arasynda bu görnüşdäki işler durmuşy ündeýän mazmunly eserler toparyna girýär. Şoňa meňzeş işlerden Yslam rewolýusiasynyň agitatorlarynyň biri Halymberdi Adylyň çapa taýýarlan (1982-1984) goşgular ýygyndylaryny hem görkezmek bolar. Ol ýygyndyda, umuman häzirki reaksiýon durmuşy ündeýän dini ideýalar wagyz edilýär.

1955-nji ýyldan bäri Eýran patyşalygynyň garşysyna alnyp barylýan güýçler totolitar režim tarapyndan pytradylandan soň, durgunlyk ýyllarynyň etaby başlanypdy. Şol döwürde Gürgen radiostansiýasynyň programmalaryny alyp barýanlaryň biri-de Nurberdi Jürjänidi. Ol radioda işlemek bilen durmuşy ündeýän mazmunly eserleriň ençemesini döretdi. Onuň eserleriniň biri “Gimn” hökmünde ykrar edilip, ol tä 1979-njy yla çenli Gürgen radiosynda her gün efire göýberilýärdi.[9]

Dünýä saňa guwanýar, adyň uly, Eýranym,

Batyrlaryň goraýar her tarapdan, Eýranym,

Gülistan gül açyp, miwe berýär, Eýranym,

Täze dünýä içinde adyň belent, Eýranym,

Köne taryhyň atly bize guwanç, Eýranym.

* * *

Ýaşa, watanym, Eýran, ýaşa hemişelik sen,

Duşmana duşman watan, dostuňa haýyrly sen,

Ur-ata topragyňa sen, hyýanat gadam basan,

Oda gorsalar gözi, Eýranla göz garaldan,

Ýeňiş biziň bilendir göreş meýdana watan.

* * *

Ýaşa-ýaşa şahymyz, ýaşasyn biziň Eýran,

Açyldy ykbalymyz, geçdi ol gara döwran,

Taýýar Eýran milleti berse şahymyz perman,

Täze döwrana garşy biz gideris gollaşyban,

Ýaşa-ýaşa şahymyz, ýaşasyn biziň Eýran.[10]

* * *

Umuman, ähli Eýran halklaryna, hususan-da türkmen halkyna oňly gün görkezmedik Muhammet Reza şa Pählewi bu ýerde adalatly şa hökmünde wasp edilip arşa çykarylýar. Ýöne welin şeýle bir arşdaky oturan we Amerikanyň iň soňky ösen ýaraglary bilen gömülip ýatan sütemkär patyşa iň soňunda taryhyň zibil gabyna atyldy. Eýsem, şolary wasp edýän eserleriniň-de ykbaly şol hili boldy.

Ine, şular ýaly mazmunly eserler durmuşda bolup duran süteme baş egip, oňa “hawa” diýýäni üçin, halk tarapyndan kabul edilmeýär. Ol hili eserler tiz gözden düşýär.

Şeýlelikde, bu hili eserler diňe bir halkyň sütemkärlerini wasp edýän, dabaralandyrýan eserler däl-de, Eýsem gös-göni halkyň garşysyna gönükdirilen eserlerdir.

 



[4]. Sarly A., “ Torkestan där taryh ( Nime-ỳe dovvom gärn-e nuzdähom)”, enteşarat-e “ Ämir Käbir”, Tehran- 1364 ş.,motabeg ba 1985/m.

۱۹. سـا رلی آ.، " تـرکـستا ن در تـا ریـخ ( نیمه دوّم قـرن نــوزدهـم)"، ا نـشـا را ت " ا مـیر کـبـیر"، تــهـرا ن – ۱۳۶۴/ ش.، مطابق با ۱۹۸۵/ م.

[5]. “ EDEBIÝT we SUNGAT ”, № 18-nji mart, Aşgabat – 1988 ỳ.

[6]. “ Näşriỳe-ỳe Torkmänestan-e Iran ”, organ-e Kanun-e Färhängi wä Syỳasy-ỳe hälg-e torkmän-e Iran, dower-ỳe ävväl, sal-e ävväl, şomare-ỳe 7, Berlin gärbi, sal-e 1988/m., säf. 5.

۲۰. " نـشـرِّیـه تــرکـمـنـسـتا ن ا یــرا ن"، ا رگا ن کا نـون فـرهنگی و سـیـا سـی  خلق تـرکـمن ا یـرا ن،  د وره  ا وّل،  سـا ل ا وّل، شـما ره ۷، بـرلیـن غــربــی – ســا ل ۱۹۸۸ / م.، ص. ۵.

[7]. Jämalzade  , “ Jäng-e Torkmän”, Tehran – säf. ۱۹

۲۱. جــمــا لــزا ده ، " جــنـگ نــرکـمــن"، تــهــرا ن – ص. ۱۹

[8]. Sarly A., “ Torkestan där. …”, / görk. iş/, säf. 82

[9]. Mo,iỳni Ä., “ Jografiỳa wä. …”, /görk. iş/, ….

 [10]. Şol ỳerde, …