SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOL

BOL, Artykmajy bilen bar bolan, ýeterlik bolan, köp.

Günüň bol şöhlesi oba ýaýraýar (R. Seýidow, Bagtlylar). Zatlar örän arzan we bol (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bol bitse gallaň, ol seniň tyllaň (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ösdürýäris bol hasylly gowaça (A. Haýydow, Gök asman).


BOLALMAK, ser. B o l a m a k.


BOLAMAK, Bol bolmak, ýeterlik bolmak.

Bazarda gök önümler bolady. Öň seýrek tapylýan harytlar häzir bolady.


BOLAR-BOLMAZ, Hiç zada ýaramaýan, biderek, ownuk, maýda, ähmiýetsiz, ugursyz.

Olaryň öz aralaryn-da bolar-bolmaz jedeller hem çykýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BOLARMAK, ser. B o l a m a k.


BOLATMAK,  Ýeterlik  üpjün etmek, bol etmek.


BOLGARLAR, Bolgariýa Halk Respublikasynyň ýerli halky, esasy ilaty.


BOLGUSYZ, Ownuk-uşak, ähmiýetsiz, ujypsyz, biderek, ugursyz, boş.

Obanyň orta gürpündäki demirçi ussanyň bolgusyz dukanynyň töwereginde janly hereket başlandy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Wasýa bolgusyz zada gaharlanýar (A. P. Çehow, Saýlanan  eserler).   Üstüne abanyp gelýän ullakan  howp hiç  birini  gyzyklandyrman, ownuk meseleler bar bolgusyz gürrüň etdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)


BOLGUSYZLYK, Ugursyzlyk, ähmiýetsizlik, bidreklik, ujypsyzlyk.

Bolgusyzlyk etmeli däl. Bolgusyzlyk bilen gürrüň etmek.


BOLDUMLY,  Ösgün,  bitgin, daýaw. Boldumly gowaçalara seretdigiňçe  seredesiň gelýär. («Kohoz günleri»).  Boldumly hasyl emele getiren üzümleriň bir ýanyndan giren Allaly par azajyk salymyň içinde  işini  bitirdi  (A.Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde). Boldumly çaga.


BOLDURMAK,  1. ser.Gutartmak. 

2. Ýokdan bar etdirmek, tapdyrmak. Bolduran hem aýal, güldüren. aýal  (nakyl).


BOLELIN [boleli:n],   Doly kanagatlandyryp bilýän, ýeterlik derejede bolan (zat    hakda). Bolelin suwly bolmaklygy biziň halkymyz asyrlar boýy arzuw edip geldi(«Sowet Turkmenistanynyň aýallar žurnaly).


BOLELINLIK  [boleli:nlik], Doly kanagatlanarlyk, bol-telkilik,  zada  mätäç dällik.

Hawa, gyz, bolelinlik özi-hä gowy zatdyr   (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BOLID, astr. Örän uly meteor.


BOLLUK, Köp mukdarda barlyk, maddy ýagdaýyň gulygy, bolelinlik, artyklyk. Obamyzda bolluk bilen saglyk joşýar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)! Gün özüniň şöhlesini bolluk bilen ýaýradyp başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOLMAK, 1. Eneden dogulmak, dünýä inmek, eme gelmek.

Täze bolan guzulary wagtly-wagtynda emdirmeklige pionerler kömek berdiler («Mydam gazýeti).

2. Gatnaşmak, barmak. Ýygnakda bolmak işde bolmak.

3. Bir ýerde köp wagt ýaşamak durmuş geçirmek, gezmek.

Puşkin Peterburgda bolan ýyllary (1817—1820) ruhy taýdan çalt ösdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

4. Gutarmak, tamamlamak. Men M. Gorьkiniň «Ene» romanyl okap boldum.

5. Kömekçi işlik funktsiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar:

a) ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereketi aňladýar. Çopan bolmak, mirap bolmak, jem bolmak, wejera bolmak, kesel bolmak;

b) ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde, gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar. Baryp bolmak, görüp içip bolmak, iýip bolmak;

w) ysnyşyp gelýän işligi bilen modallygy görkezýär. Bu dagdan. geçip bolarmy? Maşyny bu ýerden sürüp bolmaz.

<> Bolmajasy  b o l m a k — ýetjek derejesine ýetmek, hondan bärsi bolmak (otritsatelь gylyk-häsiýet hakda). Niçikmi ýekeräk öýde gyzyl-çyzyl göräýdigi, bar ondan soň ol bolmajysy bolýar («Tokmak» žurnaly).


BOLMASA, «Bolmak» işliginiň şert formasynyň ýokluk galypy; garşylygy, şerti aňladýan baglaýji kömekçi.

Bolmasa bu ýerde sowukdan geýimiň we düşegiň näçe galyň bolsa-da, gatap galaýmak kyn däldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOLSA, «Bolmak» işliginiň şert formasy; garşylygy görkezýän baglaýjy kömekçi.

* «B o l s a d y» e kmek — ser. E k m e k. Meniň ýüregim «bolsadyny» ekýärdi (N. .Pomma, Saýlanan eserler). «Bolsady» ekseň, «käşgädi» gögär (nakyl).


BOLT, Bir ujy berçinli, bir ujy hyrly gaýka.

 Gowşan boltlaryny  towlaşdyryp berkitdi(N. Pomma, Taýlak  hyzzyn).Enebaý:—Ata, kiçi boltlara

gelýän açaryň barmy?— diýip sorady (B. Gurbanow, duşuşyk)


BOLUŞ Özüňi alyp baryş, gylyk-häsiýet, ýagdaý.

Her kim bir boluşda geçýär bu ýoly («Sowet  edebiýaty» žurnaly). Ýeri, Myraly, bu ne boluş! (Myraly);


BOLÇULYK, ser. B o l l u k.

Azat we şatlykly zähmet azyk önümleriniň bolçulygyny döredýär (Orta asyrlar taryhy).


BOLЬŞEWI'ZM, W. I. Lenin tarapyndan işlenilip düzülen rewolýutsion proletar hereketiniň we proletariat diktaturasynyň teoriýasy we taktikasy.


BOLŞEWI'K, Lenin taglymatyny, bolşewizmi tutanýerli dowam etdiriji. SSK.P çleni Çary Pökgeniň graždanlyk urşuna hem gatnaşan köne bolşewikdigini görkezdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýagdaýa bolşy ýaly baha bermek bolşewiklere mynasyp gylykdyr (N. Jumaew, Ak derek).


BOLŞEWIKLERÇE, Bolşewikler ýaly, bolşewistik printsip boýunça. Ýygnaklarda bolşewiklerçe çykyş etmek gerek.


BOLŞEWISTIK, Bolşewiklere has bolan, bolşewizmiň printsiplerine esaslanýan.