IMA
|
||
IMAN [i:ma:n], dini. Musulman dinine bolan ynanç, uýmaklyk, musulman dinini açyk ykrar etmeklik. Sen meniň diriligim, sen meniň imanym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýene dilesem, ahyret göwher imanymy beriň («Görogly» eposy). Ykrary ýoguň imany ýok (nakyl) Arym köýen-den imanym köýsün (nakyl).
IMANLY [i:ma:nly], Musulman dinine ynanýan, uýýan. Meniň imanly gidenim seniň ne gaýgyňa («Görogly eposy). Imanly adam.
IMANSYZ [i:ma;nsyz], Musulman dinine ynanmaýan, uýmaýaň dinsiz. Din üçin aýaga galanyň, Aşyr ýaly imansyzy öldüreniň kesewisi gögerer (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
IMANSYZLYK, [i:ma:nsyzlyk], Musulman dinine inanmazlyk, uýmazlyk, dinsizlik. |