SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GID

GIDERMEK , 1.Elden  bermek,  aldyrmak.Wizantiýa oblastlaryny biri-biriniň yzyndan gidermäge başlap dyr (Orta asyrlar taryhy).

2. Ogurlatmak; ýitirmek.


GIDERMEN, Gitmäge meýilli, gitmäge hyýally, gitmäge göwünjeň. Ol hem şähere gidermen.


GIDIBERMEK, Gitmegiňi dowam etmek, ötägitmek, ugrabermek. Seniň sakgalyň şunça uzyn bolsa-da, akylyň gysga ekeni — diýip gidiberipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


GIDILMEK, Bir ýere barylmak, baryp gelinmek. Onuň yzyndan gidildi. Göwnelse, ondan aňyrrak hem gidiler.


GIDIŞIN [gidişi:n], Gidip barýan wagtyň, gidip barýarkaň, ýüzüň ugruna, ýoluň ugruna. Gidişin biziň öýümize hem degip geçgin!


GIDIŞLIK, Bir ýere köpçülikleýin ugramaklyk, gitmeklik.

<>Gidişlik etmek — oturylan ýerden gaýdyşyp başlamak, dargaşmak, ugramaklyga, gitmeklige müwessa etmek. Öňe gidişlik — öňe tarap bolan progressnw hereket. Dramaturgiýada käbir öňe gidişligiň bolandygy bellendi («Sowet edebiýaty» žurnaly.)


GIDIŞMEK, 1. Iki-ýekeden gidip başlamak, iki-ýeke-den dargaşmak. Adamlar iki-ýekeden gidişip başladylar.

2. Biri bilen bir işde, meselede, gürrüňde galmajak bolup çalyşmak. Ýaryşdaşyndan galmajak bolup gidişmek. Sözde basylmajak bolup gidişmek.


GIDRA, 1. Grek mifologiýasynda: kesilen kelleleriniň deregine täze kelle döreýän köp kelleli ýylan. Aýylganç gidrany öldüripdir (Gadymy dünýä taryhy).

2. Iýmitlenmäge we duýmaga ukyby bolan organly, süýji suwda ýaşaýan jandar.

3. göç. m. Aýylganç haýwan, elhenç jandar, ýylan.


GIDRAWLIK, Gidrawlika degişli. Gidrawlik barlag. Gudrawlik protses. Gidrawlik tormoz.


GIDRA'WLIKA, Suwuklyklaryň deň agramlylygy we hereketi hem-de olaryn praktiki taýdan peýdalanylyşy hakyndaky ylym.


GIDRO..., Goşma sözleriň suwa degişlilikdäki, suw bilen baglanyşyklylykdaky manyny aňladýan ilkinjn bölegi. Gidroelektrostantsiýa. Gidronasos.


GIDROAERODRO'M, Gidrosamoliotlar gonmak üçin suw aerodromy.


GIDROAEROPLA'N, Suwda gonýan we uçýan aeroplan.


GIDROBIOLOGIÝA, Biologiýanyň suwda ýaşaýan organizmleriň ýaşaýşyny öwrenýän bölümi.


GIDROGEO'LOG,  Gidrogeologiýadan  spetsialist.


GIDROGEOLOGIÝA, Geologiýanyň ýerasty suwlaryn emele gelşini, hereketini we häsiýetini öwrenmek bilen meşgullanýan pudagy.


GIDROGRAF, 1. Suw akymynyň çaltlygyny ölçeýän gural. Suwuň akyş çaltlygy gidrograf bilen ölçelýär 2. Gidrografiýa boýunça spetsialist.


GIDROGRAFIK, Gidrografiýa degişli. Gidrografik ekspeditsiýa. Gidrografik işler.


GIDROGRA'FIÝA, Geografiýanyň ýeriň ýüzündäki suwlary öwrenýän bölümi.


GIDRODINAMIK, Gidrodinamika degişli. Gidro dinamik barlaglar.


GIDRODINA'MIKA, Gidromehanikanyň suwuklygy edýän hereketini hem-de suwuklyk we onuň bilen gataşýan jisimleriň otnositel hereketleri wagtynda özara mehaniki täsirini öwrenýän bölümi.


GIDRO'LOG, Gidrologiýadan spetsialist.


GIDROLOGIÝA, Ýer şarynyň suw giňişliklerini, tebigatda suwuň aýlanyş hereketlerini öwrenýän ylym.


GIDROMETEREOLOGIK, Gidrometeorologiýa degişli. Gidrometeorologik gözegçilik.


GIDROMETEOROLOGIÝA, Atmosfera suw aýlanşygyny öwrenýän ylym.


GIDROMETRIK, Gidrometriýa degişli. Gidrometrik abzal.


GIDROMETRIST, Gidrometriýadan spetsialist.


GIDROMETRIÝA, Gidrobiologiýanyň  akýan  suwlaryň tizlik, çuňluk, harçlanyş we ş. m. metodikasyny işläp taýýarlamak   bilen  meşgul   bolýan bölümi.


GIDROPLA'N, ser. Gidrosamoliot. Gidroplan suwa gonýar.


GIDROSAMOLIOT, Suwa gonmak we suwdan uçmak üçin uýgunlaşdyrylan samoliot, suw samolioty.


GIDROSTA'NTSIÝA, ser. Gidroelektrostantsiýa.


GIDROSTATIK, Gidrostatika degişli. Gidrostatik basyş.


GIDROSTATIKA, Suwuklygyň we onuň içine çumdurilen jisimlerii deňagramlylyk ýagdaýyny öwrenýän gidromehanika bölümi. Arhimed ryçag kanunynyň subutnamasyny beripdir, gidrostatikanyň esasy kanunyny açypdyr («Fizika kursy»).


GIDROSULFIT, him. Senagatda boýag işinde ulanylýan himiki duz.


GIDROTERAPI'ÝA, med. Wanna kabul etdirmek we ş. m. arkaly suw bilen kesel bejeriş.


GIDROTE'HNIK, teh. Gidrotehnikadan spetsialist. Ol gidrotehnik bolup işleýär.


GIDROTE'HNIKA, teh. Tehnikanyň suwy bent, kanal we ş. m. desgalar arkaly halk hojalygynda peýdalanmak işi bilen meşgullanýan pudagy.


GIDROTEHNIKI, Gidrotehnika has bolan. Ot  kebelekleri bir ýylyň içinde uly gidrotehniki desganyň gymmatyna barabar zyýan ýetirip biler («Pioner» žurnaly). Gidrotehniki işler depginli alnyp barylýar. Gidrotehniki desgalar.


GIDROTE'HNIKUM, Suw we suw güýçlerini peýdalanmagy öwredýän, suw gurluşygy hakda orta bilim berýän okuw jaýy.

Aşgabadyň gidrotehnikumy her ýylda orta bilimli ençeme gidrotehnikleri taýýarlap ýetişdirýär.


GIDROTURBI'NA, Suw energiýasynyň kömegi bilen aýlanyp hereket edýän dwigatel.


GIDROUZEL, Gidrotehniki desgalaryň jemi (kanallar, gidroelektrostantsiýalar we ş. m. desgalar toplumy).


GIDROELEKTROSTA'NTSIÝA, Suw güýjuniň kömegi bilen elektrik energiýasyny öndürýän elektrik stantsiýasy. Biz täze guralýan güýçli gidroelektrostantsiýanyň ýanynda durduk (B. Pürliew, Ilkinji gün).