GURBANLYGYÑYZ KABUL BOLSUN! 2005-01-22 Gurbanlyk baýramy gelip ýetdi. Türkmenleriñ arasynda musulmançylyk kabul edilensoñ kynçylyksyz ornaşan dessurlaryñ biri Gurbanlyk ýa-da Gurban baýramydyr. Gurbanlykda mal öldürilip, sadaka berilýär. Her kim göwnünden çykaran kiçiräk bir malyny öldürip, ýogsa-da goñşy-golam, dogan-garyndaş bilen paýa girip, bilelikde iri mal öldürip, köçesine, obasyna hödür-kerem edýär, saçak ýazýar. Gurbanlygyñ köki dini rowaýata baryp direýär. Ol rowaýatda musulmançylykdan öñki döwürde adamlaryñ Hudaýyñ ýoluna adam janyny gurban berendigi aýdylýar. Bir günem Hudaýyñ ýoluna gurban bermek gezegi Ybraýym pygambere ýetýär. Gurbany her maşgala özünden bermeli eken. Onsoñ Ybraýym pygamber Hudaýy öz hem öz maşgala agzalarynyñ janyndan ileri tutup, ýalñyz ogluny Hudaýyñ ýoluna gurban bermekçi bolýar. Şeýle niýet bilenem ony Gurbanlyk berilýän dagyñ depesine äkidýär. Rowaýata görä, oglunyñ damagyna pyçak goýanda, Ybraýym pygamberiñ gulagyna ýokardan owaz gelýär: ”Oglanyñ janynyñ öwezine goç iberdim, Gurbanlyk şol bolar. Oglan azat!” Şol demde asmandan bir goç inýär. Ybraýym pygamberem oglunyñ deregine goçy Hudaýyñ ýoluna Gurbanlyk berýär. Şol günden beylägem Hudaýyñ ýoluna adam janyny gurban bermek bes edilip, malyñ janyny Gurbanlyk bermek dessury başlanan diýip dini rowaýatlarda aýdylýar. Bu rowaýat düýp-teýkarynda adamzat jemgyýetinde ir döwürde bolup geçen progressiv öwrülişigi Hudaýyñ ýoluna adam gurban bermekden mal gurban bermek däbine geçilmegini şöhlelendiryär. Şonuñ üçin bolsa gerek türkmençilikde gurbanlyk berilýän mala ”janly” diýilýär. Hudaýyñ ýoluna janly berilýär: bir janyñ deregine bir jan… Ýagny, eger üns berseñ, onuñ adam janynyñ ornuny tutýandygy ýañzydylýar. Öz döwründe örän uly progressiv öñegidişlik bolan bu dessur musulman dini bilen baglydyr we Gurban baýramy-da şol progressiv öwrülişigiñ dabaralandyrylýan günleridir. Bu baýramçylyk dessury bize musulman dini bilen bile gelipdir. Türkmenleriñ arasynda Gurban baýramyna Gurbanlyk diýilýär. Gurbanlykda bütin Türkmen ilinde beýik hiññillikler guralyp, ýaş-ýeleñ, gyz-gelin, oglan-uşak hiññillikde uçup, ”günä dökmek” dessuryny berjaý edýärler. Biziñ halkymyzyñ arasynda Gurbalyga täze lybas, egin-baş geýmek ýörgünli. Sebäbi Gurbalykda ilkinji gezek geýlen egin-eşik eýesine düşümli bolýar diýen düşunje bar. Gurbanlyk baýramy türkmen ilinde örän dabaraly, şowhunly geçýär. Halkyñ bu dabaraly, şüweleñli baýramy gowy görendigi üçinem 70 ýyllap göreşse-de, sovet hökümetine bu baýramçylygy ýok etmek başartmady. Gurbanlyga bişirip duran çorbaly, palawly gazanlary Kommunistik lakaşalar tarapyndan depilse-de, guran hiññillikleri ýykylsa-da, türkmenler barybir bu däbi ýöretdiler. Bu Gurbanlykda naharly gazany depilen, çorbasy, palawy guma garylan türkmenler indiki ýyl Gurbanlyk gelende, ýene-de ýagşy umyt bilen gazan atardylar, hiññillik dikdiler. Käte öz hiññilliklerini goramak üçin depesinde SSKP-niñ Politbýurosynyñ agzalarynyñ, hatda Brejneviñ porteretini goýmaga-da mejbur boldular. Türkmenleriñ arasynda Hudaýyñ ýoluna adam janyny gurban bermek däbiniñ bolandygy hakynda bizde degerli maglumat ýok. Muña garamazdan, keseden gelen we düýbünden esassyz bolup görünýän Gurbanlyk türkmenleriñ arasynda gowy garşylanan we biziñ halkymyzyñ arasynda gowy ornaşan baýramçylyklaryñ biridir. Gurbanlyk günleri sahawat we dynçlyk günleri saýylýar. Gurbanlykda ozal biri biriniñ göwnüne nahakdan degen adamlar birek-biregiñ günäsini geçýärler, ýarasýarlar. Urus-dawa barýan bolsa, iñ bärkisi Gurbanlyk geçýänçä duruzulýar. Türkmenistanyñ AGZYBIRLIK Demokratik Halk Hereketiniñ adyndan öz ildeşlerimiziñ hemmesini bu ýagşylykly baýramçylyk bilen gutlaýarys! Sadakalaryñyz kabul bolsun! A.Welsapar, ýazyjy |