Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

Küştdepmeler tans(رقص) hereketleri bilen utgaşdyrylyp aýdylýar.

Başlalyň-a, başlalyň,
Küşt depmäge başlalyň.
Gazal aýdyp, küşt depip,
Göwünleri hoşlalyň.

Gapyňyzda atly bolsun,
Saçagyňyz etli bolsun.
Töý tutýan jemagatlar,
Toýuňyz gutly bolsun.

Beýik-beýik haýatlar,
Içinde bedew atlar,
Öz agamyň toýunda
Oýnasyn ýaş ýigitler.

Bu baglar biziň bolsun,
Miwesi üzüm bolsun.

Agamyň-gelnejemiň
Gül ömri uzyn bolsun.

Gelnejem-ä hol barýar,
Gaýşaryp maýa sagýar.
Sagaweri gelneje
Agam saňa guwanýar.

Toýuň şeýle kadasy,
Öňden gelýan ýodasy.
Çyksyn orta küşt depsin
Öýlenýäniň dädesi.

Daglara gar ýapylsyn,
Çöllere nur sepilsin.
Ýaş ýigidiň toýunda,
Ýadaman küşt depilsin.

Haly bar-a, haly bar,
Haly üstünde göli bar.
Geliň, görüň obamyz
Zähmetsöýer ili bar.

Haýrany haýran etjek,
Jahany seýran etjek.
Gerek bolsa Watana,
Janymy gurban etjek.

Nädeliň-ä, nädeliň,
Töý palawny dadalyň.
Onsoň rugsat berseler
Öyli-öýe gaýdalyň...