Ak Welsapar, ýazyjy

                       KÖNE TÜRKMEN ÝAZUWY                      

Türkmenler soñky müñ ýylyñ dowamynda arap elipbiýinden peýdalanypdyrlar. Arap elipbiýi bize din bilen bile gelipdir. Sovet häkimiýeti gurlandan soñ türkmen hat ýazuwy ilki 1928-nji ýylda latin elipbiýine, soñam 1940-njy ýylda kirill-rus elibiýine geçirilýär.

Bu ýerde bellemeli zat – latin elipbiýine türkmenler Gaýgysyz Atabaýyñ we Nedirbaý Aýtagyñ ýolbaşçylygynda meýletin geçen bolsalar-da, kirill-rus ýazuwyna geçmäge mejbur edilýärler. Bu meselede halkyñam, intelligensiýanyñam pikiri soralmandyr. Ýokardan buýruk gelipdir, şonuñ bilenem – gep tamam! Töwerek-daşda tut-ha-tutluk gidip durka, öñe çykan agyzly adamlar atylansoñ, atylmadyklary-da Sibire sürgün edilensoñ, Moskvadan gelýän buýruga boýun egäýmekden başga çäre galmandyr. Diñe türkmenler däl, türki dilli sovet respublikalarynyñ hemmesi-de bu buýruga sessiz-üýnsüz  boýun bolupdyrlar. Elbetde närazyçylyk bolupdyr, ýöne gurmamçylykly garşylyk görkezip bilen bolmandyr.

SSSR ýykylandan soñ, geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda Türkmenistan ýene-de latin elipbiýine dolandy. Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri orta mekdeplerde, orta we ýokary okuw jaýlarynda, metbugatda, radioda, televideniýe-de, döwlet edaralarynda latin elipbiýi ulanylýar. Goý, bu biziñ halkymyzyñ taryhynda elipbiýiñ soñky gezek üýtgedilişi bolsun! Ýene-de birki gezek elipbiý çalşygy bolaýsa, türkmen dilinde okamaga höwesegem tapdyrmazmyka diýýän. Her gezek elipbiý çalşanda Türkmenistanda ylym-bilim derejesi görnetin pese gaçýar, elbetde bu başgaça bolubam bilmez. Öwreneişikli ýazuwdan ýüz dönderip, täze, hasam beter nätanyş ýazuwa geçilende bu halkyñ sowatlylyk derejesine uly zarba bolup urulýar. Ençeme onýyllyklar çap edilen kitaplar, gazetler, jurnallar sandan çykýar. Olary soñ diñe spesialistler okap, peýdalanyp bilýärler, halk köpçüligi üçin olar peýdasyz perişdä öwrülýär.

Eýsem nämüçin biziñ halkymyz taryhda ençeme gezek hat ýazuwyny üýtgetmäge mejbur bolupdyr? Eýsem türkmenleriñ öz doga elipbiýi ýokmy? Eger bolan bolsa, ol elipbiý haýsy döwürlerde ulanylypdyr? Ol elipbiýde ýazylan ýazgylar biziñ döwrümize gelip ýetipdirmi? Biziñ doga elipbiýimiz haçan we nähili ýagdaýlarda ýitirilipdir? Ine, şu soraglara jogap tapmak örän derwaýys hem gyzykly işdir.

Türkmenleriñ öz doga elipbiýiniñ bolandygy dogrudaky maglumata biz iñ ilkinji gezek XVIII asyr türkmen klassyk şahyry Şeýdaýynyñ eserinde duşýarys. Bu barada sovet döwründe zehinli türkmen alymy, aramyzdan ir giden Ahmet Bekmyrat ilkinji bolup ýazypdy. Ahmet Bekmyrat klassyky şahyrymyzyñ eserine salgylanmak bilen köne türkmen elipbiýiniñ türkmen halylarynyñ göllerinde, keçä salynýan güllerde, türkmen taýpalarynyñ mallaryñ gulagyna basýan tagmalarynda, tamdyrlara bezeg hökmünde salynýan nagyşlarda saklanyp galandygyny belläpdi. Doga ýazuwymyzyñ ýitmezligi üçin gadym döwürde Oguz hanyñ türkmen elipbiýiniñ harplaryny öz ogullaryna paýlap, olary tagma hökmünde ulanmagy wesýet edendigini, türkmen tire-taýpalarynyñ-da ol harplary biziñ döwrümize çenli ulanyp gelendigini öñe sürüpdi.

Şeýdaýynyñ ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” atly goşgusynda biz, dogrudanam, örän täsin bir taryhy maglumata gabat gelýäris. Bu goşguda türkmenleriñ köne döwürde öz doga elipbiýiniñ bolandygy barada habar berilýär. Goşgy şeýle başlanýar:

Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim, gözel ýigrim bäş.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym, gözel ýigrim bäş.

Bu setirlerden çen tutsañ, Şeýdaýynyñ haýsydyr bir elipbiýden, harplardan, ol harplaryñ añladýan seslerinden gürrüñ açýandygyny añlamazlyk mümkin däl! Soñra şahyr bu elipbiý dogrusynda has anyk maglumatlary bermäge girişýär: ”Niçe owazy çekimli…” Bu setiri okanyñda eserde özge zat hakda däl-de, eýsem diñe elipbiý, hat ýazuwy hakynda gürrüñ edilýändigine göz ýetirýärsiñ. Sebäbi bu kontekstde ”çekimli” hem ”çekimsiz” diýen sözler diñe elipbiý barada gürrüñ gidende ulanyp boljak grammatiki terminler!

”GOZEL ÝIGRIM BÄŞ” goşgusyny okadygyñça bu goşguda, dogrudanam, diñe elipbiý dogrusynda gürrüñ gidýändigine ikirjiñlenmäñ azalýar. Bu meselede ikirjiñlenmäge asla düýbünden ýer galanok. Sebäbi klassyk şahyrymyz agzalýan elipbiýde jemi näçe harpyñ bardygyny, olaryñ näçesiniñ çekimli, näçesiniñ-de çekimsiz sesleri añladýandygyny gös-göni aýdýar:

Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip.

Diýmek, Seýdaýynyñ şaýatlyk etmegine görä, yslamdan öñki köne türkmen elipbiýinde jemi 25 harp (muny gosgynyñ ady-da görkezýär!) bolup, olaryñ ýedisi  çekimli, on sekizisi-de çekimsiz harplardan ybarat bolupdyr!

Şahyryñ käbir setirlerinden çen tutsañ, agzalýan elipbiý Şeýdaýynyñ döwründe entek ulanylyp ýörlen bolmaly. Şahyr ony şeýle tassyklaýar: ”Şeýle gulaga ýakymly, Sözledim, gözel ýigrim bäş”. Diýmek, entek XVIII asyrda türkmenler arap haty bilen parallel ýagdaýda agzalýan elipbiýde-de ”sözläp”, ýagny ýazyp we okap ýören ekenler. Aýratyn bellemeli zat: bu ýazuwyñ harplary arap elipbiýi bilen deñäñde, türkmenleriñ gözüne owadan, ol harplaryñ añladýan owazy, sesleri bolsa, türkmenleriñ gulaklaryna has ýakymly eşidilipdir. Köne türkmen elipbiýi dogrusynda gürrüñ açyp, şahyr turuwbaşdan onuñ artykmaçlygyny ýörite nygtaýar: ”Şeýle gulaga ýakymly”...

Agzalyp gecilen setirler biziñ doga elipbiýimiz baradaky bahasyna ýetip bolmajak örän gymmatly maglumatdyr! Doga elipbiýimizde ýazylan taryhy ýadygärlikleriñ entek ele salynmadyk ýagdaýynda halkymyzyñ geçmişde ulanan elipbiýi dogruda mundan anyk, mundan gönümel maglumaty göz öñüne getirmegem mümkin däl! Onda-da goşgy setirlerine salnan maglumaty!

Klassyk şahyrymyz ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” eserinde doga elipbiýimize degişli ýene-de käbir maglumatlary berýär. Meselem, şahyr türkmenleriñ öz gadymy ýazuwyny örän uzak döwürleriñ dowamynda ulananyp gelendikleri habar berilýär:

Üç müñ ýaşda ömrüñ ýakyp,
Bozladym, gözel ýigrim bäş.

Doga türkmen elipbiýine üç müñ ýyllyk ýaş berende, Şeýdaýynyñ nähili taryhy çeşmelere daýanandygy bu gün biz mälim bolmasa-da, klassyk şahyrymyzyñ sözlerini heñe gelmejek zat hökmünde ýüzugra inkär edip goýbermäge-de bizde aýratyn bir esas ýok. Sebäbi ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” goşgusy ýazylandan soñ 250 ýyla golaý wagt geçipdir. Ondan bäri doga elipbiýimiz ýitirilipdir. Elipbiýiñ özi bilen bilelikde onuñ dörän döwri baradaky  XVIII asyrda Şeýdaýa mälim bolan gymmatly taryhy maglumatlaryñ-da ýitirilen bolmagy ahmaldyr. Çünki çeper söze ussat klassyk şahyrymyzyñ bu gymmatly maglumaty haýsydyr bir taryhy çeşmelere daýanmazdan ýüzugra aýdyp goýberjegine ynanmak kyn.

Elbetde, köne türkmen elipbiýiniñ ýaşynyñ barmak basyp sanardan has uzakdygyny, onuñ taryhynyñ iñ köne döwürlerden gaýdýandygyny nygtamak üçin Şeýdaýynyñ öz goşgusynda çeper eserlere mahsus edebi tär bolan giperbolany, ýagny edebi ulaltmany ulanan bolmagy ahmaldyr. Ýöne häzirlikçe bu bize belli däl. Köne türkmen elipbiýiniñ üç müñ ýyl ýaşynyñ bolandygy baradaky şahyryñ goýan maglumaty edebi ulaltmamy ýa-da anyk taryhy çeşmelere daýanýan faktmy – bu belli däl. Bu soragy aýdyñlaşdyrmak dilçi, taryhcy alymlarymyzyñ geljekde öñünde duran hormatly iş.

Şeýdaýynyñ ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” goşgusyndaky indiki setirleri okanyñda-da doga türkmen elipbiýi barada bir tarapdan käbir goşmaça zatlary anyklasañ, beýleki tarapdan käbir duýdansyz soraglar hem döreýär…

Matam, mersiýe, Şakandy
Ýazyp geçmiş niçe bendi,
Okyp ýat ederler şindi,
Gözledim, gözel ýigrim bäş.

Şahyr bu setirlerde özünden öñ ötüp giden ýene-de bir türkmen şahyry Şakandynyñ (Şakendiniñ) adyny tutýar. Eýsem bu nämüçinkä? Şeýdaýynyñ:

”Matam, mersiýe, Şakandy
Ýazyp geçmiş niçe bendi…

diýmesine eýsem nähili düşünmeli? Kyssa diline geçireñde bu setirleriñ manysy şeýle: ”Şakandy-da matam baglap, ençeme goşgulary, goşgy bentlerini ýazyp geçdi” Eýsem Şakandy türkmeniñ doga elipbiýi barada ýazyp geçipmi ýa-da öz eserlerini doga türkmen elipbiýinde ýazyp geçipmi? Bularyñ haýsysy dogry? Sebäbi: ”Matam, mersiýe, Şakandy, Ýazyp geçmiş niçe bendi…” diýen setirleriñ yzyndan gelýän:

Okyp ýat ederler şindi,
Gözledim, gözel ýigrim bäş.

diýen setirler kanuny ýagdaýda ýañky soraglary döredýär! Bu goşguda başdan-aýak diñe anyk bir zadyñ – köne türkmen elipbiýiniñ gürrüñiniñ gidýändigi üçin onda agzalýan islendik adam adynyñ, maglumatyñ hökmany suratda gozgalýan meselä gös-göni baglanyşygy bolmaly. Diýmek, Şeýdaýydan öñ, çen bilen XVII asyrda ýaşap geçen klassyk şahyrymyz Şakandynyñ ýa-ha köne türkmen elipbiýi barada anyk maglumat berýän goşgulary bolupdyr ýa-da – bu-da bolup biläýjek zat! – Şakandy öz eserlerini arap elipbiýinde däl-de, köne türkmen elipbiýinde ýazypdyr?!

Sebäbi Şeýdaýynyñ ”Okyp ýat ederler şindi” diýmesi diñe şeýle pikir etmäge itergi berýär. Diýmek, Şakandynyñ goşgularyny okap, XVII-XVIII asyr türkmen okyjylary DOGA TÜRKMEN ÝAZUWYNY ýat edipdirler, onuñ ulanyşdan galyp barýandygyna ýürekden gynanypdyrlar, ýas tutupdyrlar.

Bu çaklamany ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” goşgusynyñ jemleýji setirleri-de aýratyn tragizm bilen tassyklaýar:

Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniñ üçin ýas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäş!

Türkmenleriñ öz doga elipbiýiniñ, ýazuwynyñ bolandygyny, biziñ halkymyzyñ ony niçik gowy görendigini, köne elipbiýimiziñ ýitip barýandygy üçin halkymyzyñ ýüregini nähili gyýdyrandygyny eýsem şundan aýdyñ, açyk hem gönümel nädip aýtjak?..

Gynasak-da, XVIII asyrda doga türkmen elipbiýiniñ altyn şöhleli Güni ýaşypdyr. Bu ahwaly gören klassyk şahyrymyz Şeýdaýy ýüregini hem döwet galamyny agladypdyr:

Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen, gözel ýigrim bäş!

Bu setirleri okanyñda bir gussaly ahwala göz ýetirýärsiñ… Şeýdaýy öz döwründe doga türkmen ýazuwynyñ eýýäm kem-käs tutulýandygyny, ýagny kem-käs ulanylýandygyny aýtmak bilen onuñ ”hä” diýmän ýitip gitjekdigini uly gynanç bilen belläpdir. Şahyr bu gabahatçylygyñ sebäbiniñ nämedigini-de gizläp durmandyr. Ol ”SAÝRAN DILLERIM” atly goşgusynda bu hakda gypynç etmezden, gös-göni şeýle ýazypdyr:

Arap, Ajam her bir zada goşuldy,

Sanly düzgün bilen saýran tillerim.

Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy,

Indi din öýünde haýran tillerim.

Bu setirlerden belli bolşuna görä, şahyryñ pikiriçe, XVII-XVIII asyrlarda türkmen diliniñ erkinligini, doga türkmen elipbiýiniñ gerimini arap dili we arap elipbiýi gitdigiçe gödek basmarlap, olaryñ ýaşaýyş giñisligini gün-günden daraldypdyr. Şeýdaýynyñ janygyp öñe sürýän ideýasy gysgaça aýdanyñda şundan ybarat: türkmen diliniñ erkinligi doga türkmen elipbiýi bilen gös-göni we aýrylmaz baglanyşykly! Ol özünden ep-esli öñ ýaşap gecen klassyk şahyrymyz Şakandynyñ-de hut şeýle pikirde bolandygyna şaýatlyk edýär.

Klassyk şahyrymyz Şeýdaýy yslam dininiñ türkmen jemgyýetini, türkmen edebiýatyny, medeniýetini, türkmençiligi gitdigiçe holtumyna dolap alyp, bürüp gidip barýandygyny gussa bilen belleýär. Ýönekeý halkyñ dörän ýagdaýdan razy däldigini, ýöne zamananyñ gulagyna öz tankydynyñ ýakmaýandygyny aýdýar:

Hiç milletiñ gulagyna ýokanok,

Dogry diýsem, zamanama ýakanok,

Kemin ýazsam, doly many çykanok,

Güñ bolupdyr, şindi saýran tillerim.

Şahyryñ ”zamana” diýýäni şol döwürde jemgyýetçilik pikirini döredýän we oña gözegçilik edýän molla-müftüler, ahunlar bolsa gerek? Arap elipbiýi, ol elipbiýde wagyz edilýän dini takallar milletiñ gulagyna ýakmasa-da, zamananyñ tankydy götermeýänliginden zeýrenipdir. Şonuñ bilen bir hatarda-da, ”GÖZEL ÝIGRIM BÄŞ” şygrynda doga türkmen ýazuwynyñ artykmaçlyklaryny, onuñ owazlylygyny, gözeldigini taryplan şahyr bu gosgusynda doga elipbiýimizi ädimme-ädim gysyp, onuñ ýerini giden-gitdi alyp barýan arap elipbiýiniñ kemçiliklerini görkezipdir: ”Kemin ýazsam, doly many çykanok”. Türkmen diliniñ ses baýlyklaryny arap elipbiýiniñ doly berip bilmeýändigini, arap elipbiýinde ýazsañ, türkmen sözlerinden doly many çykmaýandygyny, manynyñ ýoýulýandygyny gussa bilen belläpdir:

Çistan bilen bir dilegi içerde,

Goýup ýazsam, anda açylmaz perde,

Dilim ýaralydyr, galmyşam derde,

Ýene-de gelermiñ her ýan tillerim.

Bu ýerde Şeýdaýynyñ öz döwründe mugallymçylyk edendigini, onuñ ”okuw açyp”, türkmen çagalaryna sowat öwredendigini tassyklaýan maglumat-da göze ilýär.

Näler sanyñ aldym jüzler dolduryp,

Okuw açyp, her millete bildirip,

Emma türkmen diliniñ ýagdaýynyñ agyrdygyny, nätseñ-de onuñ geriminiñ daralyp gidip barýandygyny, bu ýagdaýyñ esasy sebäbiniñ-de dindigini gizlejegem bolup durmandyr:

Bu gün indi pelek seni öldürip,

Kuranyñ astynda çüýrän tillerim.

Şonuñ üçinem şahyr öz goşgusyny tragiki äheñde jemläpdir:

Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eýesi,

Indi ony hiç kim gelmez diýesi,

Arap dili boldy diller güýesi,

Dartyşyp dört ýana süýrän tillerim

Öz döwründe türkmenleriñ syýasy-ykdysady ýagdaýynyñ juda pese düşendigini gören we muña gije-gündiz janyny ýakan Şeýdaýy ”TÜRKMENIÑ AHWALY” goşgusynda nazaryny taryhyñ çuñluklaryna aýlaýar:

Kyrk şäherden hyraç aldy,

Oguz ili äleme doldy,

Çoh döwran geldi, sowuldy,

Kany onuñ däbi, ýoly?

Biz hem makalamyzyñ dowamynda XVIII asyr klassyk şahyrymyz Şeýdaýynyñ umyt bilen göz aýlan, gaýtadan dolanyp gelmegini islän, doga türkmen elipbiýiniñ dörän we ulanylan döwürlerine göz aýlarys…

***