AÇMAK, 1. Bir zadyň gapagyny, agyzýapysyny aýyrmak, agzyny açyk goýmak. Gapyny açmak. Çäýnegiň gapagyny açmak. 2. Äşgär etmek, melim etmek, ýüze çykarmak. Eý, geçmişiň gara hatly kanuny Açýan seniň gizlin syryň paş edip (N. Pomma, Saýlanan eserler). 3. ýygnagy, mejlisi we ş. m. açyk hasap etmek, başlamak. Ýygnagy açmak. <> Agyz açmak ser. Agyz. Aňk edip agzymy açdy-da gitdi («Tokmak» žurnaly). Arany açmak ser. Ara. Emma Jepbar hem ondan bir eýýäm arany açypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol bizden arany açyp gitdi. Göwün açmak ser. G ö w ü n. Şol bagda seýil edip göwnüm açýaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gez açmak ser. Gez. Guduz açmak ser. Guduz. Gürrüň açmakser. G ü r r u ň. Ikisiniň açan gürrüňi gyzyk, Bir-birniňke düşmez, haýsynda ýazyk. («Oktýabrь ýalky-my») . Ot açmak ser. O t II. Pis açmak ser. Pi s. Pis açan ýaly ser. P i s. Onuň endamy pis açan ýalydy. |