IŞS
|
|||
IŞSIZ [i:şsiz], 1. Kapitalistik jemgyýetde: işi bolmadyk, zähmet hakyndan ýaşaýyş serişdesinden mahrum bolan hiç bir iş etmän ýören. 2. gepl. d. Bikär, keýpine, işi ýok, iş bilen baglanyşyksyz. Işsiz , geler, işleýäniň işini galdyr (nakyl).
IŞSIZLIK [i:şsizlik], 1. Kapitalistik jemgyýet-de: kapitalistik plansyz önümçpliginiň ýagdaýynda işsiz adamlaryň bolmaklygy. SSSR-de işsizlik bir eýýäm ýok edildi («Sowet Türkmenistany» gazeti). 2. Bikärlik, boşluk. Kimler işsizlikden düzzüm oýnaýar-dy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
IŞSIZ-PIŞESIZ [i-şsiz-pi:şesiz], Hiç bir hili işi-pişesi bolmadyk, işsiz, bikär. Bir näçeleri bolsa hiç bir işsiz-pişesiz, ýöne endik edinen adatlary boýunça gezelenje gelýärdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). |