JÄGILDEMEK, Jägildili ses çykarmak, jägildili seslenmek, jäk-jäk edip aglamak. Çaga jädegildäp aglaýardy JÄGILDETMEK, Jägildili seslendirmek, jäk-jäk etdirip aglatmak, JÄGILDEŞMEK, Bilelikde jägildemek, bir näçe bolup jägildemek, jäk-jäk edişip aglaşmak. JÄGILDI, Ýaşajyk çaganyň aglaýan sesi. Birdenkä ýorganyň aşagyndan bir jägildi eşidildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýaşajyk çaganyň jägildi sesi gelýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Täze bolan çaganyň jägildisi. JÄJEK, Döwlen aýna, farfor önümleriniň bölejikleri. Syrçaly owadan jäjekler ýaldyraşýardy (N. Jumaew, Syrly gala). Tamyň içinde käse jäjekleri pytrap ýatyrdy. Gyzym, barly adamlaryň daşi jäjek, içi möjek sözlerine ynanyp, özüňi aldadaýmagyn (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Daşy jäjek, içi möjek, (nakyl). <> j ä j e k çykarmak gyzamyk bilen syrkawlamak, gyzamyk çykarmak. JÄHEK, Geýimits ýa-da başga ş m. zatlaryň gyrasyna gelşik ýa-da pugtalyk üçin edilýän bejergi. Moskwa jähek çekilen baýdaklar bilen bürelgidi («Pioner» žurnaly). Ol goňşusyny jähek çalmak bahanasy bilen öýüne çagyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). <> A g z y jäheksiz ser. A g y z. Agzy jäheksiz adam. JÄHEKLEMEK, Gyrasyna jähek çekmek, jähek tutmak. Meniň köýnegimi gyzyl ýüpek bilen jähekläpdirler. JÄHEKLENMEK, Gyrasyna jähek çekilmek, jähek tutulmak. Jäheklenen don. Jähgklenen köýnek. JÄHEKLETMEK, Jähek etdirmek, jähek tutdurmak. Köýnegiň ýakasyny jähekletmek. JÄHEKLEŞMEK, Jäheklemäge kömekleşmek, jähek çalyşmak. Don jähekleşmek. JÄHENNEM I, ser. D o w z a h. Jaýyň jähennem-dir, eýlegin seýran. Milleti zulmatda galdyran adat (Mollamurt, Saýlanan eserler). Jähenneme giden özüne ýoldaş agtarar (nakyl). <> Jähennem etmek owarra etmek, güm etmek, ýok etmek, ýitirmek. <>Jähenneme gitmek owarra bol, güm bol, nirä gitseň, şoňa git. <>Jähennem bazary ol dünýä. Göýe janalgyç gelip, janymy jähennem bazaryna iberýän ýaly boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyk). Janyny jähenneme ibermek ser. J a n. Duşmanlaryň bir näçesiniň janyny jähenneme iberip, onsoň ölerin.{A. Gowşudow, Eserler). JÄHENNEM II, Näme bolsa şol bolsun, owarram. JÄHET, Nukdaýnazardan, tarapdan, taýdan sebäpli. Beýik Watançylyk urşy döwründäki türkmen çeper edebiýaty özüniň ideýa-mazmuny jähetden ýokary derejede durýar («Türkmen poeziýasynyň antologiýasy»). Patyşalygyň ýeri san jähedinden hemmesinden artykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýazypdyr ol şäher bilen oba hem, Ösüp deňleşmeli her bir jähetden(H. Pomma, Saýlanan eserler). JÄHT: jäht tutmak berk tutmak, güýç goýmak, yhlas etmek, ileri tutmak. Ýowarçylar biri-birlerine möçew berip, kömek işini özleriniňkiden jäht tutýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Haýyr işi jäht tut (nakyl). |