SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ADA

ADA [a:da], Daş-töweregini suw gurşap alan gury ýer bölegi.

Bu depeden çykalga ada uzalyp gidýär welin, häzir suw adany basdy, ýagtylyga garaşmaly. Adalary hem alaňlary pugta barlagyn, çekirtgeler hemişe şonuň ýaly ýerlerde tohum atýarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 

*Ýarym ada — üç tarapyny suw gurşap alan gury ýer.


ADAG [a:dag], kön. s. Rewolýutsiýadan öň: oglan bilen gyzy biri-birine sataşdyrmak maksady bilen ýaşlygyndan bellemeklik däbi.


ADAGLAMAK [a.-daglamak], kön. s. Gyzy oglana adagly etmek.

Çagalary ýaşlykdan adaglamak ýaly däp-dessur.


ADAGLY [a:dagly],  maşgala durmuşyny gurdurmak maksady bilen  biri-birine bellenen gyz we oglan.

Biziň maşgalamyz öz halaşan ýigidi bilen adagly (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde). Dursun adagly edilipdi (N. Sary-hanow, Saýlanan eserler).


ADAGLYLYK [a:daglylyk], Adagly bolmaklyk, adaglamak däbine görä biri-birine bellenenlik.


ADAJYK [a.-dajyk], 1. Kiçijik ada.

Gök salyp oturan bu adajygyň çar tarapyndan çäge süýşüp hüjüm edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Ýuwaşja, çalaja. Samoliot adajyk tigirlenip başlady. Nursoltan, adajyk güldi (B. Kerbabaew, Aýsoltan.) Aýna Babalyny adajyk ses bilen hüwdüledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ADALAT [ada:lat], Birine ýa-da bir zada bolan dogry, hakyky garaýyş, hakykat.

Sözleşeliň adalatyň haky üçin, Parahat durmuşda dostluk beki üçin («Oktýabrь ýalkymy»).

Sowet häkimiýetiniň adalaty barada gyzgalaňly gürrüň gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Azatlyk ýolunda ölümden gorkman,  Janyn aýamaýar adalat işe (N. Pomma, Saýlanan eserler)


ADALATLY [ada:latly], I. Hakykata dogry gelýän meseläni tarapgöýsizlik bilen çözýän, parasatly, paýhasly.

Ol maliýe bölüminiň işindäki kemçilikleri adalatly tankyt etdi («Tokmak» žurnaly). Siz haýsy adalatly kanuna daýanyp, dynçlygyň tarapdary bolan bir döwletiň parahat oturan galasyny gabap bildiňiz («Sowet edebiýaty» žurnaly). 

2. Hak işi amala aşyrnaklyga gönükdirilen. Adalatly uruş. Adalatly göreş.


ADALATLYLYK [ada:latlylyk], 1. Adalatly bolmaklyk, hakykata dogry gelijilik, tarapgöýsizlik, parasatlylyk, paýhaslylyk.

Uspenskiý rus pedagogikasynyň atasy diýlip adalatlylyk bilen hasaplanýar (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika}.

2. Hak işi amala aşyrmaklyga gönükdirilenlik.


ADALATSYZ [adaglatsyz], Adalata garşy bolan, hakykata dogry gelmeýän. Iňlisleriň adalatsyz urşy Frantsiýanyň halk köpçüliginiň arasynda watançylyk duýgusyny döredipdir (Orta asyrlar taryhy). Men hem siziň ýaly adalatsyz işleri görüp bilmeýän adamlardan biri (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ADALATSYZLYK [ada:latsyzlyk], Adalata garşy bolmaklyk, hakykata dogry gelmezlik.

Daýhanlar feodallyk häkimiýetiň adalatsyzlygyny duýýar ekenler (SSSR taryhy). Adalatsyzlyk dünýäsiniň zulmy-sütemi onuň bokurdagyndan bogýar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)\ Olar bu adalatsyzlygy agyr suratda duýýarlar we başdan geçirýärler (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).


ADALGA [a:dalga], ser. T e r m i n. Eýranda şol adalganyň «ýalançy gyzyl» diýmekdigini ol bilýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ADALY [a:daly], 1. Adasy bar bolan. Adaly deňiz. 2. Adada ýaşaýan adam.


ADALYK    [agdalyk],    1. Köp  ada ýerleşýän  ýer. 2. kön.  s. Ýuwaşlyk, habardarlyk.


ADAM [a:dam], 1. Geplemeklige we pikir  alyşmaklyga, jemgyýetçilik zähmet  protsesinde  durmuş üçin serişde döretmeklige we ondan peýdalanmaklyga ukyby bolan ynsan. Adam jemgyýetden  we tebigatdan çetde ýaşap bilmez (N. S. Winogradow, A. F. Kuzьmin, ).

2. Är. Onuň adamsy gahrymanlaça gurban boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Otuz ýyl mundan öň, adamym bilen biz Türkmenistana gelipdik («Sowet edebiýaty» žurnaly).

*Adam   bolmak 1) ulalyp ýetişmek; 2) parasatly bolmak, akyllanmak.

Sen eýýäm adam bolupsyň (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Adam   saýmazlyk — äsgermezlik, adam hasap etmezlik. Elliniň ony adam saýman aýdan sözi Wüşi keliň gaharynyň öňündäki böwedini böwüsdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Adam etmek-ekläp-saklap ýetişdirmek, kemala getirmek. Men olary adam etdim, indi öz islegime görä il sanyna-da bir goşaýyn, ondan  soň  keýpleri kellelerinde   («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Gaty   adam — gysganç adam,

Göçgün    adam —  tiz  gyzýan,  gahary  tiz  gelýän adam. 

Gurt    ýaly    adam  — gaty edermen,   batyr adam.

Ownuk  adam — bolgusyz,  jinnekçi, maýdaçyl adam.

Ýag ýaly  adam — mylaýym sözli, ýagşy gylykly adam.

Ýarym   adam — eli, aýagy ýok bolup ýa-da başga bir synasy agyr şikesli bolup, işe doly  ýaramaýan adam.


ADAMAK [a:damak], Bir zady birine niýetläp goýmak,  niýet edip saklamak.


ADAMATA  [a.-damata], Dini düşunjä görä: behişt-den kowlup, ýer ýüzünde ilki peýda bolan adam, ynsan.


ADAMZAT [a:damza:t], Ynsanyýet, adam.

Adamlaryň jemgyýetçilik-zähmet işiniň protsesinde pikirlenmäniň dörändigini we ösýändigini adamzat jemgyýetiniň bütin taryhy görkezýär (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

 Taryh — adamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy hakyndaky ylymdyr (Gadymy dünýä taryhy),


ADAMKÄRLIK [a:damkärlik], ser, A d a m k ä r ç i-lik.


ADAMKÄRLIKLI [a:damkärlikli], ser. Adamkär çilikli.


ADAMKÄRÇILIK  [a.-damkärçilik], Adama mahsus bolan gowy gylyk-häsiýet, ynsançylyk. Kolhozçylar onuň ukyply ussalygy we adamkärçiligi hakynda gowy gürrüň edýärler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Onuň görmekliligi, adamkerçiligi diýseň gaty artykmaçdyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýamany görüp, ondan göz ýummak, adamkärçilikden däldir (M. Ibra-himow, Ol gün geler).


ADAMKÄRÇILIKLI [a:damkärçilikli], Gowy gylyk-häsiýetli, edepli, medeniýetli, mylaýym.

Adamkärçilikli bolsa, onuň ýaşyna ýa-da syratyna garamak näme gerek (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). -Adalatly iş üçin hemşie mert bolmagy adamyň adamkärçilikli sypatlaryndan diýip hasap edýär («Edebiýat»).


ADAMKÄRÇILIKSIZ [a.-damkärçiliksiz], Erbet gylyk-häsiýetli, edepsiz, adamkärçiligi bolmadyk.

Olar daýhanlaryň üstüne ýyrtyjy guşlar ýaly çozupdyrlar, rehimsiz we adamkärçiliksiz bolupdyrlar. (Orta asyrlar taryhy).


ADAMLY [a:damly], Bir näçe adamy bar bolan.

Üç müň adamly kärhana. Baran jaýimyz adamlydy.


ADAMLYK , [a.-damlyk],    1. Adamkärlik, oňat boluşlyk, gowy gylyk-häsiýetlilik.

Ol demirçiniň bolsa  adamlygy bir çen bardy. ( M. Gorkiý, Ene). Hany seniň adamlygyň?  (B. Kerbabaew,   Aýgytly   ädim]!.

2. Bir näçe adamdan ybarat bolan, ençeme adama niýetlenen. Dört adamlyk nahar.


ADAMSÖÝER    [a:damsöýer],    Adamzada   hormat goýýan, adamzat mertebesini belent tutýan, gumanizm häsiýetli.


ADAMSYZ [a:damsyz],  1. Adamy ýok bolan.  Içi adamsyz jaý. 2.  Ärsizlik, başy boş, dul.


ADAMSYZLYK   [a:damsyzlyk],   1. Adam ýokluk. 2.Ärsizlik, başy boşluk, dulluk.


ADAMHOR   [a:damho:r],  Adamzadyň  janyna kast edýän,  ganhor;  halkyň ganyny sorýan, halky rehimsiz ekspluatirleýän.

Olaryň boýunlaryna  gulçulyk zynjyryny dakmak isleýän adamhor jellatlaryň, ýigrenç pygyllary paş edildi    (B. Pürliew).


ADAMHORLYK   [a:damho:rlyk], Adamzadyň janyna kast edijilik, adamhoryň gylyk-häsiýeti, wagşylyk, ganhorlyk.


ADAMÇY [a:damçy],   Adam dişleýän, adam  gapýan, adama erjeşýän  (haýwan).

Ol uly göwresi bilen sandyrady, gözleri adamçy malyňky  ýaly gyzardy (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).    Olaryň adamçy düýeleri bardy.


ADAMÇYLYK [a:damçylyk], ser. Adamkärçilik.

Ol guduzlaryň tohumyny kesmek gerek, olar adamçylyk sypatyny, ýitiripdirler ahyry.(A.Gowşudow,

Mähri—Wepa). Olaryň bir  näçesi öz  okuwçylaryna ylym öwretmekden başga, adamçylyk hem öwredýärler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Adamçylygy ýitirmek — jemgyýetçiligiň  gözünden düşmek, wagşydaşmak.


ADAMSIT, him. Asgyrdýan zäherleýji madda.


ADAMÇYLYKLY      [a:damçylykly], ser. Adamkärçilikli.


ADAT [a:dat], 1.Bir milletiň durmuşyna ornaşan gadymdan gelýän däp-dessur.

Janyňa ýakymly azat howasy, Bizde bolmaz din-adatyň nowasy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Daýhanyň gül ömrün solduran adat '(Mollamurt, Saýlanan eserler). Köne adat sizi pula satardy (Durdy Gylyç, Goşgular).

2. Endik, gylyk-häsiýet. Çünki ol öýde bolan wagty radio diňlemegi bir eýýämden bäri adat edinipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Elli öz adaty boýunça käselere çakyr guýdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Dollar dünýäsiniň şudur adaty («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Inder depesinden güýçli tokmagy, Adat edinipdir çilim ýakmagy (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

3. Hemişeki, öňki. Ýaz adatdakysyndan ir geldi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

* Adat-dan daşary — aýratyn, ýalňyz, çendenaşa bolýan.

Zalda adatdan daşary ümsümlik höküm sürdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ADATLANMAK [a:datlanmak], Bir zady endik etmek, adat edinmek, bir gylygy, häsiýeti werdiş etmek, öwrenişmek.

Ryžik uzak hem köp pikir etmäge adatlanypdy (M. Gorьkiý, Eserler). Onuň bütin durmuşy şoňa adatlanypdy. Pil sapyna adatlanan eller ýarag tutmasyny bilmeýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ADATÇA [a:datça] Düzgün ýa däp boýunça, hemişekisi ýaly.

Stanitsaçy adatça beýik agaja çykyp, duşmana gözegçilik edipdir (SSSR taryhy). Ýawer Ezimi inçemik gara murtuna adatça elini ýetirip ýylgyrdy-da, hiç bir zat aýtmady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ADATÇY [a:datçy]  Köneden gelýän adata, däbe ýugrulan, köne düzgüni tutýan adam. Dinçi, köne adatçy,