Akmyrat Gürgenli

Taryh ylymlaryñ kandidaty

Milli şahyrymyz

MAGTYMGULY

HAKYNDA:

Bibliografiýa hem Kä bir Tankydy garaýyşlar

Magtymguly köñle gaýgy getirme,

Bu bir iş wagtydyr, özüñi ýitirme,

Sözüm diñlän ýok diýip, öm-süm oturma,

Jahan giñdir, çendan bilende bardyr.

Giriş

Magtymguly— Bu bütin Türkmen üçin, damarlarynda Türkmen gany coşýan, çeper sözüñ ähli muştaklary üçin iñ mähriban, iñ guwançly, buýsançly at. Belli rus gündogarşynasy V.Bartoldyñ caýdar belleýşi ýaly, bütin orta Azyýa halklarynyñ arasynda diñe Türkmenlerde  millin şahyr bolupdyr, ol-da Magtymgulydyr.

   Magtymguly, beýik akyldar, filosof, gündogaryñ pähim-paýhasyny öñe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr, Türkmen diliniñ ösmeginde, ony reformalaşdyrmakda ägirt uly iş bitiren şahsyýet. Şahyrymyz Mämedweli Kemiýnäniñ sözleri bilen aýytsak: «Magtymguly edebiýat meýdanynyñ oraguny orup giden» şahyr. Belli Türk şahyry Nazym Hikmet   Magtymgulynyñ 250 ýyllyk poizýa baýramçylygy geçýän mahalay 1975-nji ýylda Aşgabada baranda şahyrymyz hakynda şeýle diýipdir:

«Magtymguly meniñ hem şahyrym, onuñ dili meniñ hem dilim...Men Magtygulydan köp zatlar öwrenýärin, ol meniñ-de ussadym. Ýöne onuñ bir öwreden  ullakan zadyny has nygtasym gelýär; ol-da öz halkyñ azatlygy üçin göreşmek.»

  Türkmen halkynyñ edebiýat taryhynda ençeme klassik şahyry sanap bolar. Olardan alym Bertlesiñ aýdyşy ýaly, söz ussady, deñi-taýy bolmadyk Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly, Türkmeniñ edebiýat hazynasynyñ gymmat baha daşlarynyñ biri bolup, ol biziñ zamanamyzda täze ýüzügiñ gaşynda gözüñi gamyşdyrjy şöhlesi bilen lowurdaýar. «Magtymguly, Jemşiýdiñ jamydyr.»

   Magtymguly, 18-nji asyrda ýaşap, özüniñ dürdäne döredijiligi, bar ukyýby bilen Türkmen edebiýatyny, Türkmen dilini ösdüren şahyr. Belli alym Mäti Kösäýev aýytmyşlaýyn Türkmen halkynyñ wepaly ogly Magtymguly örän kiçi göwünli, saýhally, edepli, salyhatly, sypaýy adam bolupdyr. Ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhräte kowalaşmandyr, serpaý üçin köşk şahyry bolmandyr, ol adamkärçiligiñ iñ gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir. Şahyr ulumsylyk edýänleri, tekepbiýrleri, bedasyl şöhratparazlary, açgöz hyrsy dünýäleri, elmydama rehimsiz tankyýt edip, olary «ýurdy ýykan, orramsydan bolan haramhorlar» diýip ýazgarypdyr.

  Gündogaryñ çeperçilik pikriniñ ösüş taryhynda, Türkmeniñ beýik ogullarynyñ birisi Magtymguly Pyragy özboluşly şahyrana dünýäni açdy. Onuñ asyrlar aşyp gelen ajaýyp sözi, umumy adamzat bähbitli şahyrana pikirleriñ giden bir älemini ýada salýandygyndan başga-da, özünyñ ruhy taýdan çuññur milliligi bilen hem äşgär tapawutlandy.

  Magtymguly, külli Türkmeniñ şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan şahsyýet, şonuñ üçin onuñ ajaýyp setirlerine, gyzylyñ gyryndysy ýaly garamak duýgusy diñe bir Türkmen halkyna häsýetli duýgy bolman, eýsem, dünýäniñ dürli halklaryna mahsus duýga öwrüldi. Özi–hem şahyryñ altyn setirleri, şeýle duýgy bilen örän irki döwürlerden bäri ünsi özüne çekip geldi. Şoña görä onuñ dana setirlerini birleşdirýän aýry-aýry şygyr diwanlarynyñ bir ujy Hindistandan çyksa, bir ujy meşhur Britan muzeýinden çykd   

-----------------------------------

Magtymgulynyñ diwanynyñ daş basma çaplary

  Baryp 1842-nji ýylda, palýak/Lehistanly alymy Alehander Chodozko tarapyndan onuñ 3 goşgusy Londonda neşir edildi. Ol bu goşgulary 1833-nji ýylda Köpetdag etrabyna, demirgazyk Hurasana geçiren siýahaty döwründe ýygnapdyr. Neşir bolan goşgular «Duza myýhmandyr», «Galmazlar», «Sil galmaz». Şeýle-de şahyra degişli bolan «Ýaraşmaz» (...Aksakgallyk ýaraşmaz), «Olmaz»(...kebuter olmaz) ýaly şygyrlary Kemine we Aýdyñ Deregezli diýen şahslaryñ eseri diýip görkezipdir.

   Gazan we Petrburg universitetleriniñ professory Brezin tarapyndan 1862-nji ýylda taýýarlanan «Türk hiristomatiýa»synda Magtymgulynyñ goşgulary ýerleşdirildi. 30-dan gowrak goşgusy bolsa belli Venger/Majar alymy, Budapest universitetiñ professory Vamberiniñ tagallasy bilen 1879-nji ýylda Leýpzikde neşir edildi. (Seret. Zeitschrift der deutschen morgenländi schen gesellschaft. Bd.33)

  1907-nji ýylda professor N.P.Ostreomov «Türküstan habarlary» atly gazetiñ 54-58-nji sanlarynda şahyryñ 81 sany goşgusyny neşir edýär. Streomov şol ýylda G.H.Aryfjanonyñ litografiýasynda «Otuziki tohum kyssasy we Mahtymguly» eserini çap etdirýär. Bu kitap 1911-nji ýylda Maryly kitap  söwdigäri-Mir Zahed Mir Syddykogly tarapyndan 2000 nusgada neşir edilýär. 1911-nji ýylda Ostreomov Magtymgulynyñ goşgularyny ýörite bir kitapça hökmünde, arap elip-bisinde Daşkentde neşir edýär. Şahyryñ goşgular ýygyndysy Stavropol, Ufa, Gazan, Simfropol, Urenborg we Hywa ýaly şäherlerde çap edilipdir. Magtymgulynyñ goşgular ýygyndysynyñ iñ oñat görnüsi- ençeme Türkmen alymlaryñ gatnaşmagy esasynda- 1910-nji ýylda Buharada çap bolýar. Bu gymmatly eser Özbekistanyñ Abureýhan Biýruni adyndaky gündogary öwreniş inistitutynyñ litografi çaplary saklanýan hazynasynda saklanýar.

  1912-nji ýylda Astrahanda ýaşan Nurmuhommet ogly Niýazy, şahyryñ goşgular ýygyndysyny «Diwan-e Mahtumguly» ady bilen çap etdirýär. Bu barada A.Z.Welidov «Şura» jurnalynda (Nr.12-17. 1913-nji ýyl) gyzykly maglumat berýär. Niýazynyñ aýytmagyna görä şahyryñ eseriniñ çap edilmeginde «Ýagşymämet ogly Hajy Nury efendi» hem ýardam edipdir.

  1914-nji ýylda Esengulyda ýaşap öten Gurbanberdi Gürgeni  öz harajaty bilen Azadynyñ behişt namasy bilen «Diwan-e Magtymgulyny» neşir edýär. Bu ýygyndy-da şahyryñ jemi 189 goşgusy ýerleşipdir.

 «Türküstan ýygyndysy» atly esereriñ 422-nji tomunyñ 125-135 we 446-nji tomunyñ 65-nji sahypasynda V.E.Mejov tarapynda şahyryñ 78 sany goşgusy çap bolupdyr.

   Magtymgulynyñ çeperçilik mektebe öwrülen poizýasynyñ hakyky gadyr-gyýmatynyñ bütin halk tarapyndan özleşdirlen şu zamanda, onuñ şahyrana dörüdijiligine aýratyn sarpa goýulýandynyñ sebäbi hakda gürrüñ edip oturmagyñ hajaty ýok. Diñe bir zat ýörite nygtamaga degýär. Magtymgulynyñ, hem-de onuñ dörüdijilik mektebine geçen klassik şahyrlarmyzyñ ajaýyp mirasyna goýulýan hormat we sarpa munyñ aýdyñ şaýadydyr.

   1944-nji ýylda Almanyñ berlin şäherinde latyn hatynda ildeşimiz Gurban tarapyndan 85 sahypada taýýarlanan Magtymgulynyñ eseri çap boldy. Eseri «Türküstanyñ azatlygy ugrunda» atly gurama çap edipdir. Oña, «Milli Türküstan komitetiñ ýanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan çykarlan 4-nji kitap» diýlipdir. Eserde 2 sahypa Almança, 8 sahypa Türkmençe söz başy ýerleşipdir. Söz başynda şeýle diýlipdir:

«Özlerini, öz milletiniñ hoşbagytly ugrunda gurban edýärler, ine biziñ meşhur Magtymgulymyz hem şeýle beýik şahsyýetiñ biridir...»

   Eseri çap etmäge tagalla eden ildeşimiz Gurban hakynda şeýle maglumat bar:

Onuñ hakyky ady Remezan bolmaly, ol Gyzylarbatly Gökleñlerden. Oktober ynkylabynyñ başlarynda şahyr Gara Seýitli bilen Bakua okuwa gidip, mugallyýmçylyk terbiýe berýän ýokary okuny tamamlap, Türkmenistana gaýdyp barýar we ol ýerde taryh mugallymy bolup işleýär, ol Bakuly bir gyýza öýlenýär. 2-nji jahan urşy başlananda, fronta ýollanýar we Almanlara ýesir düşýär. Gurban Almanda döredilen «Türküstany  azatediş komitete» agza edilip alynýar we baryp 1944-nji ýylda faşistlaryñ dünýä gan çaýkan döwründe Magtymgulynyñ eserini çap etdirmegi başarýar. Gurban 1960-nji ýyla çenli Inglisleriñ Kipirde guran bir radio stansiýasynda işläp, soñ Türkmenistana gaýdyp barýar we näbelli ýagdaýda aradan çykýar. (Myrat Täçmyrat/ Täçmyrat aganyñ ýatlamalaryndan alyndy)

    Magtymgulynyñ goşgulary Türkmenistanda, Eýranda we Owganystanda gaýta-gaýta çap edildi, olar şulardan ybarat:

A. Türkmenistanda

   «Ýöne bir uly däl, juda uly sen,

    Dag ogly, dag şiri, Magtymguly sen.

   Şonuñ üçin saýlap daşlañ ulusyn,

  Ýasadyk biz senden dagyn ýagşysyn.»

                                                    K.Gurbannepes

 Magtymgulynyñ edebi mirasy Türkmenistanda 10-dan gowrak gezek çap edildi, olar ýyl tertibi boýunça şeýle:

1. Magtymguly.Goşgulary.Aşgabbat.(Paltaratski) Türkmen Döwlet Neşriýaty (T.D.N). 1926 Çapa taýýarlan Berdi Kerbabaýev. Arap-cezidçe hatynda.

2. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgabat. 1940 Çapa taýýarlan, Ahmat Gürgenli(Ahundov). Latyn hatynda. Jübi görnüşünde.

3. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgbat. 1941

A.Gürgenli bilen Ruhy Alyýevyñ tagallalary bilen. Latyn hatynda.

4. Magtymguly. Goşgular ýygyndysy. Aş. 1944

Baýmuhommed Garryýev. Rus/kril hatynda.

5. Magtymguly. Saýlanan eserler. Aş. TDN. 1957. Rus hatynda.

6. Magtymguly. Saýlanan eserler. Aş. 1959. İki tom.

Rus hatynda. B.Garryýev.   M.Kösaýev.

7. Magtymguly. Saýlanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw. 1960. Şahyryñ   225 ýyllygy mynasybatyna. Arap hatynda. M.Köse, Baýamuhmmed Ahundy/Müderresi.

8. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aş. 1976, 1977. Türkmenistan Neşriýaty (T.N). B.Garryýev    M.Kösäýev.

9. Magtymguly. Saýlanan eserler. İki tom. T.N. AŞ. 1983. Şahyryñ 250 ýyllygy mynasybatyna. G.Nazarov, Mükiamanov, Öwezgeldiýv, Çaryýev, Nurýagdyýev. Rus hatynda.

10. Magtymguly. şygyrlar. 3 tom. Aş. 1992, 1994. Mülkamanov, M.Öwezgeldi, M.Çaryýev...Rus hatynda.

    Soñky neşirlerden habarymyz ýok.

                                  ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

   Milli şahyr Magtymgulynyñ goşgulary ýeke Türkmen dilinde däl, eýsem birnäçe ýevropa dillerine hem neşir edildi. Onuñ dürdäne şygyrlary Rus, Ynglis, Fransuz, Polýak, Span, Alman, Arap, Pars, Venger, Türkiýe türkçesine terjime edilip, öwrän-öwrän neşir edildi we edilip gelýär.

B. Eýranda:

«Asly Gerkez, ýitmez ady,

Döwletmämet zurýady,

Magtymguly söz ussady,

Söz tohmun ekip gitdi.»

                            Abdylla Ahengeri

1. Diwan-e hezret-e Magtymguly. Çapa taýýarlan Molla-mürze Abdyllahy (Guşly). 1947. Arap hatynda. 136 shypa. Eýranda ilkinji çap.

2. Diwan-e hezret-e Magtymguly. Çapa taýýarlan Berdimäd Amany.

Kümmet Gabus 1949

3. Diwan-e kämil-e hezret-e Magtymguly. Kümmet. 1963, 156 sah.

4. Külliýat-e hezret-e Magtymguly Fragy. Gabus neşýiýaty. 1964

 620 sah. Çapa taýýarlanlar  Welimämmed Azernuş, Muratdurdy Gazy.

5. Magtymguly. Saýlanan şygyrlar. Aşgabat-Bakuw nusgasy esasynda.

Tehran, 1979-nji ýyl.

6. Magtymgulynyn kämil diwany. M.Gazy. Kümmet 1979.  803 sah.

7. Magtymguly Fragy. Ýaşaýyşy we saýlanan goşgulary. Abdyrahman Düýeji. Tehran 1984. Pars we Türkmen dillerinde  285 sah.

8. Magtymguly Fragynyñ kämil diwany. M.Gazy. Maşat. 1994. 2000 tiraj. 440 sah. Daş basma nusganyñ esasynda.

9. Magtymguly Pyragy. Nurgylyç Fedakar. Gülüstan. 2000

   Şahyryñ edebi mirasy barasynda Eýranyñ gazet-jurnallarynda makalalar çap edildi, şeýle-de ýörite kitap görnüşünde ylmy işler ýazyldy, şolardan:

1. Tenbiýh-el ehevan fi märefete Magtymguly iýşan تنبیه ال احوال فی معرفت مختومقلی ایشان (Magtymgulyny tanamak).Abdyrahman ahun Teñli. Türkmen dilinde. Tehran 1984

2. Hezret-e Magtymguly Fragynyñ guburyny goraýan toparynyñ neşri.1985

3. Arazmuhammet Sarly. Türküstanyñ taryhy. Tehran 1985.

4. A. Ahmady. Türkmenleriñ taryhyna gyýsgaja bakyş. Tehran . 1980

5. Magtymguly Türkmeniñ milli şahyry. Emin Güli «Gülçarh» edebi jurnal 2-nji san 6-nji Maý, 1986 şeýle-de şol jurnalyñ 3-nji june sanynda 1986 ýyl. Pars dilinde.

6. Emin Güli. Eýranda ýaşaýan Türkmenleriniñ siýasy-sosýal taryhyna bir bakyş. Tehran 1986. ylym neşriýaty.

7. Ýüsüp Azmun. Türkmen diliniñ grammatikasy. Ankara.1981

8. M.Sejjadiýe. Dostluk şahyýry. Tehran Keýhan gazeti. 22Aug. 1991

9. Ýüsüp.Gojuk. Film jurnaly. 8-nji san. Okt. 1990

10. M.Gazy. Edebi miýras. Magtymguly hakynda oýlanmalar. 1992

11. Magtymgulynyñ goşgulary hakynda. Amangylyç Şatmehr. Tehran 2000

12. Diwan kämil Magtymguly. Ahmet Ozedi. Tehran 1994

13. Magtymgulynyñ goşgulary, deñeşdirme esasynda syýn. Gonbätdurdy Äzemirad. Maşat 1998

14. Magtymguly. Goşgular ýygyndysy. 1-nji depder. Çapa taýýarlanlar: Maşatguly Gyzyl, Gafur hoja, Salyh Päk, Tañyrguly ýylgaý. Tehran 2000

15. Jame-e Eşrak. Magtymgulynyñ goşgularyna syýn. Nuretdin Sensebli. Gürgen 2002

  

   Bulardan başga Ýusup Gojugyñ «Ýaprak» we Musa Jürjäniniñ «Magtymgulyny ýatlap» diýen jurnallarynda-da şahyr hakda maglumat berlipdir.

Ýene-de köp eserler bolmaly, ýöne olaryñ hemmesinden habarymyz ýok.

  Eýranly ýazyjylardan Seýitaly Mirniýa öz «Deregezde ýaşaýan ilat» atly eserinde (Maşat 1983) Magtymgulyny şaýy mezhepli, ýurduny bolsa Deregezdäki Etek sebti diýip görkezse, Bastany Parizi, şahyry alamaçylykda garalaýar (Häşel-häft eseri. Tehran 1989).

   Şahyr barada Eýrandaky soñky neşirlerden habarymyz ýok.

 ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

C. Owganystda:

«Adyñ mukaddesdir Türkmenistanda,

Eýrandyr, Türkiýe, Owganystanda,

Türkmen öwladyna jümle jahanda,

Fezilet nuruny saçan Pyragy.»

                                      Şirmuhammet Ýeñiş

1. Magtymguly Fragynyñ şygyrlar toplamy. Şamuhammet Ýazmaz. Kabul 1986. 1983-nji ýylda Türkmenistanda çap edilen nusganyñ esasynda.

2. Nurmuhommet Garkyn: «Arzuwm bar galsam gözel il bile». Peşawer-Pakistan  1992.Türkmen dilinde. Arap hatynda.

3. Käbir kitap-jurnallarda şahyr barada maglumat berilyär.

----------------------------------

D. Ýevropada:

1. A.H.Boreýho. Polýakly alym ilkinji gezek 1842-nji ýylda şahyryñ üç sany şygryny Londonda neşir etdirýär.

2. Vamberi.H. Die sprache der turkomanen und der Machdumkuli. Zeitschrift der Deutschen Morgenländischen Gesellschaft. (Türkmendili we Magtymguly diwany. 1879. Eserde goşgularyñ almança terjimesi hem berlipdir. 56 sah.)

3. Şiýh Mohsen-e Faany. Magtymguly diwany we ýedi asyrlyk türkçe bir mänzuma. Ystanbul 1921. Türkiýe türkçesinde. 64 sah.(Vambriniñ çap eden nusgasy esasynda)

4. Zeki Velidi Togan. Türkiýýat mejmugasy (ýygyndysy) jurnalyñ ikinji sanynyñ 365-nji sah. 1928.ý

5. Ýaş Türküstan jurnaly. 98-nji san. 20,27-nji sah. Tahyr diýen kişi tarapyndan ýazylan «Türküstan milli edebiýaty etrapynda- Magtymguly» atly  makala. 1938-nji ýyl.

6. Z.V.Toganyñ Almanyn Liden(häzirki Köln) şäherinde 1963-nji ýylda çap bolan «Gündogar golýazmalary» atly kitabynyñ 224 -nji sahypasynda.

7. Almanyñ Visbaden şährinde 1965-nji ýylda çap bolan «Philologia Turcicae fundamenta”(Türk filologiýa esaslary)  atly kitabyñ 719-741-nji sahypalarynda, Johannes Benzing tarapyndan alman dilinde ýazylan «Türkmen edebiýaty» diýen makalasy. Bu ýazyjy doktorlyk tezini hem Türkmenleriñ diliniñ üstünde ýazýar we ony «Türkmen dilinde işlik türleri» ady bilen 1939-nji ýylda Berlinde çapa ýetirýär. Bu ýazyjy öz eserinde Türkmen ulusynyñ göreşjeñ ynsany Kümüşdepeli Dr.Ahmad Gara-daglyny hem onuñ ýetiren kömeklerini ýatlap geçýär. (Dr. Molla Aşyr Gazydan alnan maglumat)

8. Baýmürze Haýit. «Turküstan Rus bile  Çiýn (Hytaý) arasynda» Almançadan terjime eden A.Sadak.  Hollandia. 1971.ý127-nji sah.

9. Louis Batsin.Magtymguly Pyragy. Fransça.1975. 131 sah.

10. Hemzeli. Magtymguly Fragy. Bakuw 1984

11.Himmet Biýraý. Magtymguly diwany. Kultur bakanlygy (ministerligi) Ankara 1992. Turkiýe türkçesinde. 538 sah.

12. Emine Gürsoý. Türkmen şiiri(goşgulary). Ystanbul. 1995.

13. Şvedsýanyñ Lund universitet bibliotekasynda saklanýan şahyryñ daşbasma görnüşinde çap bolan diwany. Lahur 1936

14. Gurban (Remezan). Magtymkuly. Milli Türküstan komitetiñ ýanyndaky edebi-ylmy bölümi tarapyndan 1944-njy ýylda Berlinde  Latyn hatynda. 79 sahypa.

15. Azmun.Ýüsüp. «Song from the steppes of Central Asia » (Orta-asiýa çöllerinden aýdymlar). İnglis dilinde. Şahyryn 40 sany goşgusy terjime edilipdir. Çap eden Magtymgulynyñ dostlary adyndaky jemgiýet. Britania.1995

16. Almanyñ «Mir» inseklopediasy 24-nji tomunyn 42-nji sahypasynda

17. Brockhaus inseklopediasynyñ 446-nji sahypasynda.

18. Britanika inseklopediýanyñ 28-nji bölüminiñ 1101-nji sahypasynda

19. Yslam inseklopediýa. Magtymguly sözi. Arapça

20. Makhtumguly. Polşada -Polýak dilinde 1954-nji ýyl

21. Makhtoumkouli Firaqui. Poemes de Turkménie. Traduits par L.Bazin et p. Boravav. Paris 1975( Jemi 88 sany goşgusy)

22. Magtimguli Piragi. Almunkban el. Budapesht. 1983

   ............................................................................................

Magtymgulynyñ ömri hakynda

 

Magtymguly budyr derdiñ,

Sahyby gerek her ýurduñ,

Şir zarbyn görmeýän gurduñ,

Her murty bir tire döner.

  17-nji asryñ soñlarynda anyk bolmadyk belli bir senede, häzirki Garry-gala we Marawadepe etraplarynda «Giýñ-jaý» diýen bir ýerde Gökleñleriñ Gerkez tiresinden beýik Magtymgulynyñ 3-nji arkasy Döwletmämet molla ýaşapdyr. Ondan takmynan 1654-nji ýylda Magtymguly diýen perzent dünýä inýär. Ömrüni agaç ýonma we ussaçylyk bilen geçireni üçin, onuñ «Ýonaçy» lakamy bolupdyr, ol az-owlak şygyr hem aýdypdyr. Ylmy, jany-teni bilen söýýän Magtymguly ýonaçy, garyýplyk zerarly mektebe gidip bilmän, baryp orta ýaşlarynda öýlenýär we ondan 1700-nji ýylda Türkmen halkynyñ alym ogly Döwletmämet ”Azady” dünýä inýär. Döwletmämet ilkinji okuny obada tamamlap, ýokary ylym almak üçin Hywa gidýär we birnäçe ýyldan soñ uly alym bolup, pirlerinden ak pata alyp, Gerkeze öwürlip ol ýerde mektep açýar.

  Garry molla lakamly Döwletmämetdan «Wagyz-el azat», «Hekaýet-e Jaber we Ensar», «Monajat nama», «Behişt nama», şeýle-de öz goly bilen  ýazyp, parasatly ogly Magtymgulynyn kämilleşdirmegi bilen «Muhteser» atly dini eser ýädigär galýar. Magtymgulynyñ nebirelerinden Ata işanyñ aýytmagyna göra bu kitaby 2-nji jahan urşy ýyllarynda Orsýetiñ Gürgen şäherinde konsuly bolup işlän Gylyç Kulyýev özlerinden amanat hökmünde alypdyr, soñra bu kitap Aşgabada alnyp gidilýär.

Döwletmämet «Wagyz-e azat» eserinde dürli sosýal kyýnçylyklara garap, ylym we düşünjäniñ ösmegini, garyplardan arka çykylmagyny, ýollaryñ, köpürleiñ we akar ýaplaryñ abadanlaşdyrylmagyny öñe sürýär. Ol bir goşgusynda şeýle diýär:

«Halk üzre çün häkim olarsa bir är,

         Adyl bile höküm eýlegeý leýl-o-nahar

         Häkim olganlar jahanda adyl ola ,

         Bezegeý är, özüni adly bile.»

Ýa-da başga bir ýerde:

         «Köñül içre owwal pikir eýlegil,

         Parh edip, ýagşy, ýamany söýlegil,

         Ger ýaman bolarsa söz, ýumgyl dodak

         Ýagşy bolsa, diýer sen ony ýagşyrak.»

  Döwletmämediñ eseri köplenç «Moýin-el morid»  we «Gutatgu bilik» eserleriñ äheñinde aýdylypdyr.

Döwletmämediñ ýaşaýyş we durmuşy barada şeýle maşlumat bar:

Azadyñ, Orazgül diýen aýalyndan Abdulla, Muhommetsapa, Magtymguly, Seýit, Gahyýrguly, Gulça, Zobeýde, Hurma we Orazgül bolýar.

Abdylla bilen Muhommetsapa ýaş wegtlarynda Çowdurhan bilen, Ahmatşa Dürränä kömek bermek üçin söweşe gidip, gaýdyp gelmeýärler. Magtynguly doganlaryna bagyşlap «bular gelmedi» diýen eligiýany döredýär. Döwletmämediñ Gahyrguly diýen oglundan Garaja molla, Garja molladan Bürre molla, ondan Annagurban ahun, ondan Nazarmämet işan, ondan Annagurban işan, ondan Gara işan, ondan Magtymguly häzir Türkmensähranyñ Jergelan böleginiñ Gerkez obasynda ýaşaýar. Hurmadan bolsa şahyr Gurbandurdy Zelili dünýä inýär. 

  Döwletmämet Azady 1760-nji ýyda pany dünýäden baky dünýä göç etýär. Magtymguly «Atamyñ» diýen goşgusynda bu waka barada şeýle diýipdir:

«Altmyş ýaşda, nowruz güni, Low ýyly,

         Tusdy ajal, ýoluñ tutdy Atamyñ,

         Bu dünýäniñ işi belemiş belli,

         Ömrüniñ tanabyny kesdi Atamyñ.»

  Belli bolan maglumatlara görä Türkmeniñ görnükli şahyry Magtimguly 1733-nji ýylda ýagty jahana inip, takmynan 1790-nji ýylda Marawa-depäniñ Aba-sary diýen çeşmäniñ kenarynda aradan çykyp, Akdokaýda atasynyñ ýanynda jaýlanypdyr.

         «Bilmeýän soranlara aýdyñ bu garyp adymyz,

Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.»

  Magtymguly başlangyç ylmy, atasyndan alýar, soñ bolsa Hywanyñ belli Şirgazy han medersesine okuwa gidýär. Şahyr ol ýerde üç ýyl okandan soñ, dogduk diýaryna gaýdyp gelýär. Käbir rowaýatlara göra şahyr Halajyñ Edris-baba medersesinde hem okapdyr. Rowaýatlara göra, ol Buharada okap ýören döwründe, Siýriýeli Türkmen Bahyýr ogly Nurykäzim bilen tanşyp, bilelikde Türküstanyñ köp ýelerini siýahat edip, Kabulyñ üsti bilen Lahura çenli ziýarat edenmiş. Şahyryñ «ilkinji kuwwat tapyp», gazal aýytmaga başlamagy göýä 9 ýaşynda «Turgul diýdiler» goşgusy bilen başlanan eken.

  

    Magtymgulynyñ ýaşan döwri-18-nji asyr- Türkmen halkynyñ iñ galagowuply döwüri bolupdyr. Bu ýagdaý 1736-nji ýyldan soñ ýagny Nedirşa özüni Eýranyñ şasy hökmünde jar edenden soñ has-da çylşyrymly bolýar. Nedir tagta geçenden soñ guduzaçan ýaly goñşy halklaryñ üstüne gan döküşikli çozuşlar edýär. Onuñ ganly gylyjy Owganystanda, Hindistanda  we Türküstanda şowurdap, günäsiz oturan ilatyñ üstünden iýnýär. Şol esasda Hiwa, Buhara hem tabyn edilýär. Elbette Nediriñ ganly ýörişleri Türkmen halkynyñ üstünden hem sawa geçmedi. Özüniñ siýasy özbaşdaklygyny saklamak Türkmen halky üçin ýeñil düşmedi. Magtymguly öz goşgularynda Nediriñ ganly ýörişlerini berk tankyt gamçysy astyna alýar. Şahyr, şa bilen aldym-berdimli söweşe giýrýär. Rowaýatlara görä, Magtymgulynyñ golýazmalary, Gyzylbaşlaryñ şol talañçylykly ýörişleri netijesinde ýok bolupdyr.

  Nedir şa, 1747-nji ýylda öldrülýär. Ol ölenden soñ gol astynda bolan ýurtlary üstünde häkimiýet ýöretmek ugrunda ganly göreş başlanýar. şeýle göreşleriñ netijesinde Owganystanda Ahmat Dürräni özüni şa diýip yglan edýär we öz häkimiýetini berkitmek üçin iki gezek hat üsti bilen Türkmenlere ýüzlenýär. Eýranly taryhçy Saniý-et dowle صنیع الدوله öz «Mätle-ol şämes مطلع الشمس »(Dañ şapagy) atly eserinde –kitap daş basma görnüsünde Tehranda çap boldy– bu hatlary getiripdir. Hatlar Gerkez han-begleriniñ adyna ýazylypdyr. Çowdurhanyñ baştutanlygynda Döwletmämediñ iki sany ogly Muhommetsafa bilen Abdylla, söweşmäge gidýärler we gaýdyp gelmeýärler. Magtymguly Atasynda rugsat diläp, doganlarynyñ gözlegine çykmakçy bolýar, emma iki oglunyñ ýoguna ýanan Azady oña rugsat bermeýär. Şahyr öz «Oglum-Azadym» goşgusynda bu hakda ýatlapdyr.

    Magtymguly ýaşlygyndan daýzasynyñ gyýzy Meñlä aşyk bolýar. Aýdylşyna göra Meñliniñ hakyky ady Ýañybeg bolup, Magtymguly yşyk syryny ile ýaýmajak bolup, onuñ adyny Meñli diýip tutupdyr. Meñli(Ýañybeg) Meded päliwanyñ gyýzy eken. Magtymguly, Hywada okap ýören döründe Meñliniñ «Şyhym Harpyga» berilýändigini eşidip, onuñ bilen eden ähdi-peýmany ýatlap, «Nowruzdan seni» diýen otly setirleri ýazýar.

  Rowaýatlara görä, şahyr göýe uruşda wepat bolan agasynyñ aýaly–ýeññesine öýlenenmiş. Ýöne munuñ beýle bolup bilmejegini aýdýanlaram bar, sebäbi yslam dininyñ ähli kadalaryny oñat bilýän Döwletmämet, giden ogulundan doly habar gelýänça, onuñ maşgalasyny beýleki ogluna nykalap bermez, uruşa gidenlerden bolsa habar-hatyr bolmaýar. Magtymguly soñra Akgyýz bilen durmuş gurýar, ondan  Ybraýym bilen Molla Bäbek dogýar, emme olar ir dünýäden gaýdýarlar.

 ******************************

Göreşjeñ şahyr

«Magtymguly...

Türkmen tireleriniñ hemmesi üçin deñ derejede

 gymmatly görülýän we umumy milli şahyr hasaplanýar.»

                                                                                  Akademik A.Ý.Krimiski

   Magtymguly öz döwrüniñ uly akyldary, döwrüniñ sosýal hem siýasy durmuşyna çuñ hem giýñ dünýä garaýyşy bilen göz ýetiren şahsyýet. Munuñ şeýledigine şahyryñ bize miras goýup giden ajaýyp setirleriniñ akyl sütünini emele getiren oýlanmalaryna göz gezdirmek ýeterlikdir. Şahyr, Türkmen halkynyñ siýasy durmuşynda ýüze çykan agyr şertlerine çeper analiz bermek bilen bu ýagdaýdan diýnmagyñ ýoluny agtarýar:

         «Musulmanlar gylyç goýsa bir-birine

         Döwlet dönüp, dinlar nugsana gelgeý,

         Zulum eýläp, bir-birin salsa esire,

         Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

         Bir-birini çapmak, ermes ärlikden,

         Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,

         Agzalalyk, aýraý ili dirilikden,

         Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.»

   Bu setirlerde öñe sürlen pikre, gönüden-göni, beýik şahyryñ öz döwrüniñ siýasy gurulşyny analizlemek netijesinde orta goýan jemgiýetçilik-siýasy ähmiýetli açyşy hökmünde baha bermek dogry bolar. Sebäbi Magtymgula çenli, 18-nji asyr Türkmenleriñ jemgiýetçilik-siýasy durmuşyny analizläp, şeýle dogry netijä gelen başga bir akyldarymyz ýok diýseñ boljak. Şahyr, Türkmen halkynyñ siýasy durmuşda düşen kyýn şertiniñ düýp sebäbini daşardan abanyp gelýän howplardan başga, tire-taýpalaryn arasyndaky agzalalykdan görýär. Has takyky, şahyr, öz kalbyny lerzana salan bu aýylyganç hakykaty düýp-teýkary bilen ýazgarýar. Uly pähimdar, tire-taýpa duşmançylygynyñ möwç uran döründe munuñ Türkmen halkynyñ ykbalynda ýitmez tagma bolup durandygyna aýdyñ göz ýetirýär:

         «Derdim bar, diýarymdan, döwrümden,

         Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy bilinmez.

         Zalymlaryñ jepasyndan, jebrinden,

         Yslam kaýsy, iman kaýsy bilinmez.»

   Hakyýkatdan hem öz dogduk diýarynyñ derdi, ýaşan döwrüniñ derdi, hut şahyryñ öz derdi. Sebäbi Magtymguly öz ülkesiniñ, öz zamanasynyñ agysyny aglan şahyr. Şonuñ üçin ol öz töwereginde görüp-eşiden wakalaryndan, aldym-berdimli durmuş hadyýsalaryndan akylly-başly baş çykarjak bolýar, halkyñ başyna düşen agyr günlerden diýnmagyñ aladasy bilen ýaşaýar. Bu, elbette, şahyra ýeñil düşmeýär. Ol agyr oýlaran soñ, özüniñ çykalga tapman kösenýändigini, umyýtdan düşüp aljyrap oturýandygyny-da giýzlejek bolmaýar. Türkmen topragyna daşarky duşmanlaryñ talañçylykly çözuşlarynyñ dowam edýän döwründe, tire-taýpalaryñ özara oñuşman, bir-birini çapyp ýörmeginiñ hakykatyny şahyr ölüm bilen deñeýär:

         «İstär elden çyka, döwlet humaýym,

         Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,

         Dilegim duş eýle gözel Allahym,

         Ersgin boldy, gitdi, gyzyl başymyz.»

   Gyzylbaşlaryñ ersgin almagy, şahyryñ liriki gahrymanynyñ ruhy çökgünliginiñ düýp sebäbidir. Ol, duşman ordasynyñ Türkmen topragyna ganly toýnagynyñ düşmezligi üçin gije-gündiýz doga kylmaga, nalyşly dileg etmäge hem taýýar:

         «Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

         Ýurt binamyz, gaýym bolsun, goýulsyn,

         Çille mes nerlermiz barça aýylsyn,

         Bir suprada eda bolsun aşymyz.»

  Ol, şeýlelik bilen Türkmen tireleriniñ bir supranyñ daşyna egrilmegini arzulaýar:

         «Türkmenler baglasa bir ýere bili,

         Guradar Gulzamy, derýaý-e Nili,

         Teke, Ýomut, Gökleñ, Ýazyr, Alyly,

         Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.»

Ýa-da

         «Hor galmasyn puştder puştum,

         Berkarar döwlet islärin.»

   Şahyr öz öñe süren ideýasynyñ, Türkmenler bir millet hökmünde ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly dälmi diýilýän heýhatly döwür bilen baglydygyny nygtaýar. Şoña görä, şahyryñ jandan syzdyryp gaýtalaýgy ýaly, Türkmen tire-taýpalarynyñ birligi, «jan gerekmi, pyçak»– döwrüniñ öñe çykaran talaby.

   Magtymgulynyñ, Kemal han Owgan diýen şahsyýeti, Ahmathan Dürräni. Sebäp, ol döwürde ol, Eýrany şaýylaryñ agalygyndan çykarmaga kasam eden kişidi. Bu waka, şaýy mezhebine eýerip, goñşy ükelere talañçylyly ýöriş geçirýän gyzylbaşlaryn çym-pytrak bolmak arzuundan gelip çykýar:

         «Ýomut, Gökleñ täsiýp edip özünden,

         Çekse goşun, öñi, ardy bilinmez.

         Sygmaý çyka deşt-o- dahan düzünden,

         Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

             

         Üç mün naýza bazy bardyr nökerden,

         Dört müñ pildary bardyr gala ýykardan,

         Teke, Salyr ýöriş etse ýokardan,

         Öñünde çömüç, kesek, gerdi bilinmez.»

   Şahyr orta çykaran durmuş hakykatyny paýhas eleginden geçirip, zamanasynyñ betasyllygy, asylzadalykdan ileri tutýan döwür bolandygy, ýagşylygyñ egsilip, ýamanlygyñ möwç urup joşýan, Piýgambar ornunda oturan kazylaryñ-da gara nebisleriniñ guluna öwrlüp para üçin el serýän, hatta dindarlaryñ dünýä maly üçin öz dininden el göterýän, gamçysyndan gan damýan zalymlaryñ zulmundan, garyp-puharayñ horlanýan, ejir çekýän, asylsyz beglere dowran dolanyp, şumlyk, haramylygyñ artan zamanasy bolandygyny we şol zamanyñ pessat bolanyny ýazyp, «panydan, bakaýa gitmeli» bolýandygy üçin gussaly oýlaryñ girdabyndan çykyp bilmeýär. Döwrüñ kemçiliklerini düzetmek üçin, şahyýr çäre agtarýar:

         «Bakyñ bu eýýamy, görün gerdişi,

         Pahyýra zulum etmek, zalymyñ işi.

         Hak ýolunda dogry gezen derwüşi,

         Goýmadylar, öz halyna ýatmaga.»

            

         «Ýüregim sabyrdan gitdi, karardan,

         Ýaman işdir bogaz bolmak är, ärden,

         Biýzara gelip men şeýle diýardan,

         Jür bolup men başym alyp gitmäge.»

::::::::::::::::::::::

Milli şahyryñ medeni mirasyny öwrenmek

«Magtymguly sözle herne bileniñ,

  Özüñe kemlik bil aýytman öleniñ,

  Taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ,

  Senden soñkulara ýädigär bolar.»

   Sözümiziñ başynda belläp geçişimiz ýaly, milli şahyrymyzyñ edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan jemhuriýeti gurlan ýyllardan  ýagny 1924-nji ýyldan bäri yýzy giderli dowam edip gelýäär. Şol ilkinji ýyllarda şahyryñ diñe il-güni wasp edýän goşgularyny çap edip, başga temaly goşgulary ünsden düşrüldi. Muña döwrüñ siýasaty güýçli täsir etdi. Ynsankärçilik düzgüni wada beren bolşevikler şahyrymyzyñ milli duýgulary ösdürýän goşgularyny öwrenýän we öwredýän alymlaryñ erkana işlemegine hem ýaşamagna ýol berip bilmediler, olary yýzarlap başladylar, ençemesiniñ bolsa başyna ýetdiler.

   1940-nji ýylda ýazu hat, Latyndan rusça üýtgedilenden soñ Magtymgüly şynaslarmyz rus haty esasynda taýýarlanan tekstler esasynda işlemeli boldular. Bu ýagdaý bir näçe kyýnçylyga alyp geldi:

1.Şahyryñ adyna toplanan ähli golýazmalar arap hatynda, şoña görä bu haty, arap-pars dili bilmezden Magtymgülyny tanamak we tanatmak mümkin däl.

2. Doly analiz etmezden başga klassik şahyrlaryñ goşgulary Magtymgula berildi.

3. Şahyryñ arapça ýazylan teksti rus/kril hatyna geçirildi. Esasan arap sözlerini rus haty bilen doly ýazyp bolmaýar. Şol esasda bir topar sözler ýalñyş ýazylyp, köp säwlik goýberildi.

4. Kommunistik ideologiýasynyñ Türkmen gullary, Magtymgulynyñ atyna bir näçe ýasama goşgular düzüp berdiler we şahyryñ edebi mirasyny galplaşdyrdylar.

Sözümiz gurak bolmaz ýaly, kä bir mysallary alyp göreýliñ:

         «Ajap kurhan gerekmes, azan gerekmes.»

                                  Gerekmes goşgudan

         «Diýerler har Dejjal jahana geler,

           Ne,ajap nakyldyr, kim ony biler.»              Jeñ sesin añsa

         «Behişt ýerden çyksa asman üstüne,

         Nury bilen jümle jahan örtüner.»         Jahan örtüner goşgudan

         «Ýer astynd, ajap behişt rezwanda,

         Dirilerge ab haýat gerekdyr.»              Gerekdir goşgudan

Yslam ynanjyna görä behişt ýeriñ astyndan dä-de asmanda durýar.

         «Kitap açyp ança dine duş bolup,

         Yslam kaýsy, kurhan kaýsy bilmedim.»

Dini meselelere belet Magtymguly ýaly alym, heý-de şeýle sözlärmi?!

 

Ýa-da

         «Pelek sen hem bir dem aman eýlegil,

           Biz nadan ýesire döwran eýlegil.»                  il geçer

        

«Magtymguly gaýra çekgil özüñi,

           Anyk bil, oýarlar gözüñi,

           Diñlän ýokdur, zaýa kylma sözüñi

           İndi senden habar alan bolmady.»         Zaman bolmady

         «Nadan menem, düşdüm pelek toruna,

           Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.»

Ýa-da

         «Hak sözüne ynanmazdym men daýym,

           Hijrandan tutupdyr kerwön saraýym.»              Baradyr

Ýa-da

         «Magtymguly ýaryýmadym,

           Perzent pohun arytmadym.»   Soýüş bile

Ýa-da

         «Gözi nergis, boýy şemşat,

           Kirpikleri misli polad.»           Güle meñzär

Heý-de Magtymguly ýaly dile baý şahyr şeýle ýeñil-ýelpaý meñzetmelerden peýdalanarmy?

Ýa-da

         «Magtymguly akly çaşan,

         Gözläp gidermi gardaşyn.»       Seýran eýledy goşgudan

Ýa-da

         «Aryp bolup, mest bolupdyr tilkiler

           Magtymguly çaşyp, lala dönüpdir.»            Bil indi

        

«İl sözüne ynandym men ýazykly biçäre.»

                            ¤¤¤¤

         «Gözel alsañ aryplara gulak goý.»

Ýa-da

         «Pyragy sözüñden matamdyr iller,

         Sözlemez lal boldy gör asal tiller.»      Dünýä goluñdan goşgudan

Ýa-da

         «Asal erdi sözlerim»  sözlerimden

Ýa-da

«İstemez men ol behişti,

Behişt mekanym bar meniñ.»  Bar meniñ goşgudan

Bir-birine zor bilen baglanýan beýitleri alyp göreýliñ:

         «Dag başynyñ dumany bar,

           Her bagyñ bagbany bar,

           Adam ogly zenany bar,

           Gözüm düşmer ol jenana.»        Bu dahana

Ýa-da

         «Gökleñ içre bir özüm,

           Galyp men arman bilen.»

                           

Magtymguly hiç mahal menlik satan şahyr bolmandyr.

Ýa-da

         «Utanmaz adamdan, namart ýagşydyr,

         Howtyr eýleýer, märekä barmaz,

Dendan pena, zyban dahan nagşydyr,

Lep bilen gaş her zibaga ýaraşmaz.»     Märekä barmaz

Ýa-da

         «Magtymguly ismiñ seniñ bolsun gerekdir pyragy,

         Mar golundan dindim disem, geldi hijranyñ.»    Bendi boldum

  Sözlük we düşündiriş bölümi düzenler-de käbir düýpli ýalñyşlygy goýberipdirler. Mysal üçin: Aly sözüniñ düşündirşinde ony Muhammet pigamberiñ daýysy dilipdir, hakykatdan bolsa ol pigamberiñ dogan oglany.

  Howa! Bular ýaly mysallardan getirseñ getirip oturmaly. Beýle ýalñyşlary düzletmek üçin ýörite ylmy ýygnak we akademik konferensiýalar geçirmeli. Ýöne, gyýnansagam, milli şahyrymyz hakynda edilýän galplyklar bu günler başga görnüşde dowam edýär. Ol-da Sovet döwründe dini mazmunly goşgularyñ çap bolmagyna rugsat berilmedik bolsa, bu günler analis galbyryndan geçirilmän, käbir dini goşgulary Magtymgulynyñ adyna berilýän halatlaryna köp duş gelinýär. Hakyky magtymguly şynaslar, şahyryñ goşgy stiline/ýoluna belet, bolmadyk bolsa öwrenmäge wagty gelendirem geçendirem.

  Milli şahyrymyz Magtymguly hakynda bolan ýalñyşlyklar diñe onuñ goşglary bilen çäklenmäni, eýsem şahyryn hatta ýüz keşbine-de ýetdi. Baryp 40-nji ýyllarda Türkmenistanyñ belli suratkeşi Aýhan Hajyýeviñ çeken suratynda, şahyryñ başyna çür telpek geýdirildi. Dogurdanam Türkmenlerde şeýle telpek bolupmy, ýogsa, bu, Hurasan Kürtlerine mahsus baş börükmi? Bilmedik!

   Magtymgulynyñ dogany Gahyýrgulynyñ nebirelerinde Jergelanda ýaşap öten merhum Ata işanyñ ogly merhum Gara işanyñ 1986-njy ýylda maña gürrüñ bermegine görä Magtymguly kak çekgeräk, goýun göz, çaky burun bolup, sakgaly sary, saçlary gara, sag gulagynyñ içinde tüýi bolanmyş.

   Beýle galplyklara çydap bilmedik ildeşimiz Dañatar duýgusyny şeýle beýan edipdir:

         «Her kim Pyragyda özün görmän.

         Pyragyda, Pyragyny görmeli.

         Pyragyñ ýerine özi sözlemän,

         Pyragyýñ özüne söz bermeli.

          Pyragydan proletariýa bolarmy,

         Başyna çür telpek geýdirmek bilen

         Magtymguly, Maksim Görki-de bolmaz

         Dimedik sözlerini didirmek bilen

         Terki dünýä ruhany-da däldir ol

         Uýmadyk ýoluna uýdyrmak bilen

         Magtymguly, diñe, Magtymgulydyr,

         Magtimgulygyna örän uludyr.»

 *******************************

Magtymgulynyñ adyna berilen goşgular

 

   İlkinji gezek aýdym-saz öwreniji rus alymy Uspinski bagşylardan ýygnan birnäçe goşguny Magtymgulynyñ adyna berýär. Olaryñ arasynda «Meñlä» degişli goşgular bar.

   Rus gündogarşynas Samiloviç 10 sany golýazma duş gelipdir, onuñ pikriçe Magtymgulynyñ goşgulary 250, 260-dan köp bolmaly däl.  

 Sovet döwründe Magtymgulynyñ adyna giden bir topar goşy berildi. Bu işde filosofiýa ylymlaryñ doktory Gylyç Mülliýev «uly tagalla» etdi. Ol «Matemi» lakamy bilen 36 sany goşy çykarypdyr, hem-de 250-den gowrak goşguny Magtymgulynyñ adyna, ylymlar akademiýa beripdir. Gylyç Mülli bu barada öz ýatlama depderinde şeýle bellik edipdir:

 

« Türkmenleriñ uly ýedigen ýaly ýedi geçmiş şahyrynyñ içinde iñ ulusynyñ mirasynda jedelli ýerleriniñ bardygyny uly il bilýär. Ýöne onuñ öz wagtynda meniñ günäm bilen dörändigini bilýän kän däldir. Men ol läheñiñ/Magtymgulynyñ birnäçe müñ setiriniñ hut özüniñkidigine kepil geçip biljek däl. Onuñ adyna geçirlende bolsa, ol goşy-gazallaryñ anyk kimiñkidigini bilýän ýok, ony menem bilemok. Olaryñ asla avtory ýok. Emma öz wagtynda men olary uly Ýedigeniñ haýsy birsine beren bolsam, olam Türkmeniñ iñ uly şahyryna öwrüljekdi. Meniñ wezipäm olaryñ içinden iñ mynasybyny saýlap tapmakdy. Men şony hem etdim. Olaryñ diñe onuñkydygyna wagtal-wagtal özümem ynanýaryn. Munuñ üçin isleseñiz meni ýazgaryñ, isleseñizem ýalkañ… ol goşgular bolmadyk bolsa, «Dindar şahyr, dini wasp edipdir, söwda burjuasiýasynyñ wekili» diýip, oni «it alan sanja» dönderip barýardylar. Milli guwanjymyzy bir topar nadandan halas etjek bolup, meniñ öz halkymyñ öñünde günä iş eden bolmagym-da ahmaldyr? Men beýik şahyryñ mirasyna el gatanyma ökünýän…ol goşgulary meniñ atam pahyr… Ýeri bolýar, bu hakynda soñ bir gün…» (Mülli Tahyryñ hudaýlygy)

 

  1983-nji ýylda Türkmenistan SSR ylymlar akademiýasynyñ Magtymguly adyndaky Dil we Edebiýat inistituty tarapyndan çap bolan «Magtymguly» saýlanan eserler 2 tomluk. Çapa taýýarlanlar: Geldi Nazarov, Abdyrahman Mülkimanov we… kitabyna salgylanyp, şahyryñ adyna berilen käbir goşgulary belläp geçýäris. Ýeri gelende aýtsak bu goşgulara daş basma nusgalarynda-da gabat gelinmeýär.

1-nji tom:

Daş galdy s.83

Har kyldy s.85

Zamanydyr   s.85

Läşler aglar s.86

Aýrylyps.87

Hindistanda hyýalym s.87

Bar meniñ s.89

Ýyl bile s.90

Nurana düşmez s.91

Görmişens.92

Bu gün s.93

Neýläýin indi  s.93

ýarymdan s.94

Pany jahan gerekmes s.95        

Boýlaryña s.96

Köñüldir weýran s.96

Gyýmaz gözüm s.97

Uýat eýlär s.98

Ýar ýüzünden  s.99

Aýyt s.100

Gülzar oýnaşar s.101

 Jan eýledi s.101

Azadym kany? s.102

Küläli geldi    s.104

Baş bolmañ    s.104

Gidiji bolma  s.113

Çowdur han   s.128

Zarlar içinde  s.129

Döwletalynyñ s.131 Fettah s.132

 Huşdan aýryldy s.137

İliñi    s.138

 Bizge rowana s.138

 Göç ýigitler  s.139 

Jan istär   s.141

Amana geler  s.141

Namys arymdan s.142

Mert bolmaz s.143

Hasar dagynda s.143

Galdy neýläýin s.144

 İl gözlär s.145

 Ozan geler s.146

Gülzar men s.146

Gulagyn tutmaz s.147

Gözel Şirgazy s.148

Terk eýle bu mekany s.149

Ýetirmez hijran s.151

 Daşynmaza  s.151

Mal ýagşy s.152    

Mal istär   s.153

Mert kyldyñ s.153

Abdylla s.154

Türkmen binasy s.155

Görülsin indi s.156

Ýörmeli boldy s.158

Döke başlady s.171

Gaça başlady   s.174

Nas atan  s.182

Naskeş  s.183

Çilim s.184

Çilim çekmegil s.185

Munda çilimkeş s.188

Siýagyndan bellidir s.190

Ýol alar s.190

Ody ýigidiñ     s.191

Gyş bolar s.192   

 Alan ýagşydyr s.193

Ýekäniñ s.194   

Yrak eýle özüñi s.202

Ýar olmagyl    s.204

Sazyna degmez s.210

Ýüz bolar s.219

Mert biläni s.221

Lerzanadyr s.221

Gerekdir s.222   

Jahan örtüner s.223

Ýolun añlamaz s.224

Duman gitmez s.224

Dert nedir s.225  

Köp bolsa  s.226

Aşy tapmaz sen s.227

Geçip baradyr s.227

Aýrylsa s.228    

Üssesi bolmaz s.228

Namys-ary gerekdir s.231                 

Bile myhmandyr s.231

Söwüş bilen s.232

Weýran eýledi s.233

Tuta başlady s.233

Sözlerim s.234

Zamana bolmady s.234

Jeñ sesin añsa s.235

 Unudar ol ýoluny s.236

Solan ýalydyr  s.237

 Bu dahan s.237   

Biläni(dag dereler…) s.238

Käre döndi s.239

Ynsan ugraşsa s.241

Tekepbirlik eýlär s.242   

Söz manysyny bilemeginçe s.243

Söýmek biläni s.244

Bil indi s.245

Tä algança gözüni s.246 

Baradyr s.247    

Biçäre s.248

Baş ýagşy  s.249

Ýanan barmy? s.250

Begler(Mert bilen namardyñ…)  s.252

Syýn bilem      s.252

Gezip başlady s.253

Märekä barmaz s.255

Malyna degmez s.255

İkinji tom:

Ajap eýýam gelmedi s.5           

Ýuwdup baradyr s.6

Roý syýadan gaýry s.8

Şol mähribanym geldi s.17       

Aýrylma s.21

Ne peýda s.21     

Gara daşdan aýrylsa (gaýtalanma) s.22

Begler(gaýtalanma) s.23

Haty näbilsin s.24

Bibat görner(şüpheli) s.36

Ýolmuş bu dünýä s.39  

Ýany bile s.72      

Utup baradyr (Bu pany…)  s.82 

At galmady  s.83

Az eýlediñ s.84

Mallar dargady s.84

Sürdi-de bardy s.85

Bela boldy s.85

Düýrüp baradyr s.86

Duman görüner (Seri duman…)    s.87

Gidip baradyr(şüpheli) s.88     

Pyragy(Pelek baglan) s.89       

Mukam gaşynda s.89

Dünýä golundan s.90

Ýaslar içinde   s.91

Gelip düşdi  s.92  

İl geçer  s.93       

Ötüp barmyş s.94

Nadan pelekden s.96

Pisat dünýädir s.97

Zemine batar s.99

Hanyñ galdy s.100

Aman-aman s.101

Hary-zar bolduñ s.102

Sowrup gidipdir s.104

Pelegiñ    s.104

Dünýä, heý   s.105

Jela eýledi    s.120

Hak menzil etdi jana s.126       

Gülen barmy?(Eý, ýaranlar…)s.130 

İl bolmaz s.131

 Bunýat ilen s.131

Pelegidir(şüpheli) s.136  

Adam ata bilen duşdy(şüpheli) s.150

Bilal bar s.151

«Oýan» didiler s.156

Ýar çeker       s.157

Dert biläni(Gel köñül…)   s.159

Öter bu dünýä(Hoş gal…) s.161

Bolmaz, ýaranlar(Bir zaman…)  s.162

Al eder s.164

Aýrylmadymy? s.164

 Köp jan geçipdir s.166

Kimse gelip baradyr  s.168

Didi: «habar ýok sizdeb» s.169

Kany?  s.170

Ýetişse  s.171

Jan eglenmez s.172

Rowaç oturmyş s.173

Mah-u sallar  s.174

Öter gider(Köñlüm…) s.175    

Zamana ahyr bolanda s.175     

Tumar gördüm s.176

Bolup ötdi(Dünýä…) s.177     

Dal olar    s.178

Dükan görüner s.188 

Seýran içinde (Eý, ýranlar…) s.189

Gurulmasdan burun (Şüpheli-Jismi kanundan) s.189

Ynsan ýaratdy(şüpheli) s. 190

   Ýokarda agzalan bu tema ylmy jedele açyk. Esasan şahyryñ tankydy tekstini taýýarlamagyñ wagty geldi-de geçdi. Bu meselä, ýersiz täsip bilen däl-de ylmy nokdaý nazardan sertmeli. Sebäbi beýle ýagdaý ähli klassiki şahyrlaryñ başyna gelen zat. Sivilizlenen döwletlerde bu barada eýýam ylmy işler edildi, ýöne bizde bu iş gaty gijä galdy. Bagşylar söýülen aýdymyñ goşgusyny Magtymgulyñky diýdiler, kätipler, molla-miftiler her bir dini şygry Şahyryñ adyna berdiler, şeýdibem köp bulaşyklyk emele geldi. Şoña görä Magtymgulynyñ tankydy tekstini taýýarlamak işi diýseñ derwaýys mesele.

*************************************

Magtymguly şahyr barada maña köp zat öwreden merhum Sapar Ensary,ýe (Ahall-a) minnetdarlygymy bildirip, sözümi jemleýärin.        

Peýdalanylan çeşmeler

1. Alehander Chodzko: Specimens of the popular poetry of Persia .

    Harrison & co printers. 1864 London

2. Dañatar: Salam Pyragy. Berlin 1991.

3. Mirniýa. S: Deregezde ýaşýan ilat. Maşat. 1982

4. Bastani Parizi: Heşel-heft. 2-nji çap. Novin neşriýaty. Tehran 1989 S. 349

5. Ýüsüp Azmun: Magtymguly kim? Inglis dilinde.

6.Almaz Ýazberdi: Biblioteçno-bibliografiçeskoýe. Aşgabat. Ylym 1988

7. Makalada agzalan dürli çeşmeler we artikeller.

8. Mülli Tahyryñ hudaýlygy-ýatlamalary. Akmuhammet Welsapar. Sweden 1996

9. Şahsy barlag işlerim