GAHAR, Gaty närazylyk netijesinde peýda bolýan gazaply duýgy, gazap. Gahar uçganaklap oň gözleri Gaşlarynyň arasy çytylyp gitdi («Sowet edebiýat»žurnaly). Gaharym gelse öldürer men, Aglama, Öwez aglama! («Görogly» eposy). GAHAR-GAZAP, Örän güýçli gahar. Gurply göwresine kuwwat ýetişip, Gahar-gazap bilen sözledi içgin. (B. Kerbabaew, Aýlar). GAHARJAŇ, Gany gyzgyn, sähelçe zada gahary gelip duran. Bö, jijim, gaharjaň ekeniň! (N. Pomm Taýlak hyzzyn). GAHARJAŇLYK, Gany gyzgynlyk, gaharjaň bolmaklyk. Gaharjaňlyk etmek. GAHARLANDYRMAK, Gaharyny getirmek, gazaplandyrmak. Onuň bütin göwresi özüniň alaçsyzlygyny düşünip, tukat gaharlandyrýan biderek dözmezçili döredýärdi (M. Gorьkiý, Ene). GAHARLANMAK, Gaharyň gelmek, ganyň gyzmak, herrelmek, dazarylmak, gazaplanmak. Saňa, gardaş bu wagt gaharlanmak, ganyňy gyzdyrmak ýaraşmaz. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GAHARLANYŞMAK, Biri-biriňe gaharly söz aýdyşmak, biri-biriňe gahar etmek. Ikisi bir gün gaharlanyşypdyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler)-Bzş minutdan soň, gaharlanyşan adamsyndan ötünç soramaga ol taýýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). GAHARLY, Gahar bilen, gazaply, hyjuwly. Başlyk biraz gaharly dymdy («Sowet edebiýaty» žurýaaly). GAHARLYLYK, Gaharly ýagdaýda bolmaklyk, gazaplylyk. Maral kelpeň Myşşa gaharlylyk nazary bilen garady. GAHAT, Seýrek duş gelýän, gyt. Çarwa Lalip örüler, Tokaýda hem düzlerde Gygyryş-er (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Bu aýdýan patyşaçylykda gahatmy, hemmesini taýýar edip berdiler («Görogly» eposy). GAHATLYK , Gyt we gahat bolmaklyk, gytçylyk. GAHATÇYLYK, ser. G a h a t l y k. GAHRYMAN [gahryma:n], 1. Özüniň başarjaňlygy,edermençiligi bilen gahrymançylyk iş eden adam, gahrymanlyk görkezen adam.Ak altyn ugrunda boldy gahryman, Gahrymanlar mydam Size mähriban (N. Pomma, Goşgular). 2. edeb. Edebi-folьklor eserlerinde esasy hereket ediji adam. Eseriň baş gahrymany. Artyk. «Aýgytly edim» romaninyň gahrymanydyr. 3. Belli bir döwrüň, zamanyň häsiýetli aýratynlyklaryny özünde mahsus eden şahs. GAHRYMANLARÇA [gahryma:nlarça], Gahrymanyň görkezýän edermenligi ýaly, gahrymanlyk bilen. Onuň adamsy gahrymanlarça gurban boldy (N. Pomma, Tanlak hyzzyn). 2. Gahryman adyna eýe bolmaklyk, gahryman bolmaklyk. Ýaşlar işde gahrmanlyk keşbini görkezdiler. GAHRYMANÇYLYK [gahryma:nçylyk], ser. G a h r y m a n l y k. GAHRYMANÇYLYKLY [gahryma:nç«lykly], Gahrymançylyga has bolan, gahrymanlyk bilen, edermençiligli. |