Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

Durmuşyň dürli taraplaryna degişli, gysga, obrazly sözlemler bilen adamlara akyl-terbiýe beriji häsiýetdäki halk döredijiligine nakyl diýilýär.

    Agaç miwe berse, başy aşak.


    Ajysy bolmadygyň, süýjüsi bolmaz.


    Az bolsun, uz bolsun.


    Azapsyz ýeriň ady ýok.


    Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma.


    Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar.


    Akylla-yşarat, akmaga-kötek.


    Arkaly köpek gurt alar.


    At alma, eýer al.


    At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden.


    Ata kesbi-ogla halal.


    Atylan ok daşdan gaýtmaz.


    Bal tutan barmagyny ýalar.


    Baryny beren uýalmaz.


    Başa bela iki barmak dilden geler.


    Bedew-jul içinde, göwher kül içinde.


    Bijeli oglan aglamaz.


    Bir okana bar, bir hem dokana.


    Bir elde iki garpyz tutdurmaz.


    Bir ýazykdan är ölmez, hiç ýazyksyz är bolmaz.


    Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder.


    Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme.


    Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden-öý.


    Çekişmän, bekişmez.


    Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar.


    Dagy-daşy ýel pozar, adam arasyny söz pozar.


    Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz.


    Don biçerler ýeňli-ýanly, dost tutarlar öňli-soňly.


    Dostuňy egleme nepden galmasyn,


    Duşmany saklama, syryň bilmesin.


    Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör.


    Düýe garrasa, köşegine eýerer.


    Düýä münüp, hataba bukma.


    Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al.


    Är-aýalyň uruşy-ýaz gününiň ýagyşy.


    Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar.


    Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da baýnamaz.


    Gamyşy gowşak tutsaň, el gyýar.


    Geňeşli don gysga bolmaz.


    Gorkana goşa görner.


    Göwni açygyň-ýoly açyk.


    Göwün göwünden suw içer, gamyş-bogundan.


    Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.


    Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin.


    Gurt gören itiň agzy bir bolar.


    Gülme goňşyňa, geler başyňa.


    Haýwan ysgaşa-ysgaşa, adam soraşa-soraşa.


    Hasaply dost uzak gider.


    Iki at depişer, arasynda eşek öler.


    Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup bolmaz.


    Ilim-günüm bolmasa, Aýym, Günüm dogmasyn.


    It üýrer, kerwen geçer.


    Kesmeseň, ganamaz.


    Kör hasasyn bir aldyrar.


    Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider.


    Maslahatly biçilen don gysga bolmaz.


    Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar.


    Mert özünden görer, namart-ýoldaşyndan.


    Müň gaýgy bir iş bitirmez.


    Myhman-ataňdan uly.


    Myhman birinji gün-gyzyl, ikinji gün-kümüş, üçünji gün-mis, dördünji gün-pis.


    Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer.


    Ogrulyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar.


    Ody özüňe bas, ötmese-kesekä.


    Öwrenişen ýagy-uruşmaga ýagşy.


    Öli arslandan-diri syçan.


    Öňüm bolandan, soňum bolsun.


    Pis pisi tapar, suw-pesi.


    Serçeden gorkan-dary ekmez.


    Soňky tüýkülik-sakgal ezmez.


    Sorap berenden-urup ber.


    Söýenişen ýykylmaz.


    Süýtde agzy bişen-suwy üfläp içer.


    Süýde siňe seretseň, gan görner.


    Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar.


    Tapan-begener, tanan-alar.

    Tomus depesi gaýnamadygyň-gyş gazany gaýnamaz.


    Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez.


    Uly başlar, kiçi işlär.


    Ýekäniň çaňy çykmaz.


    Ýorganyňa görä aýak uzat.


    Ýigide müň dürli hünär hem az.


    Ýigidi dostundan tana.


    Ýykylan göreşden goýmaz.


    Ýagşy niýet-ýarym döwlet.


    Ýakma bişersiň, gazma düşersiň.


    Ýalançy ýarymaz, ogry baýymaz.


    Ýamandan boýuňy satyn al.


    Ýatan öküze iým ýok.

    Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýda.