Aba serdar
16-nji asyrda Türkmenistaniň Etrek, Gürgen etrapynda ýaşap geçen görnükli Türkmen serdary Aba serdar Türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Ol Türkmenistaniň geçmişinde ** Aba serdaryň gozgalaňy ** ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjak serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgansyz jebir-sütemlere sezawar edilmegi sebäbi bolupdyr. Şol döwürlerde Etrek, Gürgen Türkmenleri( Gökleň, Okly, Emreli we beýlekiler) Hiwe hanlygynyň raýaty hökmünde Horazym soltanlaryna agyr salgyt ( pul, mal we nöker) töleýär ekenler. Munuň üsti-üstünede 1550- nji ýylda Eýranyň Astarabad welaýatynyň täze häkimi Keçel şahberdiniň hem Türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnesine degilen halk ezijilere garşy aýaga galýar. Gozgalaňçylar Aba sedaryň baştutançylygynda Eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşyçysy hem-de keçel şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýär.Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel şahberdi Türkmenleriň üstüne Agyr guşun çekip barýar.Okly Türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem tutup öldürilýär.Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşýar. Bütün Türkmen obalaryna şeýle hem Astarabadyň kä bir etraplaryna ýaýraýar . Eýran şahsy Tahmasyp şanyň (1527- 78) uly goşun iberip,Aba serdaryň gozgalañyny ýatyrmak üçin eden bir näçe synanşyklary şowsyz bolupdyr. Aba serdar Eýran bilen öňden urşup gelýän özbek hökümdary Ali soltan bilen ylalşyk baglaşýar we onuň köpsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp Eýran goşunlarynyň 1554- nji hem-de 1557-nji ýyllarynda uly hüjümlerini kül-peýkun edýär. Bu ýeňişler Aba serdara uly şohrat getirýär. Ol bütün Astarabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatyna geçirýär.Türkmen atly ýigitlerniň serkerdesi Aba serdaryň bu söweşlerniň netijesinde bütün kenarýaka Türkmenleri10-12 ýyllap Eýran häkimiýetlerine garaşsyz bolupdyrlar. Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky Türkmen taýpalarnyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürlenden ( ol ukuda ýatyrka Eýran häkimiýetleriniň ýörite tabşyrgy bilen,öz pars aýalnyň guly tarapyndan öldürilýär) soň hem bir näçe wagtlap dowam edipdir we Türkmenleriň özbaşdaklagyny gorap saklapdyr. Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldürilmegi bilen kem-kemden ýatyşan hem bolsa,Türkmen halkyna siýasi taýdan ulya abraý getiripdir. Soň-soñlar Astarabat ülkesinde Türkmenleiň täsiri güýçli bolupdyr.Umuman, Aba serdar Türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde tarih-da yz galdyran şahysdaryň biri-dir. |