Eýranyň gadymy edebi çeşmeleriniň    Magtymgulynyň döredijiligine täsiri.


Textfeld:

Taryhyň uzak jümmüşinde arap edebiýaty, hususan pars edebi döredijilikleri, Orta Asiýa jemgyýetçilik şertlerine görä, türkmen klassik edebi medeniýetine-de aralaşypdyr. Elbetde, pars edebi mirasynyň täsiri türkmen klassik edebiýatynyň hemme wekillerine-de gürrüňsiz ýetipdir. Ylaýta-da ol Magtymgulynyň döredijiligine täsir edip, şonuň üsti bilen hem beýleki klassiklara-da geçipdir. Şonuň üçin biz aşakda diňe Magtymguly-Pyragynyň döredijiligi bilen pars klassik edebiýatynyň milli baglanşyklary baradaky meselä ser salyp geçeris.

Magtymgulynyň döredijiliginde pars klassiklaryň kada-düzgünlerine tabyn eserlere köp duş gelse bolýar. Mysal üçin, şu aşakdaky eser aruz goşgy düzüliş ölçeginde işlenipdir:

Galmamyş bu köne dünýä Rüstem eýle Zalyňa,

Garra bolma iki günlük iýgu-içgi malyňa,

Hakykat aryfyny gör, atlasyn berdi şalyňa,

Tur säher, Magtymguly! ýygla bu gün öz halyňa,

Erte ol magşar güni derläp oýalmazdan burun.[1]


Görnüşi ýaly, şahyryň “Ölmesden burun” atly muhammesi, “remel-musammet-mähzuf ” ölçeginde düzülipdir. Onuň “Istemen”, “Aşyk bolmuşam” muhammesleri-de şol ölçegde, “Pukaraýam” atly goşgusy bolsa “remel-murabbe-mahzuf” ölçeginde düzülipdir.


* Beyik  akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky heýkeli


Mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň goşgulary diňe ölçeg taýyndan däl-de, eýsem mazmun taýyndan hem pars klassiklarynyň şol döwürdäki döreden eserleri bilen ýakyndan gatnaşykda bolupdyr.

Magtymguly eserleriniň dörtden üç böleginden gowragyny bogun ölçeginde goşupdyr. Şol ölçegde öňden durnuklaşan 7,8,11 bogunly möçberler hem ulanylyp, arasynda 11 bogunly goşgular-da azlyk etmeýär. Emma olardan başga 14, 15, 16 bogundaky goşgularyň hemmesi aruz ölçeginde bolup, pars edebiýatyndan täsirleşen ölçegleridir diýip aýtmak bolýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň pars şahyrlarynyň eserleri bilen baglanyşykly ýerlerini tapmak gaty bir kyn iş däl. Onuň üçin pars edebi çeşmelerindäki ýörgünli goşgy nusgalarynyň dürli ölçeglerini umumy we gysga şeklinde barlap geçmek gerek:

G a z a l – VII asyrdan bäri ösüp gelen belli mazmun we forma ölçegli goşgulardyr. Onuň her bendi iki setirden ybarat bolup, birinji beýt a-a görnüşinde, galan beýtler b, a, w-a, g-a, d-a… ýaly kapyýalaşýarlar. Bu ölçegiň görnükli wekili Şyh-Hafyz bolupdyr.

K a s y d a – möçberi 15—2000 beýde çenli aralykda bolup, häzirki döwre çenli ulanylyp gelinýän goşgulardyr.

M e s n e w I – Her beýdiň iki misrasy bolup, her misra özara kapiýalaşdyrylyp düzülen şygyrlardyr. Ferdowsiniň “Şahnamasy”, Jelaleddin Balhynyň “Mesnewisi”, Saadynyň “Bostany”, Nyzamynyň “Hamsasy” şol ölçegde düzülipdir.

K y t’a – Yslamdan öňki arap poeziýasynda ýüze çykyp, möçber taýdan 2-den 20 bende çenli bolan şygyr formasy. Olarda setirleriň hemmesi bir meňzeş kapyýalaşýar. Eger-de bir kasyda ýa-da gazaldan belli bir mazmunly bölegi saýlasaň, şol bölek bir kyt’a bolýar.

Gündogaryň meşhur şahyry Rudakiden bir kyt’a:


" زمانه پندی آزاد مرد  داد مرا ،

زمان را چونکو بنگری همه پند است،

بروز نيک کسان که گقت غم مخور زينهار،

بسا کسا که به روز تو آرزومند است،"[2]



Şonuň transkripsiýada ýazylyşy:

Zämaneh pänd-e azadmärd dad  mära,

Zämaneh ra ço näku bängäri häme pänd äst,

Be ruz-e-nik-e-käsan ke goft gäm mäkhor zinhar,

Bäsa käsa ke beruz-e-to arzumänd äst.


Türkmen dilinde terjimesi:

Pendi azat berdi zaman bizlere, gör garap,

Çoh ajaýyp gözleseň, şol zamanyň hersi pent,

Ýegdir güni, ol halaýyk, diýdi gam çekme myrat,

Çoh ynsanlar bolarlar seň günüňge arzuwment.


Magtymgulynyň şu ölçegde düzülen “Äleme belgilidir” atly gosgusy kasyda, gazal, kyt’a görnüşde goşulypdyr:

Özge aşyklaryň bolsa paýy bent zülfi taryňa,

Men garyp bendäniň hem aýagy, hem elidir.

Gaýryla bezm eýlese hoş köňlüni ýar,

Mejlis içre ýat edipdiň, ol garyp gaýgylydyr.


… Görnüşi ýaly, şahyryň ýokarky şygry bilen Rudakiniň goşgusy ölçeg, forma we kapiýa taýyndan bir meňzeşdir. Elbetde, Magtymgulynyň goşgularynda şoňa meňzeş döredilen eserlere (“Gaşy ýaý”, “Eý dost”, “Bikararam dogrusy”, “Gan çykar”, “Säd jan” we beýlekiler) köp duş gelse bolýar.

M u s a m m e t – düzülen hünji ýaly bir kapiýaly 3, 4, 5 misradan ybarat bolup, soňky misrasy bolsa, aýratyn kapyýa bilen düzülýär. Şol halatda oňa:

M u r a b b a (Murapbag) – Dört misradan ybarat, üç misrasy özara kapiýalaşan goşgy.

M u h a m m e s – Bäş misradan ybarat bolup, dört misrasy kapiýalaşan eser.

M u s a d d a s – Alty misradan ybarat bolup, bäş misrasy kapiýalaşan goşgy.

1733—1796-njy ýyllarda ýaşap geçen Şahap Isfihanynyň musammet-muhammes ölçeginde düzen eserinden bir mysal:

"نوروز فراز آمد با اختر پيروز،

با اختر پيروز فراز آمد نوروز،

گشتند برفتار يک اندازه شب و روز،

شد مهر به بيت الاشرف ای ماه شب افروز،

وقت است که گيری ره بوستان و گلستان."[3]

Transkripsiýasy:

Nouruz färaz amäd ba äkhtär-e-piruz,

Ba äkhtär-e-piruz färaz amäd nouruz,

Gäştänd beräftar ýek ändaze şäb-o-ruz,

Şod mehr be beýteläşraf eý mah-e şäb äfruz,

Vägt äst ke giri rähe bustan-o-golestan.

Terjimesi:

Nowruz indi hemrasy ýeňiş ýyladyz,

Ýeňiş ýyldyz bilen indi ol nowruz,

Adatça geçdi deň gije we gündiz,

Belent käbäň üstünde gün, eý eziz,

Gitmek wagty boldy bu gülistana.


Görnüşi ýaly, “musammet-muhammes” ölçegindäki eseriň 4 misrasasy özara kapiýalaşyp, bäşinji misrasy bolsa, aýratyn kapiýa bilen alamatlandyrylypdyr. Magtymgulynyň “Nowruzdan seni” atly eseri hem mazmun we ölçeg taýyndan bu mysal alnan eser bilen birmeňzeş çykypdyr:


Bagyňa girsem seher, bilbil bolup salsam oýun,

Gaflata galsa rakyp, birdem salyşsam gol boýun,

Hakdan özge çäre ýokdur, nä kylaý men neýläýin,

Inçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen gaz boýun,

Saklasyn taňry penahynda ýaman gözlerden seni…[4]


Magtymgulynyň “Gölüň seniň”, “Şatlyk bilen”, “Ýusup diýe-diýe”, “Ölmesden burun”, “Nas atan”, “Çilim”, “Bilmezmiň”, “Köňüldir weýran”, “Bir ýana bolsum”, “Indi”, “Buluda gardy meni”, “Galmagaly neýlärem”,  ýaly bir topar goşgulary-da “musammet-muhammes” ölçeglerinde goşulypdyr.

Menuçehri atly pars şahyryň “Hazan” hakda belli eseri “musammet-musaddes” formasyndadyr:

"خيزيد و خز آريـد که هنگام خزان است،

باد خنک از جانب خوارزم وزان است،

آن برگ خزان بين که بر آن شاخ رزان است،

گوئی که يکی پيراهن رنگ رزان است،

دهقان به تعجب سر انگشت گزان است،

کاندر چمن و باغ نه گل ماندونه گلزار”.[5]

Transkripsiýasy:

Khizid-o-khäz arid ke hengam-e- khäzan äst,

Bad-e-khonäk äz janeb-e kharäzm väzan äst,

An bärg-e-khäzan bin ke bär an şakh räzan äst,

Guiý ke ýeki pirähän-e-räng räzan äst,

Dehgan be tääjjob sär-e-ängoşt gäzan äst,

Kändär çämän-o-bag nä gol mand-o-nä golzar.

Terjimesi:

Tur getir haz, hazan heňňam gelip dur,

Salkyn şemal, Horezmiden ösüp dur,

Mel-şahadan güýz ýapraklar ýagyp dur,

Göýä biri eşiklerin boýap dur,

Daýhan haýran, durmuşa sersalyp dur,

Bu bag içre ne gül galdy ne gülzar .


Magtymguly hem “Köňlüm” atly eserini musaddes formasynda düzüpdir:

Alymlar sözün diňle, nesihatyn al göter,

Tur hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,

Ryýazatnyň ýüküni arkan ýüzün, sal göter,

Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gol göter,

Kämil aýaga baş goý, ýalançydan, el göter,

Toba kylyp, bir piriň topragyna bolan köňlüm.[6]

* * *

R u b a g y – Dört misradan ybarat bolup, üçünji misrasy azat kapyýada we beýleki üç misrasy bolsa, özara kapyýalaşýarlar. Türkmen şahyrlarynyň arasynda rubagy bilen gyzyklanan az bolupdyr. Bu ölçegde XIV-XIV asyrlarda yaşap geçen Ymadetdin Nesimi we Jahanşa Hakyky ( Garagoýunlylar patyşasy) rubagy ölçegde goşgy düzüpdirler. Magtymgulynyň goşgularynda rubaga duş gelmeýäris. XX asyryň ikinji ýarymynda bu ölçegde Türkmensähraly Kümüşdepe şäherinde ýaşap geçen Arazmuhammet şahyry “Aram” tahallusy bilen rubagy eserlerini döredipdir.

Türkmen edebiýatynda pars edebiýatyna degişli bolan ýokarda ýatlanylan ölçeglerden başga-da, “tärji’bänt (bent gaýtalanmasy)”, “Mustazat”, “Nagz”, “Touşih”, “Tesnif”, “Muamma” ölçegleri-de azda-kände ulanylypdyr. Şolaryň arasynda “muamma” ölçegde Magtymgulynyň “Habar ber-Şeýledir” atly goşgusy işlenilipdir. Ondan başgalary Magtymgulynyň eserlerinde görünmeýär.

Şeýlelik bilen, ýokardaky aýdylanlardan çen tutsak, Magtymgulynyň dürli ölçeglerde döreden şygyrlary diňe bir ölçeg babatda däl, eýsem özüniň çeperçiligi jähtden-de Merkezi Aziýanyň şygyr sungatynda parlak ýyldyz bolup lowurdaýar. Öňde-de belläp geçişimiz ýaly şol ýyldyz özüniň öwüşginini köplenç pars poeziýasynyň nurly şöhlesinden alyp gaýdýar.




[1]. Pyragy Magtymguly, “ Saỳlanan eser. ”, / görk. iş./,…

[2]. Färivär H., “ Taryh-e ädäbiỳat-e Iran wä taryh-e şo,era ”, enteşarat-e “ Ämir-Käbir”, Tehran – 1958 m.M.Z., 1924

۳۹. فــریــور حـسین ، " تـا ریخ ا دبـّـا ت ا یــرا ن و تا ریخ شـعـراء"، انتشا را ت " ا مـیر کـبیر "، تــهــرا ن – ۱۹۵۸/ م. م. ز. ۱۹۲۴.

[3]. Şol ỳerde, M.Z. 1924.

[4]. Pyragy M., / görk. iş /, 179 sah.

[5]. Färivär H., / görk. iş /, …

[6]. Pyragy M., “ Saỳ. …”, / görk. iş /,