Adam ogly aýralyga neýlesin , kim galar görmäni ajal hilesin. Magtymguly Hormatly Hangeldi Ownuk we eçeri(familia) agzalary ! 18-nji Desembir güni berjek sadakaňyz Kabul bolsun. Örän ir aramyzdan giden Maksat Salyh janyň belent hatyrsy ebedidir ýatan ýerine nur ýagsyn, galan ömrüni galanlara bagyşlasyn. Ýaşaýyşda, entek bir ýalňyşlykdan( we ýa säwlikden) emele gelýän pajyga( bedbagtçylyk)lar az bolmany kä mahal bolup durany üçin adamlar dünýäniň ähli ýerinde olary tebigy hadysa hökmünde Kabul edýändirler. Şonuň üçin-de adamlar dünýäniň ähli künjeginde, ölümiň hemme görnüşini “ her zada kadyr Taňrynyň buýrugy“ Kabul edip beterinden saklamagy dileg edýärler. Biz we ähli il-günümiz müňlerçe umyt-arzu bilen ekläp-saklan ene-ata balasyny örän garaşylmadyk ýagdaýda elden bermeginiň diseň gaty agyrdygyny jany-tenimiz bilen duýup, ýüküňizi bilelikde çekip ajyňyzy paýlaşýarys. Bu agyr hem şum hadysaň 8-nji aýy mynasybatly ýene bir gezek çuňňur gynanjymyzy we duýgudaşlygymyzy bildirmek bilen, merhumyň galanlaryna ylaýta-da ene-atasyna Beýik Taňrydan sabyr we göwnüňize giňlik bermegi dileg edýäris. Döwürler dolanar, gerdişler döner, niçeler göçerler, niçeler gonar , niçäniň mäşäli täze-den ýanar , niçäniň çyrasy öçip baradyr. Magtymguly Maksat janyň ýatan ýeri ýagty we jaýy jennetden bolsun! Türkmen edebiýaty we sungaty paltalk otogyň WE edebiýaty-we-sungaty web sahypaň müdiriýeti 16- 12- 2005 |