BRO

BROM, him. Himiýada, meditsinada we fotografnýa işinde ulanylýan goýy gyzyl reňkli, iýiji suwuk himiki element.


BRON I, Harby gämileriň, tanklaryň polatdan ýasalan goraw örtügi.


BRON II, Bir zada eýe bolmaklyga ýa-da bir zady almaklyga hukuk berýän resmi hat, dokument.


BRONE..., Goşma sözleriň «bronirlenen» ýa-da «bronetanka degişli bolan» diýen ýaly many aňladyp gelýän. birinji bölegi.


BRONEAWTOMOBI'L, ser. B r o n e w i k.


BRONEWI'K, Bronirlenen ýaragly  awtomobil.Bronewikler hüjümi kesdi (K. Işanow, Watan üçin).

gyzyl Goşun aklaryň bir bronewigini ýandyrdy (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BRONEKATER, Bronirlenen ýaragly kater, gämi .


BRONENSUSETS, Bronirlenen uly harby korabl,gämi.


BRONEPOEZD, Demir ýollarda harby hüjümler üçin ülanylýan bronirlenen ýaragly poezd, otly.Biz bu ýol bilen bronepoezdiň gelmegine göz dikýärdik (K Işanow, Watan üçin).


BRONETRANSPORTÝOR, Pyýada goşunlary we ok-ýaraglary urşuň barýan ýerine daşaýan hem-de razwedka üçin ulanylýan bronirlenen awtomobil.


BRONIRLEMEK I, Okdan goranmak üçin bron bilen örtmek .Syrtky bronlanan gapysyny açanyňda, işini gaýtaranlygyny gülküli gürrüň berýärdi (O. Gonçar, Baýdak göterijiler).


BRONIRLEMEK II, Bir zady birine berkitmek, birine bir zady bellemek.


BRONIRLENMEK I, Bron bilen örtülmek.


BRONIRLENMEK II, Birine bir zat berkidilmek, birine bir zat bellenilmek.


BRONHI'T, med. Nemli bronh bardalarynyň kesellemegi, çişmegi.


BRONHLAR, anat. Dem alynýan bokurdagyň bölünip aýrylýan şahajyklary.


BROŞKA, Aýallaryň köýneginiň ýakasyna ildirilýän bezeg şaýy, gülýaka.


BROŞKURA, Kiçijik ýuka kitapça.