Şahyrlar we hormat toýy

Türkmensahrasynda uly genji-hazynalar bar.Şolaryň biri Türkmeniň dil we perheň baýlygy-dyr.

Şol ajaýyp hünärler asyrlar boýunça dilden-dile we agyzdan-agyza we ya kagaz arkaly biziň döwürlerimize ýetip, nusga bolup, elden-ele ýaýrap bizi kemala ýetiripdirler.

Ine şu gudratly şöhraty biziň ilatymyza miras goýun ynsanlar, uly zehinli şahyrlar we ýazyjylar-dyr.

Ol päk we arssa ýürekli ynsanlar, seneler boýunça çeken zähmetlerini kitap arkaly, her döwürde, taryh boýunça ilatymyza yz galdyryp gidipdirler.

Magtymguly, kemine, Mollanepes, Kerim gurbannepes, Gara seýitli we başgalar her biri öz döwründe yz goýmaga çalşan ynsanlar-dyr. Şeýle bir belent mertebeli ynsanlar tanalan bolsa-da, ökünsek-de, kä birleri tanylman aradan gidip we kä biri-de tanalman garyplykda ýaşap ýörler.

Biziň döwrümizde muşakgatda yaşap, horluk we ýoksyzlygyň derdini onky(12) süňňi bilen çeken şahyrlarymyzyň biri ustad halypa Gurbangeldi Ahunbar-dyr.

Durmuşyň kynçylygy we mühäpbet kemçiligi, ony horlasa-da, dyza çökmän talaňçy dünýäň öňünde durup,

durmuşyň gaýgysy, gam-gussa, şatlyk, eýiş we eşret, jur o jepa we ayralyk derdini goşgy arkaly kagyza geçirip galam astynda çykan ajaýyp setirleri biziň görkümize görk goşupdyr.

Şahyryň şeýle bir ýädigärlik bolup ýazan goşgulary biziň bagşylarymyzyň dillerinde ganat ýaýyp diňlejileriň ýüreginde baky galyp ýör. Şol sebäpden onuň ýygrymden ( 20 )agrak goşgulary aýdym edilip aýdylýar we Türkmeniň sährasynda ýaňlanýar.

Biziň döwrümizde kä bir ýazyjy şahyrlar ýatan ýeri ýagty bolsun, beýik gazýet-żurnallarda galam uran we biziň döwrümizde kä bir ýazyjy we şahyrlarymyz NAZMUHAMMED PAKGA we ya ustad bagsy halypa NAZARLY   MÄHJUBI dirilikde olaryň beýikligine kän baha berilmän, aradan ötenden soň , olara dürli-dürli oturşuklar , uly merasimler tedarok görüldi.

Şeýle bir çykyşlar olaryň ölenden soň kän gelşikli bolman soň,  ynsany diri-ka gadry bilinmeli diyip Türkmensähr -asynyň uly şahyrlaryň biri ustad Gurbangeldi ahunbaryň goşgy arkaly çeken zähmetini göz öňünde tutup, Sägird ustady sylap, ustad sägirdi sylamak geljek nesillere däb bolsun we ony diri-ka hormatlansyn diýip şahyrlar we ýazyjylar topary ustad sahyrymyza hormat goyup uly dabara bilen garşylyýar. Omid edýäris şeýle bir uly toý dabaralar zähmet çekyän ynsanlara dirilikde däb bolup geljek nesillere yädugärlik galsyn.

Geljekde şahyryň ençeme goşgulary **  SAÝLANAN  GOŞGULAR ** -yndan bir damja-atly çapdan çykjak.

Şol ugurda bize yardym etjek dost-ýarlardan miras adyny göterýän şahyr we ýazyjylar topary bilen ara baglaşykda bolsalar minnetdar bolarys.

Edare Farhaň we Erşat bagly bolan şahyrlar we ýazyjylar topary, Miras adyny göterýän aýdym-saz toporyň taraplaryndan bu dabaraly toýy zehinli şahyrymyz Gurbangeldi Ahunbara tüýs ýürekden gutlap oňa jan saglyk, agzybirlik, yrysgal döwlet, ýurt dynçlygy, maşgala ojagynyň asuda bolmagyny tutan tutumlaryň rowaj almagyny beýik bir o bardan dilek edip , baryňyzdan minnetdarlyk bildirýäris.

Aman ýaşaň.

FERÝDUN  AHUNNEŻAT

    

E.mail: Akhundnezhad@Yahoo.com