SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÜK

BÜKGÜLDEMEK, Bir zat barada ynjalyksyz ýagdaýda ýürek urmak, aladaly ýagdaýda bolmak. Meniň ertirden bäri ýüregim bükgüldäp dur.


BÜKGÜLDI, Ýürek urma, aladaly ýagdaý, ynjalyk-syzdyk.

<> Ýürege bükgüldi gitmek — ser. ýürek I. Oglanlaryň ýüregine bükgüldi gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BÜKDÜRME, Bir näçe dinli tow berlip işilen ýüp.


BÜKDÜRMEK, Ýüpüň aýry-aýry dinlerine tow berip işmek.Ýüpüň iki ujuny deňläp bükdürmäge başlady (A. Dürdyew. Saýlanan eserler).


BÜKLEM-BÜKLEM, Eplem-eplem, towlam-towlam. Sergezdan diýseň — sergezdan, büklem-büklem bolup towlanyp, lummurdap çöle tarap akyp ýatyr(N. Pomma, Sebabini soň bildim).


BÜKMEK, 1. Bir zady epmek, egmek. Bir eliniň barmaklary bilen beýlekisiniň barmaklaryny büküp, gözlerini asmana dikip, ahyr soňy hem jogaba garaşýan Baýrama naýynjar garady (N. Jumaew, Ak derek). 2. Gyralaryny epip, biri-birine berkitmek, eplemek. Ertir bilen börek büküp goýupdym («Sowet edebiýaty» žurnaly) .

Bil bükmek— ser. B i l. Ozalky çaýhançylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi (N. Saryhataew, Saýlanan eserler).


BÜKÜK, Egik, epilen. Bükük tüňňi kebze oňly zadyň üstünden eltmejek ýalydy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


BÜKÜLMEK, 1. Egrelmek, epilmek. Arassa misden ýasalan zatlar tiz wagtda kütelýär we aňsat bükülýär eken (SSSR taryhy).

2. Aşak egilmek, ýapyrylmak. nätanyş biraz wagt durup, agajyň sütüninden aýryldy,büküldi we gapdaldaky agaja tarap ylgady («Mydam tanýar» gazýeti) .

*  B i l bükülmek— ser. B i l. bili bükülmändir, sakgaly ak däl (A. Nyýazow, Şygyrlar)

Iki bükülmek — lepbeý diýip durmak, gorgandan baş egmek. Ol gorkup, iki bükülip, ýere gireýäjek bolýar.


BÜKÜR,Ýitgi keseli ýa-da bil oňurgasy yazyp küýkeren .Küýki.


BÜKÜRDI, Hawanlaryň iki baka dabyranda çykýan aýak sesi;  haýwanlaryň mesliginden bökjekläp  oýnaklaýşy. Göle gorkuly gözlerini öňküden-de beter mölertdi we ürküp bükürdini urdy (A. Gowşudow, Köpetgyň eteginde). Emma Ataýry gelinden Meleguş hem gaçdy, ony öz ýanyna eltmän, bükürdi urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÜKÜTMEK, Göwräni birneme aşak egmek, ýygyrmak. Telpekli adam büküdip haýbat urdy («Tokmak» žurnaly). Ol büküdip gyşardy we süýji uka gitdi («Pioner» žurnaly).


BÜKÜŞMEK, 1. Bükmäge kömekleşmek, bilelikde bükmek. Börek büküşmek.

2. Aýagyňy ýygyrmak, ýygrylmak.