Türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyň, 21 Februal, Halkara Ene dil günüň mynasybatyna ýazan makalasy.

Ene dili – guwanjymyz

Ene dilini goramak hem onuň ýaşaýandygyny baýram etmek häzir öz ýurdundan çetde galanlaryň aladasyna öwrüldi. Ene diline janköýerlik edýän döwlet ýa-da hökümet däl-de, köplenç ene dilinden mahrum bolanlar, ýat ilde ýaşaýanlar. Bu bir geň ýagdaý. Aslynda beýle bir geň hem däl.

Ene dili ene toprakdan daşardakylar üçin, öz milliligini saklamagyň esasy serişdesi. Olara ene dili däp-dessuryny goramaga, kesekileriň arasynda ýitip gitmezlige kömek edýär.

Ene dilinden mahrum bolanlaryň muny nähili güýçli isleýändigini men orta ýaşymda görüpdim. Biz Gara deňziň güzaýyndaky Krymda, Garadagyň etegindäki Koktebel diýen ýerede dynç alýardyk. Deňizden çykyp, bolýan jaýymyza gaýdanymyzda, aýalym çagalaryna käýinip başlady. Sebäbi olaryň deňizden çykasy gelmeýärdi. Bir adam bolsa biziň söbügimizi basyp gelýärdi.

Men durdum-da, oňa “geçiberiň” diýip ýüzlendim. Ol boz-ýaz bolup, başyny ýaýkady. Rusçalap:

– Bagyşlaň, men siziň gürrüňizi diňläp barýan – diýdi. – Siz öz ene diliňizde çagalaryňyza käýäbem bilýäňiz.

Men onuň gözünde ýaş gördüm. Ol Krym tatary ekeni. Olary Stalin 45-nji ýylda öz topragyndan göçürip, SSSR-iň dürli künjegine dargadypdy. Olaryň dilinde mekdep ýokdy, gazet-žurnal çykmaýardy. Jennet ýaly bu gözel toprak, töwerek-daş olaryň dili bilen atlandyrylsa-da, olara bu ýerde ýaşamak ýa-da ene dilinde geplemek gadagandy. Olar iň gowy sözi aýdaýanlarynda-da, kemsidilmekden gorkýardylar.

Şol gorky eýsem, ýurdundan aýrylan haýsy bir ynsanda ýok?

Olar – Krym tatarlary gün-güzeran üçin, rus dilini saýlap alypdylar hem rus dilinde iş ýöredýärdiler.

Ene dili her millete Ýaradan tarapyndan ýeke gezek berilýän örän gymmatly peşgeş bolsa gerek. Biziň guwanjymyz – ene dilimiz. Biziň utanja galmaz ýaly, baý hem gowy dilimiz bar. Häzirki ösen Ýewropa tä XV1-XV11 asyrlara çenli grek ýa latyn dilinde ýazyp-okaýan wagtynda, biziň türki dilde baý medeniýetimiz bolupdy. Aýratyn türki tamgalar (tagmalar) bardy. Günorta Sibirde hem Demirgazyk Moňgoliýada V11-X1 asyrlara degişli daş ýazgylar galypdyr. Ýusup Has Hajyp Balasaguny türki dilde “Kutadgu Bilig” diýen dünýä belli eserini ýazypdy. Mahmut Kaşgary bolsa türki diliň sözlügini döretdi.

Türki taýpalar ösüp hem bölünip, dürli milletler kemala gelende, türkmen dilinde Andalyp, Şeýdaýy, Magtymguly ýaly beýik akyldar-şahyrlar ölmejek-öçmejek eserler döretdiler.

Bizde gepleşik dili bilen ýazuwly edebiýatyň dili bilelikde ösüpdir. Ýogsa köp halklarda gepleşik dili bolup, ýazuwly edebiýat döräp ýetişmeýär. Biziň bolsa örän baý hem kämil medeni mirasymyz bar. Muny A. Wamberi, W.W. Bartold, A.N. Samoýlowiç, B.E.Bertels ýaly dünýä belli alymlar hem syýahatçylar ykrar edýärler. Her halda her halkyň dili özüne iňňän beýik bolup durýar.

Beýleki hazynalardan tapawutlylykda, dil janlydyr. Janly miras bolany üçin, biz oňa aýawly çemeleşmelidiris. Ol ynsan kalbynda hem sözünde ýaşaýar. Başgaça aýdylanda, dil şol dilde gürleýän adamlar bilen bile ýaşaýar. Bu bolsa diliň iň möhüm tapawutly tarapydyr. Alymlar diliň kadaly ýaşamagy üçin, ýüz müň adamyň şol dilde geplemeginiň zerurdygyny aýdýarlar. Millet babatynda aýdylanda bolsa, milletiň çagalarynyň 30% gowragyny, ýagny her üç çagadan biriniň öz ene dilinde okamagy gerek. Şol janlylyk biziň maddy hem medeni baýlygymyzy gorap saklamak üçin zerur şert. Eger “Göroglynyň” ýa-da “Şasenem-Garybyň” dilinde gürleýän adam bolmasa, ol ýadygärlikler öz-özünden ölýär.

Ene dilimiz babatynda şeýle howpuň bolandygyny ýakyn taryhymyzdan görüp bilýäris.

1917-nji ýylda Orsyýetde Oktýabr rewolýusiýasy bolup, bolşewikler häkimiýeti alanlarynda, bu imperiýa girýän dürli halklarda 193 dil bar ekeni. 1991-nji ýylda SSSR darganynda bolsa diňe 40 dil galypdyr. Şeýlelikde, SSSR-de her ýylda ortaça iki dil ölüpdir. Şol wagtyň özünde şeýle howp biziň dilimize-de abandy. Şäher ilatynyň dili, ähli iş kagyzlary rus dilinde ýöredildi. Oba ýerlerinde kiçi ýaşly çagalar bakjalaryny rus diline geçirmek barada teklipler gurnaldy. 80-nji ýyllaryň ortalarynda, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň kömekçisi, taryh ylymlarynyň kandidaty I.I. Şmakow türkmen diliniň öz ähmiýetini hem hyzmatyny doly ýitirendigini aýdyp, rus diline geçmegi öňe sürdi. Ol pikiri goldaýan intelligensiýa hem tapyldy. Eger SSSR bäş-alty ýyl saklanan bolsa, türkmen dilinden resmi ýagdaýda ýüz öwrülmegi mümkindi. Şeýle howpy duýan dagystanly awar şahyry Resul Gamzadow “Ertir meniň dilim ýitjek bolsa, ondan men şu gün ölmäge taýýar” diýdi.

Biziň dilimiz – biziň ruhy dünýämiz. Ol biziň häsiýetimiz hem durmuşymyz. Ol biziň ruhy dünýämiziň kemala gelmeginiň gözbaşy. Şonuň üçin her halkyň dili gaýtalanmajak medeni baýlyk bolup durýar. Ene dili bizi geçmiş bilen baglanyşdyrýar. Dil bize geçmiş medeniýetimiziň nähili bolandygyny görkezýär. Biz dilimizi aýawly ýaşadyp bilsek, medeni mirasymyzy ertirki gün üçin hem gorap saklaýarys. Şeýlelikde, dil biziň ertirimiz. Özümizde hem tutuş halkymyzda bolan iň gowy däpleri ene dili arkaly neslimize geçirip bilýäris.

Ene diline eýe bolup durýan döwlet bu ugurda ýeterlik alada edýärmi? Biz şol mirasy ýeterlik gorap bilýärismi? Ýok, gorap bilemzok. Köp babatda harlaýas.

Ýurduň paýtagty Aşagabadyň merkezinde, ýokary döwlet derejesinde geçirilýän prezidentlik saýlawlaryna çagyryjy ägirt uly ýazgylarda harp ýalňyşynyň göýberilýändigi dünýä äşgär boldy. Bu gün Türkmenistanyň paýtagty iň görnükli ýerden asylyp goýlan ýazgyda “güni” hem “gün” sözlerini seljerip bilmese, ýurduň çetinde okuwsyz galanlara näme diýip bolar? Türkmen diliniň sözlüginiň 1-nji we iň soňky gezek çykarylanyna indi laýyk 50 ýyl dolýar. Iň soňki çykarylan orfografik sözlügiň neşir edileli bäri 23 ýyl geçdi, özem ol kiril (cril) elipbisinde. Onsoň bu günki gün ýaş nesil bir sözüň nähili dogry ýazylýanyny nireden bilsin? Ene dilinden okuw kitaplaryny tapyp bolanok. Türkmen dilini özbaşdak öwrenjekler üçin aýratyn gollanma ýok. Ene dilinden bar bolan okuw kitaplary-da entek internet sahypalarynda goýlanok. Ol edil döwlet syry ýaly gizlin saklanýar. Aslynda ýurtda kitap çykarmak gadagan. Ene dilini öwrenjek çagalar üçin aýratyn suratly žurnallar ýa-da gazetler çap edilenok.

Biziň hökümetimiz ene diliniň halkara gününde beýleki döwletleriň edişi ýaly, döwlet dilini ýaýradýanlary sylaglamakdan-a geçen, gaýta ony ýaýradyjylary ýurda salmaýar.

Günbatarly ildeşim bir guwançly ýagdaýy gürrüň berdi. Onuň ogly on ýyl aýralykdan soň ýurda gidip gelipdir. Ol demi-demine ýetmän: “Däde, ýurtda meniň ýaly ýaşlar türkmen dilinde gürleşýärler” diýip, begenip gürrüň beripdir. Türkmenistan ýurduň daşynda ýaşaýan ýaşlary şol begençli pursatdan mahrum edýär. Gawun-garpyz ýa suw baýramçylygyny giňden toýlaýan Türkmenistan ene diliniň halkara gününi ýatlamak islemeýär. 

Aslynda, dil milletiň bitewiligi. Adamlaryň, toparlaryň millet bolmagy üçin, dil esasy şert saýylýar. Eger biz irki türki taýpalaryny ýatlasak, olardan öz bitewi dili we şol dilde döredilen medeni mirasy bolmadyk taýpalar dargap, başgalaryň arasyna siňip gidipdir. Biz bolsak döwlet gurduk. Şu gurlan döwletde hut şol adamlaryň, XV11-X1X asyr klassyklarymyzyň aýratyn paýy bar. Sebäbi ene dili milli bitewilik, ýagny ruhy birlik döredýär. Ene dil şol dilde gepleýänleriň pikirlenişini, isleg-arzuwlaryny biri-birine ýakynlaşdyrýar. Eger biz Magtymgulyny alsak, ol her bir türkmen üçin, pygamber derejesindäki beýik akyldardyr. Ähli türkmeniň arasynda Magtymgulyny sylamajagy ýok.

Dürli taryhy şertler zerarly käbir türkmen taýpalary ir döwürde başga halklaryň arasyna göçüp, türkmenleriň umumy topragyndan üzňelikde galypdyrlar. Meselem, Orsyýetiň Stawropol ülkesinde oturan türkmenler Magtymguly dogulmazdan öň şol ýere göçüp barýarlar. Soňra Magtymguly şol türkmenleriň arasyna hem barypdyr. Eger Magtymguly barmadyk bolsa, olar ene dilinde gürlemedik bolsa, bu günki güne çenli ýitip giderdiler.

Şol ynsanlaryň hyzmaty bilen türkmen döwleti berkarar edildi. Häzirki resmiler şol ynsanlaryň hyzmaty bilen ýokary wezipede hem altyn kürsülerde otyrlar.

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Dünýä türkmenleri paýtagt Aşgabada jemlenýärler. Eger olar bir dilde geplemese, biri-biriniň diline düşünişmese, nähili birlik bolup bilerdi? Şeýle bileleşige gatnaşan adamlar owaly ene diliniň gürrüňini etmän, eýsem nähili meseläni çözüp biler?

Her halda, ene dili ol dilden daşda ýaşaýanlar üçin has zerur bolmagynda galýar. Olar ene dilini ýitiren güni öz milletini-de ýitirmeginden howatyr edýärler.

Hudaýberdi Hally, türkmen ýazyjysy.