VI- BÖLÜM : YSLAM SOWETINIÑ OBA-ŞÄHER SYÝASATYNDA SOSIÝAL- MEDENI ÖZGERIŞLIKLER:

        

a). Yslam sowetiniñ guruluş taryhçasy :

1978-nji ỳylda Eỳranda ỳaşaỳan halklar imperialism düzgünlerine garşy çykyş etmek bilen azatlyk we demokratiỳa uguryndaky göreşe galkynỳarlar. Muhammetreza Pählewiniñ merkezleşdirilen hö kümetine garşy dürli çykyşlaryñ möwç urmagy bilen, Eỳran türkmenleriniñ arasynda hem depelenen hak-hukuklaryny gaỳtaryp almak ugrunda adalatly hereketleri bilen öñe çykỳan syỳasy güỳçler peỳda bolỳar.

1979-njy ỳylda Eỳranyñ Pählewiler hanedanlygynyñ şasy ỳykylyp, Eỳran, Amerikanyñ  imperialistik ezijiliginden azat bolỳar. Şol döwürde hem türkmenleriñ öz ykbalyñy özüñ çözmek, elden giden ỳer, suw, medeniỳet hem syỳasy hukugyñy gaỳtaryp almak hakyndaky pikirleri we hereketleri taryhda ỳene bir gezek örboỳuna galỳar.

Şonuñ bilen birlikde , halky türkmen dilinde sowatly etmek işi hem täzeden güỳjeỳär. “Oba şuralaryny, Daỳhan şuralaryny döretmeli !” , “Elden giden ỳerleri gaỳtadan almak gerek !” , “Okuw gerek ! ” , “Täze elipbiỳ gerek ! ”, “ Türkmençe mekdep gerek ! ” we ş.m. şygarlar bilen köçelerde köpçülükleỳin hereketleri güỳjäp başlaỳar .” .[[1]] 30

1980 –nji ỳylyñ başynda türkmenler täzeden güỳç alan dini guramalar bilen Kümmetkowus şäherindäki bolup geçen wakada awtonomiỳa hukugynyñ berilmegini talap edỳärler.[2]] 31

Göreş netijesiz bolmaỳar. Şol döwürde Eỳran türkmenleriniñ alan awtonomiỳasy bir ỳyldan gowurak wagt dowam etdi. Ähli ỳer, suw, ekerançylyk (umumy ykdysadyỳetçilik), medeni reformalar türkmenleriñ merkezleşdirilen guramasynyñ tagallasy bilen ỳöriteleşdirildi.[[3]] 32

* Halk tarapyndan şura düzgünini talap edilip döredilen demonstratsiyalar.-Kummetkowus ş.

Şol döredilen sowet guramalaryny (Oba soweti, daỳhanlar soweti) döwlet tarapyndan doly aỳryp göỳbermediler. Ýöne onuñ adyny “Şuraỳe islami” -diỳip üỳtgetdiler. Umuman, şuraỳe islamy organlarynyñ sosiỳal wezipelerini öñki gurbuna däl-da, eỳsem oba-şäher ilatynyñ azyk hem ony almak üçin talondyr beỳleki dokumentleri bermek we ỳaşaỳjylary tassyklamak ỳaly işleri alyp bardylar.

“Bu mesele öz gezeginde “taryhy yz galdyran uly waka!” -diỳip hasaplanỳar. Ol wakalar dürli ylmy işlerde, belli-belli žurnal hem gazỳet sahypalarynda häzirki döwre çenli ylmy-barlag geçirmäge esas bolup durýar. Ýöne ol faktlar biziñ türkmen dilimizde we ỳerli metbugatymyzda giñişleỳin öwrenilmäni gelýär.”.[[4]] 33

* 1979-1981-nji ỳyllardaky Türkmensährada döredilen Şura Merkezliginiň Sytady- Kummetkowus

Şeỳle döredilen şura guramalary Eỳran-Yrak arasyndaky geçen 8 ỳyllyk uruş ýyllarynda-da ilaty azykdyr beỳleki harajatlaryny üpjün etmekde esasy rol alypbardylar. Şonuñ üçin bu guramalar halkyñ hal-ỳagdaỳyny gowulandyrmakda hem döwletiñ halk arasyndaky sütüni hökmünde soñky wagtlarda onuñ ähmiỳeti has ỳokarlandy.

b). Türkmensärada döredilen Şura guramalary 20 ýyldan soň bütin Eýran boýunça janlanýar:

Eger-de 1979-njy ỳyl şuralar saỳlawy diñe Türkmensährada ähmiỳetli alynyp barylan bolsa, şeỳle jemgyỳetçilik guramalaryñ gerekdigi 20 ỳyldan soñ bütin Eỳran boỳunça ỳöredilmegini döwletiñ ỳokary gat intelligensiỳasynada teklip edildi. Jenap Seỳitmuhammet Hatemi Prezident saỳlanmazyndan öñ öz çykyşlarynda şura guramalaryny döredip we ony ähmiỳetli alyp barmagy teklip edỳär.

Jenap Hatemi Prezidentlige saỳlanandan soñ beỳle guramalary täzeden ỳöriteleşdirmegiñ ugruna çykyp, 1999-njy ỳylyñ başynda bütin Eỳran boỳunça şura saỳlawlaryny geçirilmegini teklip edỳärler.

Şonuñ üçin Eỳran Yslam Respublikasynyñ Ýurt Ministrliginiñ yglan eden bildirişinde 1377-nji ỳylyñ isfend aỳynyñ 7-ne (1999-njy ỳylyñ fewral aỳy) oba-şäher şura saỳlawlaryny geçiriljekdigini habar berildi.

Oña saỳlanmak üçin bellenjek şahslar 25 ỳaşdan ỳokary, ỳazuw we sowatly bolmak hem azyndan bir ỳyl saỳlanjak mekanynda ỳaşap oturan, şertde durmaly.

Bu mesele barada Eỳran Yslam Respublikasynyñ Konstitusiỳasynyñ ỳedinji babynyñ maddalarynda “Şuralar guramalary” döretmek hakda görkezilipdir. Meselem, 100-nji maddasynda şeỳle görkezilỳär. Her welaỳaty, şäheristany, şäheri, etraby we obany şuralar guramasy boỳunça edaralaşdyryp, tertip boỳunça “Welaỳat şurasy”, “Şäheristan şurasy”, “Şäher şurasy”, “Etrap şurasy”,”Oba şurasy” -diỳilip, guramalaşdyrmalydyr.

Şeỳle hem esasy kanunyñ101-nji maddasynda şeỳle diyilỳär. “Yslam şura mejlisi bilen bilelikde, mejlisiñ ỳanyndaky “Welaỳatlar şurasy” -diỳilen mejlis welaỳat şuralaryndan saỳlanan wekilleriñ gatnaşmagynda ỳöredilmegi göz öñünde tutulỳar.”. [[5]] 34

Şuralar guramalarynyñ saỳlawlaryna gözegçilik etmek üçin 5 sany wekil “Merkezi Gözegçilik Delegasiỳasy” bellenildi. Ol delegasiỳa şuralar saỳlawyny diñe obalarda döretmek isleỳärdiler. Ýöne Prezident Hatemi beỳle guramany ähli taraplaỳyn, ỳangy etraplar, şäherler we şäheristanlara çenli alynyp barylmagyny zerur hasap etdiler.

“Şuralaryñ saỳlawlaryny ỳöriteleşdirip ỳerine ỳetirmek üçin edaralar boỳunça 3 sany agza we ỳedi sany hem her ỳeriñ öz ygtybarly ỳaşyulylaryndan agzalar bellenildi.”.[[6]] 35

Elbetde şura guramalary 1979-1980-nji ỳyllarda wagtyñ we sebitiñ talabyna görä, Türkmensährada üstünlikli geçirildi. Soñ bu şuralaryñ ady “ Şuraỳe islamy (Yslam şurasy”) -diỳlip atlandyryldy.

Eỳrandaky gazỳet-žurnallaryñ habar bermegine görä, Türkmensährada şura agzasy bolmak üçin saỳlawa bellenen 20 sany müñ adamdan 5 müñ sany wekil saỳlanỳar. Şäher häkimi hem etrap häkimlerini saỳlamak, şol saỳlanan şura agzalaryñ karary bilen bellenilỳär.

Yslam Rewolỳusiỳasyndan soñ halk bütin Eỳran boỳunça birinji gezek oba, şäher şuralarynyñ saỳlawlaryny geçirip bildiler. Bu saỳlaw toparlaryñ hem partiỳa guramalarynyñ bäsleşigi esasynda Eỳran taryhynda gyzykly wakalaryň biri bolup geçdi. Bu saỳlawyñ ähmiỳetleriniñ biri şäher köpçüliginde toparlaryñ biri-biri bilen ylalaşykly bileleşmegindedir. Eger halk öñler yslam şura mejlisiniñ saỳlawlarynda bir kişä ses berỳän bolsalar, bu sapar birnäçe kişä ses bermäge mümkinçilik gazandylar.

Şeỳlelik bilen, şäherlerde dalaş edỳänleriñ köplügi sebäpli ylalaşykly bileleşiklere gabat gelỳärdiler. Gülüstan welaỳaty boỳunça ỳokary üstünlik gazanan bileleşikleriñ biri Kümmetkowus şäheriniñ 7 bileleşik toparlary bolup, olaryñ her 7-si hem saỳlawda gerekli sesleri gazanyp bildiler. Olardan 5 sanysy esasy saỳlanan, iki sanysy hem gerekli ỳerinde ätiỳäç hökmünde bellenipdir.[[7]] 36

Bu 7 kişi şäheriñ dürli etrap-mähelleleriniñ beren sesleri esasynda 24 sany pikirdeş hem kärdeş dalaş edijileriñ arasyndan saỳladylar. Olar “7 bileleşik” ady bilen arassa wagyz ỳöredip, ilatyñ düşünjesine täsir etdiler. Elbetde beỳle bileleşikler diñe Kümmetkowus boỳunça däl-de, eýsem, Bendertürkmen hem Kelala ỳaly uly şäherlerde-de bolup geçdi. Olar şeỳle bileleşmek bilen saỳlawlarda netijeli ädim ädip öñde baryjy sese eỳe boldular. Şeỳlelik bilen, agzybirlik hem ylalaşykly bileleşmeler şäheristan hem şäher şura saỳlawlarynda esasy şygar bolup durupdyr.

Gülüstan welaỳatynyñ türkmen şäherlerindäki saỳlanan şura agzalary aşakdakylardan ybarat bolỳar:

Akgala: Abdylwahap Ýolma, Ganynejmetdin Çowgan, Hamyt Mürzeli, Gurbangeldi Leabi, Baba Alhöwez,.

Bendertürkmen şäheristanyndan: Täçmuhammet Ilamani, Ahmet Iri, Mämmetguly Iri, Abdyljelil Garaja, Maşatguly Gyzyl (Meşhur şahyr Döwletmämmet Balgyzylyñ neberesi.)

Kümüşdepe şäherinden: Abdylhamyt Gurbanzade Gökleñi, Nuretdin Myradysähra, Abdyljepbar Badahşan, Mämmedaman Garynjyk, Ata Mutlak.

Kelala şäherinden: Seỳitreza Huseỳni, Janali Jantygy, Abdylreza Arap, Rejep Ruhy, Jewad Ehsanyrad.

Kümmetkowus şäheristanyndan: Arazdurdy Gülçeşme, Abdyrahym Niỳazysaỳi, Abdylkerim Gürgeni, Abdylrahym Ängize, Mämmethoseỳn molla Mollaybrahymy, Myhammet Zywary, Hekim Geldizade, Abdynur Behelkezade, Mämmedaziz Saberifar. [[8]] 36b). 37.

Şeỳle hem “Sähra” hem “Gülüstan” gazỳetlerinde şura agzalygyna saỳlanlary gutlamak bilen, olaryñ atlary çap edilipdir. Bu saỳlanan şura guramalary üçin Eỳran boỳunça 9.02.1378-nji hijri hasabynda (29-njy aprel 1999 ỳ) wagtynda resmi işe girişip başlaỳar. [[9]] 38

* Şuralaryň   Gözegçilik Delegasiỳasy

Umuman Gülüstan welaỳaty boỳunça 1500 adamdan pesde duran jemgyỳeti bilen 763 oba, 1600 sany adamdan ỳokary jemgyỳeti bilen 160 oba, welaỳatyñ tabynlygyndaky 16 şäher hem şäheristanlarda şura saỳlawlary geçirildi. Bu sapar şuralaryñ beỳle tertipleşmeginiñ ähmiỳeti şäher hem etrap häkimleri türkmenleriñ arasyndan bellenmeginde bolup geçỳär. Mundan öñki wagtlarda häkimler merkezden bellenỳärdiler.

Gülüstan welaỳatynyñ metbugatynyñ hem Iranhabar serişdeleriniň habar bermegine görä, 9344 sany adam saỳlawa bellenen erkek adamlaryñ üstesine-de 106 sany zenan maşgalalar hem gatnaşypdyrlar. Munuñ özi Türkmensährada jemgyỳetçilik hem syỳasy gatnaşyklaryñ ösỳändigine şaỳatlyk edỳär.

1999-njy ỳylyñ ýanwar aỳynda Tähranyñ hämşähri atly ỳorite gazýeti şura guramalaryny ỳoriteleşdirmegiñ dowamynda ỳurduñ saỳlaw merkeziniñ başlygy Jenap Täçzade ỳurduñ yslamy şuralaryna saỳlanmak üçin dalaş edỳänleri, şäher we obalar boỳunça maglumatyny yglan edỳär.

Umuman 333946 kanditaturadan 7251 sany kandidatura aỳallar jemgyỳetinden bolupdyr. Şeỳle bir san Yslam Şura Mejlisiniñ 5-nji etap saỳlawyndaky dalaş edijileri, sanyna garanyñda 40 göterim ỳokary sany görkezỳär.[[10]] 39

Eỳran boỳunça 37117 oba gerekli agzalar 116879 adam bolup 267928 adam dalaş ediji bolup agzalyga at ỳazdyran 2-3 esse şuralaryñ agzalygyndan köp bolup durỳardy. [[11]] 40

Eỳranda şeỳle geçirilỳän saỳlawlary dogry hem adalatly alyp barmagyñ ugrunda “Heỳỳäte märkäziỳe nezarät bär entehabat-e şuraha” ỳagny (Şuralaryñ saỳlawlaryna gözegçilik edỳän merkezi delegasiỳasy) atly ỳörite delegasiỳalar bellenilỳär.

Bu delegasiỳalar esasan Tähranda hem welaỳatlaryñ merkezlerinde ỳerleşỳärler. Saỳlawyñ dowamynda berilỳän sesleriñ sany hem beỳleki saỳlananlar hem saỳlanỳanlardan arza şikaỳatlar ỳüze çyksa, olar bu meseläni bada-bat seredmelidirler hem-de degişli netijeler çykarypdyrlar.

Bu delegasiỳa agzalaryñ biri Musewi Ojagyñ aỳtmagyna görä, gözegçilik merkeziniñ karary boỳunça ähli welaỳat hem şäheristanlaryñ bütin barlag hem barlagçylary bellemek wezipesi munuñ merkezi agzasy bolan Hütjet il-Islam Seỳid-Alýakber Abuturabyferdi diỳlen şahsa berilipdir. [[12]] 41

1979-1980-nji ỳyllardan soñ şura guramalary birinji gezek Türkmensährada döredilenden bäri 1980-nji ỳyldaky bolan gapma-garşy ỳagdaỳlar beỳle guramalary öz esasy işjeñlik häsiỳetinden pese düşüripdi, Olar “Şuraỳe Islamy” ady bilen oba-şäherlerde diñe ỳaşaỳjylaryñ dokument we azyk dokument hem azyk üpjünçiligi ỳagdaỳlaryny tassyklama ỳaly ỳönekeỳ işleriñ guramasy bolup galypdy. 1999-njy ỳylda bolsa, beỳle guramalary täzeden dikeltmegiñ zerurlygy hakynda ỳokary döwlet derejisinde iş geçirildi. Şonuñ üçin bu guramalaryñ esasy wezipesini gaỳtaryp berip täzeden saỳlaw geçirildi.

Bu täzeçe seredilen şura guramalara saỳlanjaklaryñ laỳyklygy hem wezipeleri hakynda Tähranyñ welaỳat häkimliginiñ syỳasy howpsuzlygynyñ orunbasary şeỳle yglan edỳär: “Tähran boỳunça şura saỳlanmak üçin berlen möhletde 4788 sany dalaş ediji saỳlanmak üçin at ỳazdyrdylar.”[[13]] 42

Şeỳle hem şura laỳyklygy ret bolanlaryñ sebäbini hem olara kanun boỳunça yglan ediljekdir.”[[14]] 43

Tähran welaỳatynyñ häkimliginiñ syỳasy howpsuzlugynyñ orunbasary şuralaryñ erk-ygtyỳarlyklary barada şeỳle diỳdi: “Oba hem şäher şuralary kanun tarapyndan olara berilen ygtyỳarlyklaryñ çäginde döwlet girdeỳjilerine degişli meỳilnamalara karar çykarmak, olary gaznalaşdyrmak ỳaly wezipeleri öz içine alar.”[[15]] 44

Fransiỳanyñ habar beriş serişdesiniñ aỳtmagyna görä, şura saỳlawlaryny geçirmek karary Eỳran syỳasatyna täzaçe ruh berer.” [[16]] 45

Londonyñ B.B.S radiosynyñ aỳtmagyna görä: “Bu waka 1979-njy ỳyldaky Eỳranyñ ynkylabyndan bäri ilkinji özboluşly saỳlaw hökmünde Hateminiñ döwletiniñ gurluşynyñ kuwwatlanmagyna esasy bir pursat bolup durỳar.”[[17]] 46

* Şuralaryň  Merkezi Gözegçilik Delegasiỳasy

Abdulwahed Musewi Lariniñ (Ýurt Ministriniñ) aỳtmagyna görä: “Bu saỳlawlar ähli şäher we obalarda 200 müñ sany şura agzalarynyñ saỳlanmagyna mümkinçilik döreder!”. “Dalaş edỳänler saỳlanỳanlaryñ ỳaşy azyndan 25 ỳaşly bolup, döwletiñ organlarynda agzalygy bolmadyk şahslardan bolmalydyr.”[[18]] 47

Gülüstan welaỳatynyñ merkezi Gürgen şäheristanynyñ saỳlanan şura agzalary ỳurduñ abadançylygy hem jemgyỳetçilik gatnaşyklaryñ usully hem ysnyşykly bolmagy barada hersi bir oñat pikirleri orta atypdyrlar.

Şolaryñ arasynda käri doktor bolan Dr. Şerif, öz pikirini şeỳle beỳan edỳär:

A). Men şäher şurasynyñ agzalarynyñ biri bolanym üçin ỳeke-täk özüm karar çykaryp bilmerin. Ýöne welin şura guramasyna maslahatymy berip bilerin. Birinji maslahat hökmünde Gürgen şäherini arassalamagyñ ugurynda şäheriñ ỳarym-ỳarpy galan işlerini doly berjaỳ etmek hem şäheriñ ilkinji gerekli enjamlaryny üpjün etmegi teklip edỳärin.

B). Gürgen şäheriniñ şäher häkimi arassa adam. ỳokary bilimli ỳa-da inžiner hem-de jemgyỳetçilik boỳunça 5 ỳyl şäher ỳaşaỳjylarynyñ we onuñ şurasynyñ göwnüne ỳaraỳyjy, iş yörediji tejribelere gatnaşan şahsyỳet bolmalydyr.

Ç). Häzirki Gürgen şäheriniñ saỳlan şura agzalary ỳokary bilimli, paỳhasly, maglumatly hem iş ỳörediji tejribeleri nukdaỳnazardan hiçhili kemçiligi ỳok. Biziñ gynçylygymyz diñe bỳujetiñ azdygy bolup dur.

Ýene birisi, saỳlanjak şäher häkiminiñ sypatlary hem ahlak häsiỳetleri barada çykyş edỳär. Beỳlekisi bolsa Hanume Setdige Näsiri, Gürgen şäheriniñ gyzlar orta mekdebiniñ konsultator mugallymy, şäheri abadanlaşdyrmak hakda öz pikirlerini orta oklaỳar.[[19]] 48  



30.[[1]].Ownuk H., “ Eỳran türkmenleriniñ medeniỳetiniñ taryhy ”, awtoreferat, Aşgabat – 1995 ỳ., 4 sah.

31.[[2]]. Şol ỳerde. – 4 sah.

32.[[3]]. Şol  ỳerde. – 5 sah.

33.[[4]].Şol ỳerde . – 5 sah.

34.[[5]].  Žurnal “IL GÜN”, No: 8 , December, Ýewropa- 1998 ỳ., 3 sah.

۳٤. ژورنا ل " ا یل گون"، شماره ۸، د سا مـبر ، اروپـا – ۱۹۹۸ / م.، ص. ۳ .  

35.[[6]]. Şol ỳerde.

36a).[[7]].Mahname-ỳe “ Sähra”, ş. 12 /13, -. …  çap-e “ Hojäste” , Tehran – 1378 ., säf. 2

۳٦. ما هنا مه " صـحـرا"، ش. ۱۳/۱۲ -.، ... چا پ " خـجـستـ ه"، تـهـرا ن – ۱۳۷۸ ش.، ص. ۲

36b). Şol ỳerde,

37. Şol ỳerde,

38.[[9]].Şol ỳerde ,

39.[[10]].Häftename-ỳe “Hämşä rei”,sal-e häftom, şomare-ỳe 1735 ,viže-ỳe Tehran , žanviỳe, Tehran-1999 m. säf.11

۳۸. هـفته نا مه " هـمـشـهـری"، سا ل هـفـتم، شما ره ۱۷۳۵، ویزه تهرا ن، ژا نـویه، تــ هــر ا ن – ۱۹۹۹ / م.، ص ۱۱

40.[[11]]. Şol ỳerde

41.[[12]]. Şol ỳerde

42.[[13]]. Şol ỳerde . 2 sah.

43.[[14]]. Şol ỳerde ,

44.[[15]]. Şol ỳerde,

45.[[16]]. Ruzname-ỳe “ Iran”, sal-e çeharom, şomare-ỳe 1071, çeharşänbe, 16 aban mah, Tehran – sal-e 1377 ş., motabek ba 26 oktobr-e 1998 m., säf. 2 – 3

۴۴. روزنا مه " ا یــرا ن"، سا ل چها رم، شما ره ۱۰۷۱، چها رشنبتـه ۱۶ آ با ن ما ه ،  تـهـرا ن –  سا ل ۱۳۷۷ش.،  مطا بق  با ۲۶اکت بر۱۹۹۸/م.،ص۲-۳

46.[[17]]. Şol ỳerde.

47.[[18]]. Şol ỳerde.

48.[[19]]. Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe sefr 6, 12 avril, Gorgan - 1999 m., säf. 2

۴۷. هـفته نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره صـفـر ۶، ۱۲ آوریـل ، گـ رگا ن – ۱۹۹۹/ م.، ص. ۲  

Yza gaýdyň
Çap ediñ