-
- Çagany eginden ýokary götermek halanmaýar.
- Çaýda dik duran boýçy görülse myhmana garaşylýar.
- Iýip oturan nanyňy gutarman ýene-de bir bölek nan döwüp alsaň myhmana garaşylýar.
- Jäç döwülse toý bolar.
- Eliň aýasy gijese pul düşjekdir.
- Çaganyň dişi gaçanda, täze diş dogry çyksyn diýip, goýun agylda gömülýär.
- Çaganyň ilki dişjagazy çykanda, beýleki dişleri agyrysyz hem-de çalt çyksyn diýip, nogul seçilýär, patrak patradylýar.
- Täze gelin gaýyn öýüne ilki gelende sag aýagy bilen girýär, onuň eli ýagdyr uny bulanylýar.
- Çaga wagtynda ýöremese, köke ýaly tigirlenip gitsin diýip, satanjygynyň arasyndan köke tigirlenilýär.
|